23:26 Çyn goşgulañ azlygy üçin | |
ÇYN GOŞGULAÑ AZLYGY ÜÇIN
Goşgular
Watany goraýar esgerler diýip, Arkaýyn ýatan-a dälsiñ-dä, şahyr? Söýgiñ goragny bir milisiýa goýup, Ýalñyş ýol tutan-a dälsiñ-dä, şahyr! Gülleri goraýan bagban bar diýip, Zapowednik gorar diýip guşumy, Diñe dilçilere taşlap sözleri, Ýa artyk saýýañmy şahyr başyñy? Belki, şoñ üçindir entek dünýäde Atlary näbelli gülleñ barlygy! Şoñ üçindir ençe maýsañ güllemän, Gözýaşa boýýany çemenzarlygy. Belki, çyn goşgulañ azlygy üçin Gündizler Aý ýokdur, Gün ýokdur gije. Bar janly zat şygryñ goragna mätäç, Şygyr - ýeñilmez güýç goşýandyr güýje. 1976. Nury BAÝRAMOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |