23:18 Damjalar | |
DAMJALAR
Sözler
Uly oglum Wepa dokuz ýaşynda, Aşgabatda daşarda ýagyş ýagyp durka aýnadan syrygýan damjalara seredip bir goşgy ýazdy. Rusça. Türkmençesi şeýleräk. Damja damja bilen goşulyp çeşme bolýar, Çeşme çeşmä goşulyp derýa bolýar, Derýa derýa goşulyp deñiz bolýar, Umman ummana goşulyp biziñ öýümiz bolýar. Bir görsem beýlämde ejesi aglap dur. - Dokuz ýaşda ogluñ naýbaşy goşgy ýazdy, begenýärmiñ? - Aglaýan. - Nämä aglaýañ? - "Iki stawka işläp bir şahyry zordan ekleýän, ikisini nädip eklärkäm?" diýip aglaýan. Bu baky sorag. Şahyrdan baý çykanok, baýdan hem şahyr. * * * 1980-nji ýylda Mara geldim. Oblast radioda iki ýarym ýyl habarçy bolup işledim, Maryny öwreneýin diýip. Arasynda Aşgabada baramda: - Mos (Hallygözeli şeýle atlandyrmam hem bar. Özbeklerde aýdym bar: "Janginäm, şertiñi aýt, istemeseñ aýa uçamen". Men "Mosginäm" diýýärlermikä diýip onuñ ady "Mos", oglanlatuñ ady "Oş", gyza "Balaguş diýdim. Başga-da at kän.) - Men-ä oba barmajak bolsañ, şo ýerde birini alýan, sallah ýaşamak kyn - diýdim. Ol: - Indiki bagtygara kimkä? - diýdi. * * * Körpe oglum çagalary bilen on alty ýyl Mary şäherde maña Ýazyjylar soýuzy tarapyndan berlen dördünji etaždaky jaýda ýaşadylar. Körpäñ körpe ogly Ataş (kakamyz Annadurdy Berdiýewiñ ady dakylan) ol wagt iñlis dilini gowy bilmegi bilen çagalar bagynda meşhurlyk gazanypdy. Enesi bilen obadan gezelenje baramda: - Ataş, eneñem-ä garraýar, mellege baryp iñlis syýahatçylary ýaly seredip gaýdýañyz - diýdim. - Indi, oglum, eneñiziñ ýanyna birini alaýmasam, hallar çatak. - Ata, dördüni al, biri pişigiñ gumuny äkitsin, biri meni baga, biri meni basseýne, birem nan getirsin. Soñ baramyzda: - Ataş, dördüni almalymy? - diýdim. - Ýok, ata, ejem gaty urdy. Finkasyny çalarak sypyryp syrtyny açdy. Bäş barmagyñ yzy dur. Çaga-da. Barybir öz sözüni aýdýar. Üýşüp gelenlerinde: - Ataş, dördüni almalymy? - diýdim. - Ýok, ata, bäşini almaly. Pul getirýänje birem bolsun. Soñ duşuşykda: - Ataş, bäşini almalymy? - diýdim. - Ýok, ata, pul paýlaýan birem bolsun. "Bölüp berjek" diýip, meniñ pulumy aldap alýarlar. Soñ olar oba, biz ýedi ýyl şähere gitdik. Ataş dördünji klasa geçdi. - Ataş, bäşini almalymy? - Ata, Aşgabada git-de, birini getir - diýdi. * * * Uly agtygym Muhammetberdi ýegräniñ ady dakylan. Minsk uniwersitetinde kompýuter ugrundan okaýar. Oña üýşüp kompýuteriñ üsti bilen til kakdyk. Men: - Oglum, edeplihe bolgun. Atañ-ha, gelin-gyzlar hakda goşgy ýazyp biabraý bolup barýar. - diýdim. Jogap: - Ata, seni şahyr eýlän şol gelin-gyzlar bolaýmasyn?! * * * Uly oglum Wepa Aşgabatdaky dört otagly jaýymy berdim. Kemal kiçidi. Başlangyç klasda okaýardy. Enesi: - Oglum, ulalañsoñ bize seredersiñ-ä? - diýdi. Ol elini ejesine tarap uzadyp: - Ene, maña duşan hem şular ýaly bolsa näderin. * * * Goşa kaka köp dil bilýärdi. Her gün gije sagat üçe çenli okardy. Gepleýän gepi üýtgeşikdi. Işleýän işleri uludy. Ol: - Meniñ ukybymy bilip, ulaltsalar kişi işde hem işlejek - diýerdi. Goşanyñ gaýynenesi belli artistka Sona Myradowady. Sona ejelerde tegelel stoluñ başynda otyrkak: - Iñ bagtly erkek kim? - diýdi. "Bilemok" diýmelidi. "Bilemok" diýdim. - Adam ata. - Näme üçin? - Gaýynenesi bolmandyr. * * * Bir gün Goşa kaka gijä galyp gelse, gelnejem Jahan: - Nirede bolduñ! - diýdi. Goşa kaka rowaýata başlady: - Adam ata bir gün gijä galyp gelipdir. How ene: - Nirede bolduñ? - diýip, ýüzlenýär. - How, ýeriñ ýüzünde senden başga aýal ýok, nämeden gabanýañ? - Onda-da gapyrgañy sanap göreýin. (Allatagala ýene bir gapyrgasyny alyp, aýal ýasaýdymyma diýip şübhelenýär.) * * * Obada ýaşaýardym. Dost-ýar ýigitler ýarygije oturlyşyga meni alyp gitmäge gelipdiler. Maşyndan düşüp durlar. Biri-biriniñ aýagynyñ üstüne oklaýarlar. - Munyñ üýrenogam! - Wah, näler üýrjek weli, üýrer ýaly adam tapanok. Heriñiziñ ýüzüñize bir-ä seredýär. Olar "öýe gideliñ!" diýip, ýagdaýlaryna düşündiler. * * * Ejem ýaraman oba geldim. Alty aý aýal doganym Ogulhajat bilen seretdim. 30 ýaşlarymdadym. Ilki roýenoda "Göle" lakamly iki sözüñ başyny çatyp bilmeýän zawraýonañ (Akmuhammediñ) elinde işledim. Mekdepde hem sähelçe sapak okadýardym. Meniñ bilen şol mekdepde Sapa Gurbow - oblono bolan hem sähel sapak okadýardy. Men ondan arakesme soradym: - Beýle sowatsyz adamy beýle işe nädip geçirdiñiz? - Bir oturlyşykda zawhozdan zawrona ýasap bolarmy - diýdiler. Geçirdim. Aýyrjakdym. Meni alyp düşdüler. Täjik şahyry Loik Şiraly şeýle diýýär: Şu dünýä döräli bir kada gelýär, Akyllylar akmak ölümden ölýär. Az ýaşaýar ýaşamaga mynasyp, Ýaşaýşyñ ugruny deýýuslar bilýär. Bir gezek metotkabinetiñ müdiri aýal stend kakyp durdy. Men hem şol ýerdedim. Zawraýona: - Gapdalyñdakyny baka goýjakmy? Işlet! - diýdi. - Aý, raýonañ bag gölesi bar, baggoýuny hem bolsun-da. Men soñ mekdebe işe geçdim. * * * Kerkide peduçilişede işleýärkäm bir gowşak edebiýat mugallymy maña: - Ýañrap otyr - diýdi. Men hem: Ýañrap otyr diýip göwün ýykmañ däl, Her ýan-her ýan ýyrşarylyp bakmañ däl, Eşegiñ aññyryp duran ýerinde, Bilbiliñ nagmasy şeýle hökman däl. - diýdim. Ol turup gitdi. - Ine, munyñ bolýar - diýdim. * * * Nemes şahyry Gýote daşlar hakda ýazan bir ýazyjynyñ kitabyny tankytlapdyr. Ol ýazyjy: - Men gonorarymdan Gýotä bermedim - diýen. Gýote täzeden ykjam tankytlaýar: - Sen edebiýat meýdanyna çykdyñ, ýöne syçyp gaýtdyñ! Ol ölýär. Gýote: "Ine, munyñ bolýar" diýen. * * * Jek Londonyñ bir hekaýasynda bir uly bankyñ seýfiniñ açary ýitýär. Türmeden seýf açmaga bir ökde ogryny alyp gelýärler. Seýf minalanan. Onda-sa nähili mina. Ol uly seresaplylyk bilen seýfi açýar. "Açyp bilseñ seni goýberjek" diýenler. Ony ýene türmä alyp gidýärler. Adamlar ýazyja: "Boşadaýañda näme bolardy?!" diýenler. "Olar, olar ýalyny aralaryna goýberip bilmezler" diýen. Amandurdy ANNADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |