10:12

Dagdaky külbe / hekaýa

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 380 | Добавил: Bagabat | Теги: Sýue Tsan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024
Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Welosiped / nowella - 06.08.2024
Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024
Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024
Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024
Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Bagabat  
43
Sýue Tsanyň bu hekaýasynyň “düşnüksizligi” diňe mentalitet meselesi dälmikä diýýän.
Bu kysymda ýazýan ýazyjylar, şol, öňem öz milletleriniň äleme düşnüksiz ýa-da çala düşnükli, gümürtik mentalitetlerini başgaça merjekledip (lupardyp) görkezmäge dyrjaşýarlar-da, okyjylyk logikasyny hasam çepbesine çöwürýärler.
Bu hekaýasynda Sýue Tsan simwolizmi däl-de, absurd (bimany, biderek) çelgileri (oriýentirleri) has kän ulanýar.

1.Dagdaky külbe — jemagatyň içindäki ýalňyzlykdan, özüne töweregini gurşaýanlaryň düşünmezliginden ejir çekýän ynsanyň köňlüniň şol birwagtda bar hem ýok ymtylyşlary. Ol ymtylyşlara ýetmek gerekmi, bähbitmi? Belki ol ymtylyş nämedir bir zatdan ejir çekýän, birwagtda bar hem ýok salgym-ruh ýaly eýmençdir ýa-da jaýyň töwereginde pelesaň kakýan, şol birwagtda bar hem ýok möjek ordasy ýaly howpludyr? Ýöne, her niçigem bolsa, köňül şol ymtylyşyna ymtylýar. Onuň pellehanasynyň nämedigi, hatda bardygy ýa ýokdugy anyk bolmasa-da şoňa ýetesi gelip ölüp barýar. Oňa barýan ýolam juda hupbatly — ol ýol asla garlykdan hem daşlardan doly ýolsuzlygam. Şol külbedäki bentlenen adamam belki onuň özüdir?

2.Jemgyýetde (maşgalada) hiç kim oňa düşünmeýär. Gaýta tersine maý tapdyklary ony yzarlaýarlar, onuň pynhan durmuşyna gatyşyp, ony gizlin diňleýärler, onuň tekjelerini dörýärler, onuň ymtylyşlaryna, onuň haýsy ýoly geçip ýa geçmeli däldigine goşulýarlar.

3.Bu zatlardan nädip baş alyp çykmaly?
Tekjäňi (ruhuňy, beýniňi, içki we daşky dünýäňi) tertibe salmaly. Sebäbi ony «tertibe salmagyň wagty ýetdi».

4.Sen — adam, hatda özüňe-de düşüneňok. Töweregiňdäki iň ýakyn saýýan adamlaryň nämediginem anyk bileňok. Belki olardan kakas-a ebirundyr (möjege öwrülip bilýän mistiki jandar), ejesidir-uýasam albassydyr? Diýmek, hiç ýerde ýakynlyk ýok. Hatda iň ýakynlaryň ýakynlygam aldawaç. Ýene ynsan öz-özi bilen ýalňyz.

5.Bu hekaýanyň, onuň beýan edilişiniň tekiz bulam-bujarlygam durmuşyň, diriligiň hiç aň ýetirip bolmajak, bimany paradoksal helemekdigini has aýdyň suratlandyrmaýarmy eýse?

6.Küşt, pyçak — ynsanyň özüni aldap, güýmäp ýören, bahasy jinnek bidereklikleri. Belki olar ýokduram, bolanam däldir. Emma şonda-da şol bidereklikler üçinem biz janymyzy ýakýas, özümizi köseýäs, ham-hyýalyň yşgynda çarp urýas… Şol sebäplem güzap berip bu ejiz jana hemişe ýorgançalarymyz derden ýaňa öl-myžžyk.

7.Öl-myžžyk ýorgançalar — bu biziň tenimiz. Biziň oňa berýän bihuda ezýetimizden ýaňa onuň derläýşini-i-i-i (keselläýşini, kösenäýşini...)!!!

Nätdi, «çalaşşa» düşündirjek boljak bolup bildimmi?! :-)

Ýa meniňkem, öňde biriniň aýdyşy ýaly: “Geple Jepbe, seňki hepde!” diýilýän, özüňden tapyşdyrylyp, giden bir ymgyr “ýyrym-ýyrtyklyga” tapan-tupan alabeder “ýamany salyşdyrýan” boş samahyllama boldy galaýdymy?!

0
2 Garadag  
128
Dünýä giñ, yazyjylaram yklym-yklym. Edil latyn amerika edebiyaty ýaly, rus edebiyaty ýaly uzak gundogar edebiyaty hem bar, emma biz olardan hâli doly bilýänimiz az. Meñ bar bilyanim mysal üçin Lu sin we Mo Yan Kobe Abo Kendzaburo Oe, Haruku Murakamo ýene kim?..

0
3 Bagabat  
43
Kändir-laý.
Olaryň öz dillerin-ä hemmämiz bilemzok-la welin, hatda rus diline terjime edilenlerinem okamaga ýaltanylýar.
Ýa-da soňky döwrüň keseli (belki diňe mendedir, belki köplerde-de şeýledir) - çynlakaý zat okap ugraýaň welin, ýüregiň gysyp başlaýar, içgysgynçlyk gaplaýar.
Onsoň ýene beýnä güýmenje - fantastika okaýmasaň.
Hatda kino-da göresiň gelmeýär.
Görmäge sabryňam ýetenok.
Barça takatyň ýetýäni 20-30 sekuntlyk rolikler.

