15:06 Çeper eserlerden meşhur ilkinji setirler | |
ÇEPER ESERLERDEN MEŞHUR ILKINJI SETIRLER
Edebi makalalar
1. Elinde gowy baýlygy bolan bir sallahyñ özüne gowy aýal gözlemelidigi hemmeleriñ ykrar eden hakykatydyr. - Jeýn Ostin "Buýsanç we tekepbirlik" 2. Şol wagt - döwürleriñ iñ gowusydy. Şol wagt - döwürleriñ iñ erbedidi. - Çarlz Dikkenz "Iki şäheriñ bir hekaýaty" 3. Bagtly maşgalalaryñ hemmesi birmeñzeş, her bir bagtsyz maşgala özboluşly bagtsyz. - Lew Tolstoy "Anna Karenina" 4. Ýanmagyñ özi bir lezzetdi. - Rey Bredberi "451 dereje Fahrenheit" 5. Ilkibaşda Älem ýaradyldy. Bu köp adamlaryñ gaharyny getirdi we ýalñyş hereket hasaplandy. - Duglas Adams "Älemiñ soñundaky restoran" 6. Apreliñ ýagty, sowuk bir günüdi. Sagatlar 13-i görkezýärdi. - Jorj Orwel "1984" 7. Maña Işmail diýiñ. - German Melwil "Moby Dick" 8. Şu gün ejem ölüpdir. Ýa-da düýn, anyk bilemok. - Alber Kamyu "Saýry" 9. Şularyñ hemmesi boldy, azda-kände. - Kurt Wonnegut. "Gassaphana 5" Internet maglumatlaryndan toplanyp tayyarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |