19:46 Kimden gorkmaly? | |
KIMDEN GORKMALY?
Goşgular
Gorkma sen, nesihatym, Gorkma sen edenliden, Näçe güýjüň bolsa-da, Gorkgunyň ejizlerden. Kaýyl bol mert kişiniň Ýüreginiň emrine. Gorkma, ony sakçy goý, Öýüňe däl, ömrüňe! Ejiz bolsa gork ondan, Uly ýagy - ejizlik! Ejizligiň bar ýeri - Tükeniksiz ejirlik! Ejizlikdir, unutma, Gülleri soldurýan zat. Unutma, ejizlikdir Güýçlini öldürýän zat! * * * Gahara gujak açdym, Utdurdym. Gahary görüp gaçdym, Tutdurdym. Gahara gahar etdim, Beýgeldi. "Hä, muny nähak etdim..." Diýsem, eýmendi. Gahar meý uzatdym, Dübledi. Gahara toý düzetdim, Güwledi. Gahara halat ýapdym, Esedi. gahara gülüp bakdym, Peseldi. SÄHER HÜWDÜSI Ýaz ýagyşy, ýuwsana Ýeri ähli beladan. Ýuwsana gaýgy-gamdan, Ýuwsana bar naladan. Säher ýeli, ýazsana Şol päk ýerde owadan Gülli keçäni düşek, Dem-dynjyn alsyn adam... Nury BÝARAMOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 28.01.1983 ý. | |
|
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Serhetçi jigime / Goşgular - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||