0
4 Bagabat  
43
Anekdot (biraççyk üýtgedilen :-)):

Ýakyn Gündogar edebiýatyny öwreniş fakultetiniň talyby mugallymyndan soraýar:
-Mollym, şu hytaý, ýapon edebiýatyny näçe öwredýäňiz, näçe düşündirýäňizem welin, biziň hiç haýsymyz oňa sapsy:m düşünjekgäden otyrys-laý?! Nämüçinkä?
Mugallym, aljyraman, darykman, şol bir äwmezekligi bilen jogap berýär:
-Ine siziň hemmäňizem guşlaryň saýraýşyny eşidensiňizem, diňlänsiňizem-le?!
Talyplar: "howwo-da-howwo" bolşupdyrlar.
-Owadanmy?
-Elbetde owadan.
-A siz onsoň şol owazlara düşünýäňizmi? :-)

0
5 Bagabat  
43
Ýene biri:

Ýakyn Gündogar edebiýatyny öwreniş fakultetiniň talyby, saý-sebäp bilen grant utýar-da, Hytaýa milli edebiýaty öwrenmek üçin iberilýär.
Ýarym aýdan soň dolanyp gelýär.
Mugallym söhbet sapagynda soraýar:
-Nätdiň? "Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňi habar ber" diýlipdir, haýsy ýazyjylaryň-şahyrlaryň döredijiligini öwrendiň?!
-Hiç haýsyny,-diýip talyp, lapykeçlik bilen başyny ýaýkaýar.
-Nämüçin?
Hemmeler geňirgenýär.
-Hemmesi hytaýça eken-laý...

0
6 Bagabat  
43
Internetden:

Britan alymlary anyklapdyr: Dünýäde iň düşnükli edebiýat hytaý edebiýaty. Çünki oňa Ýeriň ýüzünde bir ýarym milliard adam ýüzüniň ugruna düşünýär.

0
7 Bagabat  
43
Şu gün internetden okadym. Gaty inçe kinaýa bilen düzülen henek bolansoň, paýlaşaýyn diýdim. Sebäbi ýeke gülseň keýpi bir mysgal bolsa, köp bolup gülseň (futbolam, kamedi-klabam üýşüp görseň has gyzykly bolýar-a), keýpi - batman bolýandygyna hemmämiz beletdiris-le:

Hokku

“Näme? Nirde? Haçan?” gepleşigi gidip dur. Alypbaryjy gürleýär:
-Ýeri bolýar, bu günki oýnuň hasaby 5:5, diýmek, indi tomaşaçylar bilen oýunçylaryň arasyndaky bäsleşigiň ahyrky kesgitleýji soragynyň nobaty ýetdi. Hormatly köpbilekler (terj.: “eruditler” bolýa), siziň bilen Ýaponiýadan biziň ýurdumyza okamaga gelen, talyp Ýasuşi Honda oýnaýar. Hormatly bilegenler, ýene-de bir minutdan, döwürdeşimiz, meşhur ýapon şahyry Misuo Bisiniň hokkusyny (üçlemesini) tamamlaň:
“Martda gar öldi,
Diýmek wagty geldi
...”.
Bu soragy ala-wagyrdy bolşup, ara alyp maslahatlaşanlaryndan soňra oýunçylar toparynyň gapydany (kapitany) mikrofony alýar:
-Bu sowala özüm jogap berjek bolup synanyşaýyn. Biziň pikirimize görä, bu hokkuda çuňňur filosofiýa gapma-garşylygy çeper aňladylmaga çalşylýar. Ýagny, şygyrda, eger ölüm hakda yglan edilen bolsa, onda onuň çeper-ideýa antitezasy hökmünde hökmany halatda dirilik hem güberçekledilip edebi taýdan ýüze çykarylmaly. Şol sebäpdenem bu şygryň soňky setiri babatda biziň çaklamamyz şeýle:
“Martda gar öldi,
Diýmek wagty geldi
Güljagazyň dogulmagynyň”.
Alypbaryjy:
-Maňa siziň pikir akymyňyzam, siziň aýdýanyňyzyň mantygam doly düşnükli. Siziň teklip edýän jogabyňyzam diýseň ynandyryjy. Indi bolsa, dogry jogaby diňläliň:
“Martda gar öldi,
Diýmek wagty geldi
Tekerleri çalyşmagyň”.
Hasap tomaşaçylaryň haýryna 6:5, hemaýatkär bankymyzdan oýnuň şu ahyrky tapgyrynyň baýragy hökmünde goýlan bir million rublam, bu ajaýyp edebiýat sowaly üçin ýapon edebiýat muşdagy Ýasuşi Honda berilýär. Indiki oýnumyza çenli hoş galyň, gadyrdan dostlar! Birje maslahatym: çalt hem aňsat baýasyňyz gelýän bolsa, ýapon edebiýatyny okaň! :-)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]