15:04 Öýlenýän ýigide | |
ÖÝLENÝÄN ÝIGIDE
Goşgular
Söýgi dünýäň ýaraşygy, söýgi dünýäň gelşigidir, Dünýäni söýüp ýaşamak başdan saňa kada bolsun. Unutmagyn bahar-ýazyň owsun atyp gelşinide, Bir gözüň sährada, düzde, bir gözüňem bagda bolsun. Ýatdan salma ýaşyl ýazda gyzyl gülleň açylşyny, Göwni mydam ýaz kişiden gaýgy-gussaň gaçyşyny. Bizi beren tebigatyň bizi dertden açyşyny, Bir gözüň derýa-deňizde, bir gözüňem dagda bolsun. Söý, gözelleň gözelini, mähri bolsa, doýma ýokdur, Bir gezek elde göterseň, soňra goldan goýma ýokdur. Dünýäň durky bir ýar bilen gülüşmek hem oýnamakdyr, Diliňde ýagşy söz, hoş söz hem eliňde bada bolsun. Emlägi hiç egsilmezmiş özi däl-de, köňli baýyň, Kem etmegin saz-söhbetiň, gülki-henek,oýun-bazyň, Ili ýygnap,tutaňda toý, eçilgin sen elde baryň, Tapanyňy ortada goý, ýakyna ýa ýada bolsun. Toý toý bolar, her kim geler, ýaman gelsin, ýagşy gelsin, Dost-ýardan öň, hossardan öň, kyýamatlyk goňşy gelsin. Aýdym-sazyň kem gelmesin, hoş owazly bagşy gelsin, Toýa gelen mähelläniň bir gulagy sazda bolsun. Bir toý tutup başlan bolsaň, indi toýuň gürär barar, Arabaňy ýola salsaň, haýal-u-tiz ýörär barar, Dünýäniň dowamy çaga öz-özüňden dörär barar, Bir eliň arlykda bolsa, bir eliň bal, ýagda bolsun. Sözi sözden seçip, şahyr, ile goýgun iň şirinni, Sözüň ile ýetmän galar oňarmasaň gelşirimni, Ýüp deý işip, düwüp, towlap, berk salgyn sen çilşirimni, Pikirleriň çylşyrymly, setirleriň sada bolsun! | |
|
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ýaraşmaz / Goşgular - 01.12.2024 |
√ Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ "Göwnüňiz çökdümi eselersiňiz..." / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |