12:22 Ordene siñen ömür / goşgular | |
- Nury Baýram, keýpiñ niçik?
Goşgular
- Geçen urşuñ derdin çekýän. Hyýalymda esger bolup, Her günde bir jeñe çykýan. ■ IKI ODUÑ ARASYNDA Men sährasyz asla oñup bilemok, Söýýärin men bu ýerleriñ howasyn. Ýöne bu ýer mańa hemmeden owal, Ýada salýar geçen urşuñ gowgasyn. Bu ýere gelemde, goýun soýulýar, Bu ýere gelemde, ýañlanýar mukam. Emma men göwnüme kyrk birinji ýyl Tutup duran ýaly ebşitläp ýakam. Bark urýan gülleriñ ysy hüwdüläp, Ýylaklañ gulpagy ýelpeýär ýüzüm. Emma näm üçindir kyrk biriñ tomsy Öñümde janlanýar ýumulsa gözüm. Uklaýaryn ojar oduñ başynda, Üstümdäki içmek oda göwreýär. Kakam käte ojar ody ölçerip, Göýä meni sallançakda üwreýär. Tä gözüm açýançam ikimiz bile, Otyrys giñ sähra bilen baş goşup. Gözüm açsam bolsa kakam uruşa Gidip barýar meniñ bilen hoşlaşyp. 1976. ■ ORDENE SIÑEN ÖMÜR Toý-dabara, şowhun-şatlyk - obamyz, Ýaşuly, ýaşkiçi mähellede bar. Gojalar ýatlaýar ýaşlyk ýyllaryn, Bu gün obamyza geldi komissar. Deprekli depregin urýar bat bilen, Oña aýak goşup ýöräsiñ gelýär. Obamyz begenýär, Obamyz gülýär, Meñ bolsa ýüregme howsala dolýar. Komissar ellerin silkeläp gysyp, Gowşurýar kakamyñ söweş ordenin. El çarpyp şatlanýar bütin obamyz, Meniñ bolsa çöküp barýar gerdenim. Orden bolup geldi, ynha, öýmüze Kakam, dogulmadyk inim hem uýam. Şolaryñ ýerine ordeni görüp, Kanagat etmeli men mundan bu ýan. 1976. ■ ENE KALBYNDA Deñ-duşlarmyñ ölen kakasy birçak, Bäbek bolup öýlerine geldiler. Hatda "jyn gördüm" diýp, ýüregi ersip, Ölenlerem täze atly boldular. Watan goragyna gifip ölenleñ Atlaryna hormat goýýar hemmeler. Kakasynyñ adyn ogluna dakdy Ýa agtygna dakdy menden öññeler. Bir men dakman ýörün kakamyñ adyn, Ýa ol at boldumy bize gereksiz?! Ýok. Enem rugsat berenok maña: Diýýär: "Geler. Watan üçin söweşde Ölmändir ol. Ýitenmişin dereksiz". 1976. ■ ÝÜREK AÝDYMY Ogly men kyrk birde il-ýurdy üçin Şirin jandan geçen batyr esgeriñ. Ol çopandy. Dilli tüýdük çalardy, Geldim bu gün giñ sähranyñ goýnuna, Gözläp şoñ tüýdügniñ şirin seslerin. Şol tüýdüge sesim goşup gygyrjak, Bu sährada maña ýetdi bagşylyk. Ýamanlygtñ tohumy ýok bu çölde, Bu sährada bitýär diñe ýagşylyk. Meñ aýdymym dogýan güneş hakynda, Bu ýerleriñ güli hakda aýdymym. Owlak-guzyñ oýny bolar sazlarym, Açyk asman hakda bolar sazlarym. Aýdymyma telpeklerin silkişip, Gülälekler goşar täsin seslerin Şeýdip giñ sährada dowamyn tapar Watan üçin öçen ömri esgeriñ. 1976. ■ KAKAMYÑ SURATY Üstünden otuz ýyl geçiren surat Tötänden öýmüze düşäýdi bu gün. Ony kakamyñ bir dosty getirdi, Bu gün dost ýagtyltdy dostunyñ öýün. Saralyp gidipdir onuñ kagyzy, Gyralary kertilipdir ýyl geçip. Öçüpdir gözleriñ ýiti nazary, Otyr kakam dosty bilen gülüşip. Bir seretsem, öz kakamam däl ýaly, Ony bu geýimde görmändim entek. Harby gimnastýorka, Harby pilotka, Gör, nirde galypdyr ak silkme telpek. "Hüjümiñ öñ ýany..." diýlen ýazgy bar, Wagt salgy berýär kyrk biriñ tomsun. Ölümiñ öñ ýany gülüp oturmak! Bu nä gudrat diýip, oýlandan ümsüm. "Otuz ýaşyndady kakañ şol mahal..." Şeýle diýýär goja esger hamsygyp. Men, birden, tok uran ýaly bolýaryn, Hem öz-özüm gyýylýaryn kemsinip. Watanyñ üstüne abanan ölmüñ Garşysyna gülüp baryp biljekmi? Onuñ şonda arzuw eden geljegi Menmi? Meniñ hemram bolan geljekmi? Ýaşym birçak geçip gitdi ýaşyndan, Men deñleşip bilerinmi oñ bilen? Öýmüze şol surat geleli bäri, Şeýdip, kaka, gürleşýärin señ bilen! 1976. Nury BAÝRAMOW. | |
|
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |