23:16 Dünýämiziň hereketi bilimdir | |
DÜNÝÄMIZIÑ BEREKETI BILIMDIR
Goşgular
Öñ bir zaman gündiz eli çyraly Köçe bilen baryar eken bir adam Öñünden bir kisi çykyp diýenmiş: "Seniñ bolup ýörşiň nähilow adam?" Sen näme gözleýäň diýip soranda: "Men adam gözleýän" diýenmiş garry Biz nä adam dälmi ötegçi O niçik adamyşyn bizlerden gaýry Meniň agtarýanym bilimdir adam Bilimsiz kişiler tümlikden barýan Ýolagçydyr meniň bilen çaknaşyp, Keýpimi, köňlümi kylmasyn weýran diýip, Diýip, şu çyrany aldym men ele Bilimsiz batyldyr gündizlikde-de Olar diňe dagda-düzde büdremän Büdräp ýörer, ine, şu düzlükde-de. Diyip, öz yoluna yöräberipdir, Añk bolup galypdyr soranjañ kişi Ahmyr bilen başyn yaykap durupdyr Göyä ki bar yaly agyr etmişi.. Bilimdir köñülleñ röwşen çyragy, Bilim barka-yagty yollar biziñdir. Bilimli saygarar garany, agy, Dünyämiziñ hereketi bilimdir. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |