14:04 Gaýgysyz Atabaýewiň ýadygärligine | |
GAÝGYSYZ ATABAÝEWIŇ ÝADYGÄRLIGINE
Goşgular
Iliň aladasy, il üçin dörän Goç ýigidi rahat ýatyryp bilmez. Olar bakylyga gidenden soňam Topragy arkaýyn ýapynyp bilmez. Aram-aram il oglunyň täzeden Gaýtalanyp gelmesi bar zemine. Aýry-aýry ýaman adamlar üçin, Olar kine edip ýörenok ile. Çünki il özüni has ulaltmagy, Beýgeltmegi çyn ogluna ynanýar. Şol ogullaň başy beýgeldik saýy, Il öň beýik, Ýöne hasam beýgelýär. Ilki ogul öz iline eýgerýär, Soň bütin il öz ogluna eýgerýär, Il ogluny, Ogul ilin eý görýär. ...Agşam ýagan salkyn ýagyşdan soňra Säher görünenok dumandan ýaňa. Dumana dolanyp görnenok şäher. Daglar howalanyp görnenok daşdan Serpip ak hasa dek argyn dumany Oň içinden çykýar ýuwaş-ýuwaşdan: Atabaýew Gaýgysyz Serdarowiç! Köçeler ýagtylýar, Ýagtylýar şäher. Ýyrtylýar dumanyň symgylt perdesi. Lowurdaýar ak säheriň ýaňagy, Ahmal ak bulutlaň gökde ýanary. Daglaryň ýalazy çal gaýalary, Juda howalanyp görünýär daşdan. Gün zeminden çykýar ýuwaş-ýuwaşdan. Ýaran bolup ýagşylyga, şatlyga, Basyp depesinden baky şumlugyň, Her säherde Gün täzeden dogulýar, Galkýar syryp perdesini tümlügiň! Bu hadysa Ýer döräli bäri bar. Beýikleriň gaýtalanmak däbi bar! Atamyrat ATABAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||