11:55 Duzly ballada | |
DUZLY BALLADA
Goşgular
![]() Diýdik: "Tebigaty boýun egdirdik!" Ýazdyk: "Tebigatdan adamlar üstün". ...Üç awçy Bathyza barýardy awa, Ok-ýaragy azyk-suwlugy üpjün. Nilden uçup çykan ot ýaly güllä Gondurdy bir uçup barýan jereni. Ot ýakdylar, ýöne duz galan eken, Indi bäri getirmeseň Jebeli. Alaç ýokdy, eger duzsuz bişirseň, Agza ýarar ýaly boljak däl şara. Jereniň gözünde arman, böwründe Döwüň penjesi deý şar gara ýara. Ýada düşdi birden Ýeroýlanduz, Duzly jar - bathyzyň orta arasy. Üç awçy üç ýerden şol ýere depdi, Pudarlandy boz jereniň balasy. Duzly ýerde ot ýakynyp üç awçy, Et bişirip, duzly ýere çökdüler. Şara bilen arak uran kişiler Meý mestdiler, sermestdiler, kökdüler. Uky bürdi, tüpeňlerin ýassanyp, Gyşardy üç awçy duzuň üstünde. Bir-biriniň ýumşak ýerne ýaplanyp, Üçüsi-de uka gitdi dessine. Bilýänler-ä bilýär, bilmeýänlere Şu ýerde bir zady ýatlatmak gerek. Nakyl bardyr: "Duza gaçan duz bolar" Öz köne kadasyn bozmady pelek. Gözlänler üç tümmek duzuň ýanyndan Peşeňe dakylan gazet ýyrtygyn tapyp tanadylar üç tümme duzy, Ýitenlerne bolan eken alty gün. Ony aýan etdi gazetdäki san Hem oň mowzuglary bölýärdi ünsün. Oka: "Tebigaty boýun egdirýäs!" Ýene: "Tebigatdan adamlar üstün!" * * * Men wagty setire geçirýän her gün, Tygşytlajak bolýan akýan wagty men. Berjek bolýan gysga ömre köp many, Özgeleň dünýäde ykýan wagty men. Wagty saklap bilmez özünden özge, Kylnan işde onuň mähri galandyr. Wagt - bakylykdyr işlenen ömre, Işlenmedik ömre bolsa - talaňdyr. Atamyrat ATABAÝEW. "Türkmenistan" gazeti, 1992 ý. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |