11:39 Fahretdin Paşa | |
Çöl gaplañy:
Taryhy şahslar
▶ FAHRETDIN PAŞA Fahretdin Paşa, türk harby işgäri we diplomat, general-leýtenant. Omar Fahretdin Türkkan 1868-nji ýylda Rusçukda dünýä inýär. Fahretdin Paşa Birinji Jahan urşunda Şerif Hüseýiniñ çykaran pitnesinde agyr şertleriñ astynda iki ýyl ýedi aýlap Medinäni iñlis we wahhaby birliklerine garşy gahrymanlarça gorandygy bilen giñden tanalýar. "Medine Gahrymany", "Türk gaplañy", "Çöl gaplañy" lakamlary bilen ýatlanylýar. Ýaşlygynda maşgalasy Stambula göçýär. Harby mekdebi tamamlaýar. "Erkany Harbiýe" mekdebini hem okandan soñra 1891-nji ýylda ýüzbaşy harby derejesinde işe başlaýar. Balkan uruşlarynda Çatalja goragyna we Edirnäniñ gaýdyp alynmagyna gatnaşýar. Birinji Jahan urşy başlanda 4-nji goşunyñ 12-nji goşun bölüminiñ serkerdesi bolup Mosulda işläp ýördi. 1915-nji ýylda 4-nji goşunyñ serkerdesiniñ wekili wezipesine bellenýär. Bu ýerdekä mejbury göç etdirilýän ermenileri ýerleşdirmäge gatnaşdy. Şol bir wagtyñ özünde Urfa, Zeýtun, Musadagy, Hajyn ýaly ýerlerde ýüze çykan ermeni pitnelerini basyp ýatyrdy. 1916-njy ýylda 4-nji goşunyñ serkerdesi Jemal Paşa tarapyndan Medine garnizonynyñ başlygy wezipesine bellendi. Iñlisleriñ hemaýatkärliginde baş galdyran Şerif Hüseýine garşy çäkli mümkinçiliklerine garamazdan Medinäni gahrymanlarça goramagy onuñ adyny yslam taryhyna altyn harplar bilen ýazdyrdy. Medine wahhabylaryñ eline geçenden soñra iñlisler tarapyndan ilki 27.01.1919-njy ýylda Müsüre, soñra 05.08.1919-njy ýylda Malta sürgün edilýär. Sürgün wagtynda söweş günäkärlerini derñemek üçin imperialistik döwletler tarapyndan Stambulda gurulan harby tribunalda ölüm jezasyny bermek barada karar çykarylýar. Emma Ankara hökümetiniñ tagallasy bilen 08.04.1921-nji ýylda Maltadan gaçyrylyp halas edilýär. 1921-nji ýylyñ sentýabrynda Türk Azat edijilik hereketine gatnaşmak üçin Ankara gelýär. Baş serkerde Gazy Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan oña Günorta frontda fransuz goşunlaryna garşy göreşýän türk birlikerini jemlemek wezipesi ynanylýar. Uruş ýeñiş bilen tamamlanandan soñra 09.11.1921-nji ýylda Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisi tarapyndan Türkiýäniñ Owganystandaky baş ilçisi wezipesine bellenýär. Ol bu wezipede türk-owgan dostlukly gatnaşyklaryñ ilerlemegi üçin möhüm işler bitirýär. 1936-njy ýylda general-leýtenant harby derejesi bilen goşundan otstawka çykýar. 22.11.1948-nji ýylda otluda barýarka Eskişehiriñ golaýlarynda ýüregagyrysy tutup aradan çykýar. Özüniñ wesýeti boýunça "Aşiýan" gonamçylygynda jaýlanýar. ■ MEDINE GORAGY Şerif Hüseýiniñ 1916-njy ýylda iñlisleriñ goldawy bilen pitne turuzyp Medinä hüjüm etmegi bilen iki ýyl ýedi aý dowam edýär. Gorag Mondros şertnamasynyñ baglaşylmagy bilen Patyşa Wahdetdiniñ goragy dowam etdirmek pikirinde bolan Fahretdin Paşany mejbury razy etmegi netijesinde bes edilýär. Medine garnizony şertnama görä yarag taşlan iñ soñky Osmanly garnizony boldy we şondan soñra Medinede wahhaby agalygy başlady. Çaknyşyklar sebäpli, Medine halkynyñ köp bölegi göç etmäge mejbur boldy. Gabawyñ soñunda garnizon serkerdesi Fahretdin Paşa tussag edilip sürgüne ugradyldy. Merkezi hökümetden örän uzakda bolan garnizon harby we beýleki zerur serişdeleri Hyjaz demir ýoly arkaly üpjün edýärdi. Şerif Hüseýiniñ pitnesine çenli bu demir ýol howpsuz ýagdaýdady. Soltan Abdylhamyt II döwründe Stambulda göz tussagy edilip saklanan Şerif Hüseýin 2-nji Meşrutyýetiñ yglan edilmegi bilen "Ittihat we Terakky" partiýasynyñ häkimiýete gelen adamlarynyñ karary bilen Mekge şerifligine bellenýär. 1916-njy ýylyñ iýunynda "Ittihat we Terakky" partiýasynyñ türkçülik ideasyny öñe süren Şerif Hüseýin baş galdyrýar. Pitnede Angliýanyñ köp ýyllardan bäri Arap ýarymadasynda jansyzlyk hereketlerinde ulanyp ýören içalysy Tomas Eduard Laurens aýgytlaýjy rol oýnaýar. Baý nebit ýataklary sebäpli Arap ýarymadasynyñ ähmiýetine oñat düşünýän Angliýa Osmanly goşunyny böleklemek üçin bu pitnäniñ meýilnamasyny hut özleri işläp düzdiler. Gabawdan az salym öñ pitneçileriñ Medinäniñ içine hüjüm etjegini duýan Fahretdin Paşa şäherde Pygamberimizden (s.a.w) galan mukaddes amanatlary (aýak yzy we ş.m) gizlinlik bilen Stambula ugradýar. Iñlislerden hemmetaraplaýyn ýardam alan wahhaby militanlary Jiddäni, Mekgäni, Taifi, Ýanbuny, Akabeni ele geçirip Medinäniñ merkezi hökümet bilen baglanyşygyny kesdiler. Yzyndanam Medinä hüjüm etdiler. Pitneçiler Osmanly goşuny tarapyndan yza serpikdirildi. Bu masgaraçylykly ýeñlişlerinden soñra wahhaby pitneçiler gaýdyp meýdan söweşine girmäge milt edip bilmediler. Hususanam Medinäniñ merkezi hökümet bilen aragatnaşygynyñ düýpli kesilmegi we pitneçileriñ sabotaž hereketleri, gerilla hüjümleri sebäpli şäherdäki Osmanly garnizony şäherden daşyna hiç hili hereket etmedi. Pitne döwründe şäheriñ arap ilaty pitneçilere hiç hili goldaw bermedi. Şeýlelikde gabaw döwründe pitneçileriñ Osmanly garnizonyna hüjüm eder ýaly ýeterlik adam güýji bolmady. Iñlisler hem öz bähbitlerine eýerip Hyjaza goşun salmak islemeýärdi. Beýleki bir tarapdan bolsa Birinji Jahan urşunyñ Osmanly döwletiniñ zeleline dowam edýändigi üçin türkleriñ Hyjaza harby operasiýa geçirmek mümkinçiligi ýokdy. Bu agyr şertler her iki tarapy hem baş alyp çykmaz ýaly ýagdaýa sokýardy. Ýagdaý şäheri goraýan Osmanly garnizony üçin hasam agyrlaşýardy. Şol wagt Palestina frontundan şum habarlar gelmäge başlady. 07.11.1917-nji ýylda Gazze, 26.12.1917-nji ýylda Ierusalim elden gitdi. Yzyndan 21.09.1918-nji ýylda Nablus söweşinde Sina we Palestina frontlaryny emele getirýän 4-nji, 7-nji, 8-nji goşunlar dagady. Şeýdibem Palestina fronty bütinleý çökdi we Medine garnizonynyñ Osmanly goşunlary bilen aragatnaşyk gurmak mümkinçiligi doly kesildi. Ýerli ýaşaýjylaryñ ölmeginiñ öñüni almak we goragy añsatlaşdyrmak üçin şäheriñ ilatynyñ bir bölegi şäherden daşyna çykypdy. Gabawdan öñ garnizonyñ atiýaçlyklaryny üpjün etmek üçin kömek soralanda, kynçylyklar bahana edilip olara hiç hili kömek gelmedi. Gabawyñ ilkinji aýlary garnizonyñ esgerleri agyr kynçylyklary başdan geçirdiler. Hususanam azyk önümleri we derman serişdeleri ýetmezçilik etdi. Garnizon boýun egen wagtynda olar diñe hurma we guradylan çekirtge iýip oñýardylar. Emma bütin bu kynçylyklara garamazdan garnizon serkerdesi Fahretdin Paşanyñ musulmanlaryñ mukaddes şäheri Medinäni iñlis basybalyjylaryna we olaryñ oýnatgylary wahhabylara bermek niýeti ýokdy. 1918-nji ýylyñ sentýbrynda Angliýa Korollygynyñ Müsürdäki komissary Edmund Allenby Fahretdin Paşany boýun egmäge razy etmek üçin ýazan hatynda şeýle diýýärdi: "Siz Medinäni uzak wagtlap goramak bilen bir türk watansöýüji esgeri hökmünde hökümdaryñyz, ýurduñyz, şahsy abraýyñyz üçin elden gelen işi etdiñiz. Ýokardaky hususlary we bialaç harby ýagdaýyñyzy göz öñünde tutup, birnäçe adamyñ wepat bolmagyna sebäp boljak peýdasyz hereketleriñ uzaldylmagynyñ nädogry boljakdygy barada çynlakaý oýlanmagyñyzy haýyş edýärin". Fahretdin Paşa iñlisleriñ boýun egmek barada birnäçe gezek ugradan talaplaryny ret etdi. Emma birdir-ýarymdyr şertleriñ juda agyrlygy zerarly garnizondan gaçmaga synanyşýanlar köpelip ugrady. Birinji Jahan urşundan ýeñliş bilen çykan Osmanly döwleti uruşybes etmek barada Mondros şertnamasyny baglaşdy. Şertnama baradaky habar Medinä gelip gowuşdy we Fahretdin Paşa garnizony bilen birlikde golaýyndaky iñlis birligine boýun egmek barada görkezme berildi. Emma Fahretdin Paşa görkezmäniñ iñlis basgysy bilen berilendigini aýdyp gelen emri diñlemek islemedi we goraga dowam etmegi makul bildi. Birnäçe gezek gelen görkezmelere garamazdan garnizon şertnamadan soñam üç aýlap gorandy. Baby-Alynyñ (premýer-ministrlik) Medinäni boýun egmäge razy edip bilmedigi üçin Angliýa hökümet düzüminiñ çalşyrylmagyny isledi we hökümeti düşürip ýerine Ahmet Tewfik Paşanyñ hökümet düzümini wezipä getirdiler. Emma täze hökümetiñ hem bu babatda bildirilen talaby ýerine ýetirmändigi üçin Angliýa Osmanly döwletine uruşy gaýtadan başlajakdygy barada ultimatum berýär. Bu sebäpli Patyşa Wahdetdiniñ ýörite haýyşy we öz ofiserleriniñ hem ýalbarmaklary bilen Fahretdin Paşa 10.01.1919-njy ýylda Medinäni iñlis basybalyjylaryna tabşyrýar. Şeýlelikde Osmanly garnizony uruşy bes eden iñ soñky goşun birligi boldy we Birinji Jahan urşy doly tamamlandy. Gabawdan soñra Fahretdin Paşa tussag edildi we Ol gidip barýarka-da ýaragyny iñlisleriñ eline bermekden ýüz dönderýär we gözi ýaşly ýagdaýda ýaragyny Pygamberimiziñ guburynyñ üstünde goýýar. Şeýdibem şan-şöhratly türkmenleriñ döreden Osmanly imperiýasynyñ mukaddes topraklardaky adalatly häkimiýeti tamamlanýar. Dört asyrlyk häkimiýet döwründe Osmanly häkimiýeti özlerini Mukaddes Mekge-Medinäniñ dolandyryjylary kimin görmändirler, gaýtam özlerine "Mukaddes ýerleriñ hyzmatkäri" diýip at beripdirler. Ýerli halk Fahretdin Paşany hiç haçan dilden düşürmedi. Hut iñlis tilkisi Tomas Eduard Laurensiñ özi oña "Çöl gaplañy" diýip at beripdir. Birnäçe ýyldan soñra Maltadan gaçyp Türkiýä gelen Fahretdin Paşa Azat edijilik hereketine goşulýar. Ýesir alynan Osmanly esgerleri Müsürdäki konslagerlere ugradylýar. Diñe ýol ýöremäge ýarawsyz we agyr ýaraly esgerlere belli bir möhlete çenli Medinede galmaga rugsat edilipdir. Gabaw döwründe Medinede bolan meýletinçi Feridun Kandemir Medineden çykyşlaryny şeýle ýatlaýar: "Kimi aýaksyz, kimi elsiz galan esgerleriñ hal-mejalsyz ýagdaýda bir-birlerine direnşip iñ soñky gezek Haremi-Şerifi zyýarat edip, Rawza ýüzlerini sürtüp, dogalar okap eden hoşlaşyklaryny bir görsediñiz... Iñlis altynlary bilen beslenip türklere dişlerini çarhlan käbir araplar hem bu pursaty görüp gözýaşlaryny saklap bilmediler. Biziñ bilen birlikde Medinede galyp birnäçe aýlap dowam eden goragyñ her dürli kynçylyklaryny döş gerip çekişen ýerli araplar bolsa bütinleý bir matam howasynyñ içinde hünübirýan aglaşýardylar". Gabaw gutarandan soñra Medine Şerif Hüseýiniñ eline geçenem bolsa, kän wagt geçmänkä beýleki bir wahhaby sürüsi bolan Saudlaryñ oña garşy girişen hereketleri netijesinde Medine Saud neberesiniñ eline geçdi we Şerif Hüseýin ýeñilip, Hyjazy terk edip gaçmaga mejbur boldy. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||