20:26 Çerkes gyrgynçylygy | |
ÇERKES GYRGYNÇYLYGY
Publisistika
1864-nji ýylyñ 21-nji maýynda bolup geçen çerkes gyrgynçylygyna şu ýyl 155 ýyl geçdi. Çerkes gyrgynçylygy näme üçin boldy? Kimler we näme sebäpli bu gyrgynçylygy amala aşyrdylar? Aşakda, bu barada taryhy maglumatlary okap bilersiñiz. ■ Çerkes gyrgynçylygy Çerkes gyrgynçylygy ýa-da çerkes bosguny XIX asyrda, hususanam 1864-nji ýyldan soñ adygeýler we abhazlar başlyklaýyn Demirgazyk Kawkaz halklarynyñ Osmanly türkmen döwletiniñ çäklerini mejbury göçhä-göçlüklerine sebäp boldy. Bu hasratly wakalar netijesinde bir milliondan gowrak adam Osmanly döwletine sygyndy. Abhaziýada her ýylyñ 21-nji maý gününi bu sürgüni ýatlamak maksady bilen "Matam güni" diýip yglan edildi. ■ Çerkes gyrgynçylygy näme üçin bolup geçdi? Üç asyrlap dowam eden Kawkaz-Rus uruşlarynyñ soñlanmagy Demirgazyk Kawkaz halklarynyñ ata watany terk edip ýat ýurtlara göç etmeginiñ we sürgün edilmekleriniñ başlangyjy boldy. Mundan soñ çerkesler dünýäniñ dürli ýurtlaryna göçüp gitdi. Sürgün edilenlerinde müñlerçe adam wepat boldy, diri galanlar sürgün edilen ýerlerindäki ýokanç kesellerdir açlyk belasy, ýoksullyk ýaly kynçylyklar bilen başa-baş galdylar. Sürgün ýolunda çekilen kynçylyklar, ýolda heläk bolanlaryñ gözgyny ýagdaýy barada häzirki Türkiýäniñ Trabzon şäherindäki rus konsullygynda göç ýagdaýyna gözegçilik edýän general Katraçýewe ýazylan habarnamada şeýle diýilýär: "Türkiýä gitmek üçin Batumä 70 müñ çerkes geldi. Bulardan ortaça alanda her gün ýedi adam ölýär. Trabzona çykarylan 24 müñ 700 adamdan häzire çenli 19 müñ adam öldi. Häzir şol ýerdäki 63 müñ 900 adamdan her gün 180-250 adam ölýär. Samsunyñ etegindäki 110 müñ adamdan ortaça alanda her gün 200 adam jan berýär. Trabzona, Warna we Stambula äkidilen 4 müñ 650 adamdanam her gün 40-60 adamyñ ölýändigini eşitdim". Ynha, şular ýaly yzly-yzyna sürünip gelýän muşakgatlaryñ we bela-beterleriñ urgusynyñ astynda enter-pelegi çöwrülen gahryman halkyñ ölmän galan bedibagtlary Dobruja, Bolgariýa, Serbiýa, Albaniýa, Siriýa, Yrak ýaly öñem hemişe diýen ýaly howp-hatara ýakyn ýurtlara ýerleşdirildi. Çerkesleriñ başyna inen belalaryñ iñ ulusy hasaplanýan çerkes sürgüninde (Henze, 1864: 247) bigünä halkyñ gany sil bolup akdy. Gämä münmek üçin aç-zelil halda ýagyş-ýagmyryñ astynda ölüm halynda urunýan biçäreler porta ýakynlaşan gämä topbak-topbak bolup alñasap münýärdiler. Gämiler köp pul aljak bolup alybilen ýolagçysyny alýardylar. Şonuñ üçin ýol aşmanka gark bolan gämilere köp duş gelinýärdi. 1864-nji ýylyñ maýynda Trabzondaky rus konsulynyñ habar bermegine görä 30 mün adam açlykdan we keselden öldi. Gämide barýarka kimde kesel bardygy bilinse, şol adam dessine deñize zyñylypdyr. Çerkes gyrgynçylygy 2011-nji ýylyñ 20-nji maýynda Gruziýanyñ parlamentinde biragyzdan kabul edilen karar esasynda Griziýa tarapyndan ykrar edildi. Şeýlelikde, çerkes gyrgynçylygy garaşsyz döwlet tarapyndan resmi taýdan halkara jemgyýetçiligiñ üns merkezine alyndy. 13-nji maýdan 25-nji maýa çenli (Kaffed çerkes gyrgynçylygyny ýatlama güni 25-nji maýda Samsunda geçirildi) çerkes aktiwistler tarapyndan köpçülikleýin amala aşyryldy. Antalýa-Burdur-Afýon-Eskişehir-Ankara-Bolu-Düzje-Sakarýa-Izmit-Stambul-Izmit-Sakarýa-Düzje-Bolu-Çankyry-Çorum we Samsun marşrutynda otoskop çeken iki topar bu taryhy gyrgynçylygy münen her awtoulagynda we awtobuslarynda adamlara gürrüñ berdiler. 13-nji maýda Janberk, Kadyr, Gizem, Gökhan dagylaryñ hereketi bilen başlan proses dowamlylyk döredip, 3-nji oktýabrda başlan we Türkiýäniñ Ýokary Halk mejlisine (TBMM) "gyrgynçylygy ykrar ediñ" terzinde ýüzlenmäni orta atdy. Köpçülikleýin çykyşlaryñ gerimi barha giñäp, öz içinde birnäçe toparlara bölündi we ilkinji bolup Antalýada açylan stantdan soñ Sakarýada üç günlük we bäş günlük, jemi sekiz gün dowam eden "Çerkes gyrgynçylygy ykrar edilsin" stantlary açyldy. Has soñra Stambulyñ Ýewropa yklymyndaky böleginde Galatasaraý gimnaziýasynyñ öñünde we Stambiluñ Anadoly böleginde Kadyköý-Bahariýe köçesinde stantlar (şygarlar) açylyp, "gol" toplandy. Dowam eden hereketler Soçi Olimpiadasynyñ täsiri bilen hasam janlanyşa geçen çerkes aktiwizmine täze sepgitleri gazandyrýar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |