08:57 Görenlerim, eşidenlerim | |
GÖRENLERIM, EŞIDENLERIM
Degişmeler
Gajar bagşy Durdy Gylyjyñ halypasy. Şonuñ üçin onuñ "Jykyr", "Eşekli", "Annasoltan" ýaly goşgulary şägirdine geçipdir. Muny Köneürgenjiñ Akderýa obasyndan Geldi Kižžik we alym Kaka Salyh aýdypdy. Gajat bagşynyñ degişmeleriniñ käbiri Durdy Gylyç hakyndaky romanda bar. Ýöne ol o şahyrdan ~ o şahyra sepi bilinmesiz geçirilse-de, asly deregi şeýle bolmaly. Gajar bagşy Bereketde (ozalky Gazanjykda) bir degişgen, söze çeper, barany gep bilen ütülen towuga dönderýän zenan bar diýip, at heläk, mert heläk, Daşoguzdan gaýdýar. Etrabyñ etegindäki çägelikde, oýtakda iki adam tutaklaşyp dur diýýär. "Bä, endamym gurşup gelýärdim. Taýyn göreş - diýip, atdan böküp düşüp: - Nämäniñ üstünde "uruşýañyz?!" - Garagyñ gapykmy, çägäniñ üstünde. - Beh , beh, täze oýna goşulanyñ gepi rüstem-le. - Sen kim-ow? - Men Gajar bagşy, şahyr! - Bizem: "Sen getir-de, sen getir!" bolşup, toýa bagşy gerek weli, şonuñ üstünde oñuşman aga-ini ýaka tutuşyp durus. Ýör, bagşy aga, seni Hudaýyñ özi ikelläp berdi. * * * Ataköpek Mergenden: - Haýsy şahyr güýçli? - diýenler. Şahyr ýeñsesini gaşapdyr: - Hersiniñ özünden soraýsañyzlañ! * * * Birinden soranlar: - Aýal ärini millioner edip bilermi? - Biler, eger äri milliarder bolsa. * * * - Bazarda näme alýañ? - Salam alýan. * * * Biri aýalynyñ arly ýyl azap çekip bakan goýnuny arzan bahadan satjak bolup, bazarda urnup duran: - Işşekmi? - Wah, satyp bilsem işjek! * * * Biri bazarda un satyp duran, puluny silkme telpeginiñ işligine dykyp. Ogry telpegi alyp gaçýar. - Haý, bidöwlet, içinde pul bardyr. Telpekden oýun bolmaz. Amandurdy ANNADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |