06:18 Bagt bilen gapydan gir! | |
BAGT BILEN GAPYDAN GIR!
Goşgular
Ýagşylygmy ýany bilen äkitdi, Äkitdi bar bolsa eden etmişim. Diňe ýatlamalar galdyryp gitdi, Elden giden müň dokuz ýüz ýetmişim. Ýetmişim, sen indi geçmişim bolduň, Ýyllaň ýekeje ýyl ömri bar eken. Sen ömrüme ömür bolup goşuldyň, Bildim, adam ýyllardan has baý eken. Pikirden maňlaýda döredi gasyn, Beýnide bir öýjük köpeldi sende. Durmuşyň ýyl-ýyldan artýar bahasy, Her gezek ýyl bizi taşlap gidende. Ýyllaryň yzyndan täze ýyl geler, Berjaý bolar tebigatyň permany. Belki-de, täze ýyl armansyz bolar, Eger köne ýyllar goýsa armany. Ýöne, ýetmişimde galmady arman, Ýyldan ýyla güle beslenýär ülkäm. Şu ýyl "ak altyndan" ýasalan harman, Ak başly daglardan beýikdir, belkem. Durşuna beslenip şana-şöhrata, Şöhratly ýyllardan saýlanan ýyl bu. Diňe ýurdumda däl, bütin dünýäde, Leniniň, ýüz ýaşy toýlanan ýyl bu. Ýanwar. Daşarda gar. Torgaýlap ýagýar, Ap-akja gundagda gelýär täze ýyl. Serediň, gar ýagýar, Howa-da maýyl. Diýmek, ýylyň, ýüreginde mähir bar, Mähir bolsa, ýürek ýürege ýakyn. Men bilýän. Men bilýän, bu mylaýym gar, Ýagýar, dünýäň ýüzün agartmak üçin. Goý, bütin durkuna ak geýsin daglar, Goý, bütin durkuna ak geýsin zemin. Goý, bütin durkuna ak geýsin baglar, Bahar ak gül bolup açylmak üçin. Asyrda ýene bir şanly ýyl galdy, Asyr öwezine täze ýyl getir. Täze ýylam bolsun şöhratly-şanly, Bagt bilen gapydan gir, Ýetmiş bir! Atamyrat ATABAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1971 ý. (Surat Allaýar Çüriýewiň şahsy arhiwinden alyndy.) | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||