01:22 Çaphanany kim oýlap tapdy? | |
ÇAPHANANY OÝLAP TAPAN IOGANN GUTENBERG DÄLDIR!
Taryhy makalalar
Ekrem Bugra Ekinçi, 15.05.2013-nji ýyl. Köp kişi çaphanany ilkinji oýlap tapan Germaniýaly nemes Iogann Gutenberg diýip hasap edýär. Emma Gutenbergden birnäçe asyr öň hem çaphana bardy we peýdalanylýardy. 1620-nji ýylda Frensis Bekon dünýäde üç möhüm oýlanyp tapylan zadyň çaphana, däri we kompasdygyny aýdýar. Edil kagyzyň bolşy ýaly bu üç zadyň hem asyl watany Aziýadyr hem-de musulman araplaryň, türki milletleriň üsti bilen Ýewropa aralaşypdyr. Çaphana bolmadyk bolanynda, Ýewropa “Renessansynyň” täsiri örän ujypsyz bolardy. Çaphananyň oýlap tapyşlaryň we aň-düşünjäniň ýaýylmagyny aňsatlaşdyryp ylmyň kämilleşmegine hyzmaty uly boldy. Beýleki bir tarapdan milliýetçiligiň we Ýewropa ykdysadyýetiniň ösmeginde hem uly rol oýnady. Gepiň keltesi, çaphana Günbatar medeniýetiniň hüý-häsiýetini doly özgertdi. Şonuň üçin hem çaphanany Iogann Gutenbergiň oýlap tapandygyny öňe sürmek adalatsyzlyk bolar. Aziýalylar asyrlar boýy çaphanany bilýärdiler we ulanýardylar. ♣ Türk önümimi ? Bir ýazgyny, şekili metala ýa-da daş plita tersligine oýup ýazmak arkaly soňra ony tekiz ýere basmak seneti örän gadym döwürlere uzaýar. Çaphanaçylyk hakyky manyda bir ýazgyny hereketli harplar bilen köpeldip basmakdyr. Basma senetine degişli elimizde bar bolan iň gadymy eser biziň eýýamymyzdan öň 2000-nji ýyllara degişlidigi çaklanýar we muňa Krit adasynda tapylan enjamy mysal görkezmek bolar. Krit adasynyň ýaşaýjylary muny gadymy Hititlilerden öwrenipdir. Soňra çaphanaçylyk işine Hytaýlylar has ezberläpdirler. Agaç çaphanaçylyk Hytaýda we Koreýada VI asyrda ulanylýardy. Ýazgylaryň plitalaryň üstüne oýulyp basylmagy usulyna esaslanan plita çap ediş usuly IX asyryň başynda giňden ýaýrapdy. Bize mälim bolan iň gadymy kitap 868-nji ýyla degişlidir we “Sutra Almazy” atly buddistleriň doga-dileg kitabydyr. Şol wagtlar çaphanaçylyk esasan ruhanylaryň elindedi we buddizm dininiň ýaýylmagy üçin amatly serişde hökmünde görülýärdi. Harplary hereketlenýän ilkinji çaphana enjamy uýgurlar tarapyndan kämilleşdirilýär. Şeýle-de mundan ýüz ýyla golaý wagt öň mälim bolan Tun-Huang gowagynda hereketlenýän uýgurlaryň tagta harplary we V-XI asyrlara degişli ýazgylar tapyldy. 1041-nji ýylda Hytaýly bir demirçi bu harplary metaldan ýasapdyr. Hereketli metal çap ediş enjamynyň Gutenbergden ençeme ýyl öň 1403-nji ýylda Koreýada ulanylandygy bize mälim bolan hakykatdyr. Munuň bilen birlikde hereketli çaphana enjamynda basylan hytaý dilindäki kitaplar Hytaýda däl-de, Türkistanda tapylypdyr. Arheolog Gelmut Bossert hereketli çap ediş enjamynyň türki kowumlaryň oýlap tapan enjamydygyny öňe sürýär. Uýgurlar harplary deriniň, hytaý kagyzynyň, ýüpegiň üstüne iki reňkli (gara we gyzyl) edip basýardylar. XIV asyrda Müsürde Mamlýuklar hereketlenýän harply çap ediş enjamy bilen kitap çap edýärdiler. Hem plitaly hem hereketlenýän harply çap ediş enjamy günortadan ýaýylan musulman akymy, demirgazykdan bolsa türk akymlary netijesinde Ýewropa aralaşdy. Ýewropada ilkinji çaphana kitaplary 1423-nji ýylda çykaryldy. Ol kitaplar latyn dilindäki grammatika we halk köpçüligine niýetlenen dini ýazgylar bolupdyr. Hemmesi hem plitaly çap ediş enjamynda, gabaraly tagta galyp usulynda çap edilipdir. Harplary hereketlenýän metal çaphana enjamy ilkinji gezek nemes Iogann Gutenberg tarapyndan ulanylypdyr. Netijede ony halk köpçüligi “çaphanany oýlap tapan gahryman” hökmünde tanap başlapdyr. Gutenbergiň neşir usuly haýaldygy we gymmat düşýändigi üçin 1796-njy ýylda Çehiýaly Alois Senefelder, böleklenip kesilen daş galyplaryň üstüne el bilen basylan ýazgylaryň basyş güýji arkaly kagyza basylmagynyň usulyny oýlap tapypdyr. Bu daşbasma (litografiýa) usulydyr. 1831-nji ýylda daşbasma Osmanly imperiýasynyň çäklerine hem aralaşypdyr we giňden ýaýrapdyr. ♣ Çaphanany oýlap tapan gahryman! Gutenberg Germaniýanyň Mains diýen ýerindendir. Begzada maşgaladan gelip çykan Gutenberg ejesiniň familiýasyny göteripdir. 1434-nj ýylda Strasburga göçüpdir we ol ýerde aýna önümçiligi bilen meşgullanypdyr. Soňra çaphanaçylyk bilen meşgullanýan hususy kärhana gurupdyr. Kärhana batandan soňra 1444-nji ýylda Mains şaherine gaýdyp gelýär. 1448-nji ýylda gurşun-galaýy garyşykly metal harp ýasap, meýhanalarda üzüm ezilýän enjamyň kömegi arkaly kagyza basmak işini ele alypdyr. 1450-nji ýylda Johann Fust atly bir bankir bilen şärikdeşlik gurupdyr. Mekir Fust 1455-nji ýylda ortalyk kärhanany ýatyran bolup, Gutenbergiň elinden çaphana enjamlaryny alypdyr. Gutenbergiň ilkinji çap eden kitaby “42 setirlik Injil” bolupdyr. 1873-nji ýylda ony üç müň dört ýüz sterlinge satylypdyr. Gutenberg soňra Pfister atly şärikdeş tapýar. Günde üç ýüz sahypa çap edip biljek güýçdäki çap enjamyny gurýar. Bärde-de çap edilen “42 setirlik Injil” atly eser bolupdyr. Neşir işi örän gymmat düşýändigi üçin Gutenberg maddy taýdan çökýär we garyplyga düşýär. Muny gören Nassau Duku oňa aýlyk haky belleýär. Gutenberg 1468-nji ýylda göwnüçökgünlik içinde aradan çykýaär. Çaphanany özgerdip tanadan bolsa Fustyň paýyna düşýär. Ol kitaplary arzan bahadan satýar. Mains we Strasburgdan soňra, 1461-1471-nji ýyllar aralygynda Bamberg, Kýoln, Augsburg, Bazel, Nýurnberg şäherlerinde, soňra bolsa Speierde, Ulmda, Lýubekde, Leýpsigde çaphanalar açylýar. Kitabyň sahabyna kimiň çap edendigini görkezýän ýazgy goýmak Kýolnda däp bolup başlansoň, Gutenbergiň haýsy kitaplary çap edendigi bilinmeýär. Çaphanany nemesler 1465-nji ýylda Italiýa, 1470-nji ýylda Fransiýa aralaşdyrýar. Munuň yzysüre 1473-nji ýylda Budapeştde, 1477-nji ýylda Londonda, 1479-njy ýylda Wenada we Pragada, 1504-nji ýylda Edinburgda, 1550-nji ýylda Dublinde, 1639-njy ýylda Amerikada şeýle çaphanalar gurulýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||