21:25 Çeper terjimäniň ussady | |
ÇEPER TERJIMÄNIŇ USSADY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başlarynda edebi-çeper kitaplar, terjime edilen kitaplar yzly-yzyna neşir edilýärdi. Biz çeper edebiýatyň aşyklary olary dannaman, bir ýanyndan uly nebsewürlik bilen okaýardyk. Mekdep kitaphanasyndan ýa-da satyn alyp okan şol kitaplarymyň arasynda Aleksandr Fadeýewiň «Ýaş gwardiýa» diýen galyň kitaby-romany, Mihail Şolohowyň iki kitapdan ybarat «Göterilen tarp» romany, Anton Çehowyň hekaýalary bardy. Has soňrak bolsa dünýä edebiýatynyň merjeni bolan «Müň bir gije» diýen ertekileriň galyň bir tomlugy türkmençe neşir edildi. O wagtlar biz kitabyň mazmunyna gyzygyp, ol eserleri kimiň türkmençä geçireni hakda kän oýlanybam durmandyk. Soň görüp otursak, edil türkmen dilinde ýazylan ýaly diýdirýän, dilimiziň baý mirasyndan peýdalanyp edilen bu terjimeleriň terjimeçisi Bäşim Ataýew eken. Bäşim Ataýew 1913-nji ýylda Bäherden (Baharly) etrabynyň Durun obasynda dogulýar. Garyp daýhan maşgalasynda doglan, gelejekki ussat terjimeçi ilki obadaky mollada başlangyç bilim alýar. Soň maşgala ýagdaýy sebäpli 1926-30-njy ýyllarda çagalar öýünde terbiýelenýär, täze döwrüň bilimini alýar. Soň ol Gyzylarbatda (Serdarda), FZU-da okap, hünär edinýär. Ol köp ýyllar «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda kyssa bölüminde işleýär. Şol ýerde hem onuň terjimeçilik işi başlanýar. Žurnalyň baş redaktory D.Haldurdy (Haldurdy Durdyýew) örän talapkär redaktor hem ökde terjimeçi bolansoň, Bäşim Ataýewe iň kyn we jogapkärli terjimeleri ynanýar. Ol döwürde terjimäni asyl nusga bilen deňeşdirip, terjimäniň takyk bolmagy üçin talap güýçli bolupdyr. Däde Halyň (redaktoryň) iş otagyndan galyň papkalary goltuklap, D.Haldurdynyň eden belliklerini düzetmek üçin yzyna äkidip barýan B.Ataýewiň: «Däde Hal meni eşek ýaly işledýär» diýip, hüňürdänini eşiden ýazyjylar kän. Elbetde, bu zatlar terjimäniň kämil bolmagy üçin edilensoň, özi hem ussat terjimeçi bolan Däde Haldan hiç kim gaty görmeýär eken. Şol döwürde žurnalda Bäşim aga bilen bile işleýän, ajaýyp şahyr Pomma Nurberdiýewiň Bäşim aga bagyşlap ýazan epigrammasy (ýoldaşlyk degişmesi) ýazyjylaryň arasynda henizem dilden aýdylyp ýör. Ýetenok diýp harjyma, Bäşim edýär terjime. Oň deregne işlemek, Girenok meň borjuma. Bu epigramma Pomma Nurberdiýewiň «Egri eýikmez» diýen bir tomluk kitabynda hem ýerleşdirilipdir. Men Bäşim agany birki gezek daşyndan görenem bolsam, onuň bilen içgin tanyş däldim. Ýöne meniň daýym, Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, belli terjimeçi Gurbanmyrat Eýemberdiýewi göreni, tanany, bile işleşeni üçin bu ajaýyp adamy daşyndan sylaýardym, hormat goýýardym. Bäşim aga bilen baglanyşykly ýene-de bir waka ýadyma däşýär. Men ol döwürde «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor bolup işleýärdim. Bu geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň aýaklarydy. Neşirýatyň çeper edebiýat we terjime bölümine ýazyjy Rejep Allanazarow müdirlik edýärdi. Ol Bäşim aganyň terjimesinde «Göterilen tarp» romanyndan tutuş bölekleri ýat bilýärdi. Ol onuň terjimelerini gaýtalap-gaýtalap okan eken. Şol döwürde neşirýata Akmyrat Hommadow diýen bir sypaýy, gowy adam direktor bolup geçdi. Şonda Rejep aga: — Atamyrat, sen «Müň bir gijäň» terjimesini okadyňmy? — diýip sorady. Men ony iki-üç gezek dagy okanymy aýtdym. Onda ol: — Bäşim aga güýçli terjimeçi. Ol şu günler garrapdyr, özem ýeter-ýetmez güzeranda ýaşaýar. Men-ä Akmyrada «Müň bir gijäni» gaýtadan neşir edeli diýjek, hem neşirýata girdeji bolar, hem Bäşim agany goldadygymyz bolar» diýdi. Bölüm müdiriň bu pikiri direktor tarapyndan oňlandy we «Müň bir gije» gaýtadan uly möçberde neşir edildi. Bu kitap häzir «Eliň çyraly gözleseňem tapdyranok» diýilýän kitaba öwrüldi. Ýazyjylaryň arasynda onuň ýörgünli lakamy Wartan Nikolaýewiçdi. Eşiden gürrüňlerimden ýadymda galyşyna görä ýatlasam: «Wartan Nikolaýewiç bir köne söz üçin köneje «Moskwiç» maşynyny münüp, Aşgabadyň etegindäki obalara, gürrüňçil ýaşulularyň ýanyna gitmäge- de ýaltanmazdy» diýerdiler. Ýene-de Bäşim aganyň kyn hem çylşyrymly, azaply ömründen bir pursat. Bäşim Ataýew SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzasydy. Ol bir sebap bilen 1973-nji ýylda bu guramanyň agzalygyndan çykarylypdyr. Men 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň birinji sekretarlygyna saýlandym. Işläp başlanymdan soň, Ýazyjylar birleşiginde saklanýan ýazyjylaryň resminamalaryna birme-bir seredip çykdym we käbir unudylan agzalaryň hem bardygyny ýüze çykardym. Hatda uruşda wepat bolan, öz daýym Gurbanmyrat Eýemberdiýew hem bu guramanyň agzasy eken. Şondan soň 1992-nji ýylda ýörite ýygnak çagyrylyp, Bäşim agany aradan çykandan soň hem bolsa, Ýazyjylar birleşigine agzalyga dikeltmek hakda mesele goýuldy. Şeýlelikde, bu mesele oňyn çözüldi we ussat terjimeçi Bäşim Ataýewiň hatyrasy tutulyp, abraýy dikeldildi. Hawa, türkmen edebiýatynyň, terjimeçilik sungatynyň ösmegine uly goşant goşan bu adamyň hatyrasy tutulmaga doly mynasyp. Bäşim aga ýaly terjimeçilik sungatynyň mekdebini döreden adamlar başga-da kän. Indi şol mekdebi gaýtadan dikeltmäge, terjime işini janlandyrmaga uly mümkinçilik döredi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goldawy bilen ýurdumyzda «Dünýä edebiýaty» atly žurnal döredildi. Bu edebi neşir okyjylary dünýäniň beýik eserleri bilen tanyşdyrmakda uly işler bitirer diýip tama edýäris. Ol täze-täze ýaş terjimeçileriň ýetişmegine-de ýardam eder. Sebäbi olara nusgalyk hökmünde Bäşim Ataýew ýaly ussat terjimeçileriň mekdebi bar. Atamyrat Atabaýew Türkmenistanyň halk ýazyjysy "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |