16:19 Danteniñ "Hudawy komediýasynyñ" jennet we dowzah temasy | |
DANTENIÑ "HUDAWY KOMEDIÝASYNYÑ" JENNET WE DOWZAH TEMASY
Edebiýaty öwreniş
Yslamdan owalky döwürde Eýranda giñden ýaýran zerduşt dininiñ (zoroastrizm ýa-da otparazçylyk -t.b.) ýazuw ýadygärlikleriniñ arasynda "Ardawirafnama" atly iññän gymmatly bir eser Stambulda ilkinji gezek türk dilinde neşir edilipdi. Käbir edebiýaty öwrenijiler Günbatar Ýewropa klassyklarynyñ iñ görnükli wekillerinden bolan Danteniñ "Hudawy komediýasynyñ" "Ardawirafnama" esasynda ýazylandygyny öñe sürýärler. Şeýle gymmatly eser ilkinji gezek türk dilinde neşir edilendigine garamazdan, eser we onuñ ähmiýeti hakynda ne dil ýaryldy, ne ýeke setir ýazyldy... Eser adyndanam belli bolşy ýaly "Arda Wiraf" diýen taryhy şahsyñ galamyna we zerduşt taglymatynyñ iñ ähmiýetli ýazuw ýadygärliklerine degişlidir... Zerduşt ynanjynyñ, has takygy zerduşt dininiñ nämedigini bilmeýänler üçin gysgaça üstünde durup geçeliñ. Eýranyñ Türkiýäniñ çägine ýakyn ýerde ýerleşen Urmiýe şäherini kesip geçýän Dereje çaýynyñ boýunda b.e.öñ V asyrda ýaşap geçen Proşaspa we onuñ aýaly Dokdonyñ Zerduşt atly bir ogly bolupdyr. Taryhy çeşmeler Zerduştyñ doglan senesini dürli-dürli görnüşde berýär. Görkezilýän seneler miladydan öñki 3500-nji ýyllar bilen V asyr arasynda üýtgäp durýar. Olarda Eýrandan tä Hindistana çenli uzaýan giñişlik Zerduştyñ doglan ýeri hökmünde görkezilýär. Ahuramazda atly hudaýyñ görkezmesi bilen täze bir dini we "Awesta" atly mukadddes kitaby getiren, "Gata" atly öz goşgularyny hem "Awesta" goşan Zerduştyñ taglymaty dünýäniñ iñ ilkinji ýekehudaýlylyk (monoteistik) dinlerindendir. Haýyr bilen şeriñ üznüksiz we barlyşyksyz göreş ýagdaýyndadygyny öñe süren "Awesta" adamlara haýryñ tarapynda bolmagy emredýär. Ýagşylyk edenleriñ ruhunyñ jennete, erbetlik edýänleriñ ruhlarynyñ bolsa dowzaha gidýändigini aýdýar. ■ Ornuny yslama berdi Wagtyñ geçmegi bilen zerduştlyk Eýranda hökmürowanlyk süren Pers imperiýasynyñ döwlet dinine öwrüldi. Aleksandr Makedonskiniñ b.e.öñ 330-njy ýylda Eýrana eden basybalyjylykly ýörişi döwründe bu din bilen baglanyşykly hemme zady ýok etmäge çalyşmagy sebäpli ýiteñkirlän taglymat has soñky döwürde gaýtadan dikeldilenem bolsa, VIII asyrdan soñ ornuny yslama berdi. ■ Bir hepdeläp ukuda galdy Arda Wiraf zerduşt dininiñ ýok bolma howpuny abandyran Aleksandr Makedonskiniñ döwründen soñrakky bir döwürde ýaşap geçen ýokary wezipeli ruhanylaryñ biridi. Aleksandr Makedonskiniñ ýazuw ýadygärliklerini ýok etmegi zerarly zerduşt dinine ynanýanlar bilýän zatlarynyñ köpüsini ýatdan çykardylar. Halkyñ dini ynanjy diýseñ pese düşüpdi. Şonuñ üçinem Arda Wiraf diýen ruhany ýedi gije-gündizläp dowam eden "ahyret ýolagçylygyna" çykypdyr. Otparazlykda keramatly saýylýan Suruş bilen hudaý Azer syýahat wagtynda Arda Wirafa ýoldaşlyk etdiler. Oña jenneti, dowzahy, zerduşt dinindäki ölümden soñky ýaşaýşyñ mekanlaryny görkezdiler we soñra beýik hudaý Ahura Mazdanyñ huzuryna çykardylar. Arda Wiraf o dünýäde gören-eşden we öwrenen zatlaryny gaýdyp gelensoñ, kätiplerine ýazdyrdy. Netijede "Aradwirafnama" atly eseriñ kömegi bilen zerduşt dininiñ möhüm prinsipleri ýitip gitmekden halas edildi. "Ardawirafnamanyñ ýene bir aýratynlygy bar. Olam onuñ üstünden müñ ýyl geçensoñ ýazylan Danteniñ meşhur "Hudawy komediýasyna" täsir edenligidir... Eýýäm köp wagtdan bäri "Ardawirafnamadan" käbir bölümleriñ kem-käsleýin üýtgeşmeler bilen Danteniñ "Hudawy komediýasyna" göçürilendigi barada gyzgyn jedeller dowam edýär. Müñlerçe ýyl aşyp biziñ günlerimize gelip ýeten bu täsin eseri we Arda Wirafyñ giden gelen o dünýäsiniñ nähili ýerdigini bilesi gelenleriñ professor Nimet Ýyldyrym tarapyndan türk diline terjime edip, ýakynda okyjylara hödürlenen "Ardawirafnamany" okamagy gerek. ■ Eýsem, Dante "Magraçnamalary" ulandymy? Birnäçe asyrlap hem yslam dünýäsinde, hem günbatar dünýäsinde Arda Wirafyñ eseriniñ gowry ýatmady. Zerduştlygyñ ýokary wezipeli ruhanysy Arda Wiraf o dünýä syýahat edende Çeke Daiti dagyndan we Çinwad köprüsinden başlaýar. Çinwad bilen yslamdaky Syrat köprüsiniñ meñzeşligi barada ençeme asyryñ dowamynda köpsanly eserler ýazyldy. Emma esasy jedel "Ardawirafnama" bilen 1265-1321-nji ýyllarda ýaşan Dante Aligýeriniñ "Hudawy komediýasynyñ" meñzeşliginiñ üstünde turdy. Her iki eserde-de biri-birini gaýtalaýan köpsanly jümleler gabat gelýär. Mysal üçin Arda Wirafyñ söz açýan "Araf", ýagny günäsi bilen sogaby deñ gelenleriñ garaşmaly mekany bilen Danteniñ şol bir manyny añladýan "Purgatorio"-sy we beýleki ýerler bir-birine diýseñ meñzeş. Dante "Ardawirafnamada" beýan edilýän üç mekany, ýagny arafy, jenneti we dowzahy has giñişleýin we has jikme-jik suratlandyrýar. Ýöne jenneti suratlandyrýan käbir bölümler bilen hudaýa mahsus gatyñ aýdyñlygyndan söz açýan jümleler "Ardawirafnamany" bire-bir gaýtalaýar diýen ýaly. Käbir alymlar "Hudawy komediýadan" Hezreti Muhammediñ (s.a.w) magrajyny beýan edýän "Magraçnamalaryñ" meñzeşligini gözleýärler. Günbataryñ musulman "Magraçnamalaryndan" indi-indi habarly bolup başlan edebiýatçylary Danteniñ bu eserleri we şol sanda "Ardawirafnamany" okan bolmalydygyny özleri-de boýun alýarlar. ■ Arda Wirafyñ ahyret gündeliginden janly we dartgynly dowzah kartinalary "...Şol gije keramatly Suruş we hudaý Azer meni garşylamaga geldiler. Salamlaşdylar, meniñ üçin doga okadykar, ...elimden tutdular. Birinji ädimimi ýagşy düşünje bilen, ikinji ädimimi ýagşy söz bilen, üçünji ädimimi ýagşy amal bilen belent derejelerden aşyp, ümmülmez sarsmaz Çinwad köprüsine ýetdim... Ol ýerde ölüleriñ ruhlaryny gördüm. Ilkinji üç gijede ruhlar öz bedenleriniñ gapdalynda oturyp, "Ýagşylygy bilen hemmeleriñ ýagşylyga gowşan kişilere doga okaýarlardy... Bir ýere bardyk. Ol ýerde dik aýagynyñ üstünde birtopar adamyñ ruhuny gördüm. Keramatly Suruşdan we hudaý Azerden: "Bular kim we näme üçin aýak üstünde durlar?" diýip soradym. Keramatly Suruş we hudaý Azer jogap berdiler: - Bu ýere "Hemistekan" diýýärler we duranlar kyýamat gününe çenli şu ýerde dik durup garaşarlar. Bular sogaby bilen günäsi deñ gelen adamlaryñ ruhlarydyr... ...Dördünji ädimim aýdyñlyklar ýurdy. Bagtyýarlyk we erkanalyk mekany bolan belent Arşa tarap ätledim. Ölüleriñ aýdyñlyklaryñ arasyndaky ruhlary bize salam berýärdiler, bize doga okaýardylar. ...Geñ bir ýere äkitdiler. Ol ýerde juda howply, çuñ, geçilmesi kyn we dowzahyñ tümlügine bürenen bir derýa bar. Ruhlaryñ köpüsi bu derýanyñ içinde gaýyşyp ýördi. Käbir ruhlar näçe jan etseler-de, ol derýadan geçip bilenokdylar. Käbir ruhlaram uly kynçylyklar we ezýetler bilen itenek-çomanak bolup ahyryn garşy kenara aşýardy, käbirleri bolsa ýel ýaly şuwlap geçip gidýärdi... ...Başaşak asylan bir erkek adamyñ ruhuny gördüm. Döwüñ ululugyndaky elli sany mahluk elleri zäherli ýylanlar bilen onuñ endamyny dynman saýgylaýardylar. "Bu beden ruhuna şeýle azap berdirer ýaly näme etmişi bar?" diýip soranymda, keramatly Suruş bilen hudaý Azer şeýle jogap berdi: - Bu adam dünýäde ýaramaz ýolbaşçylyk etdi, adamlara geçirimlilik etmedi, olary horlady, hatalaryny bagyşlamady, olara diñe zyýan ýetirdi, zulum-sütemden başga bilen zady bolmady. Şonuñ üçin bu telim esse çökder jezalar bilen jezalandyrylýan adamyñ ruhudyr. ...Bir aýalyñ ruhuny gördüm. Dowamly aglaýardy, dady-perýat edýärdi, özem aşak-ýokary gidip-gelip durdy. Depesinden bolsa gar we doly (ýagyş) ýagýardy. Aýagynyñ astyndan eredilen gurşun derýasy akýardy. Ol pyçak bilen öz kellesini we ýüzüni parçalaýardy. "Bu beden ne beýle agyr günä edip, öwezine şeýlekin agyr azaba uçradyldy?" diýenimde, keramatly Suruş bilen hudaý Azer şeýle jogap berdi: - Bu aýal ýaşan döwründe bigäne erkekler bilen gadagan ýollar arkaly gatnaşyk saklap, göwreli bolup, üstesine-de çagasyny hossarsyz we eýeçiliksiz goýan aýalyñ ruhudyr. Ol erbet aýaly eden günäleriniñ deregine jezasyny çekende, azabyñ elhençliginden ýaña çagasynyñ sesini eşidýändirin öýdýär we sesiñ gelýän tarapyna bakan ylgaýar. Ýöne onuñ üçin ylgamagam juda agyr we ezýetlidir, sebäbi ol akyp ýatan gurşunyñ üstünde ylgamaly bolýar. Ol şonda-da çagasyna gowşaryn öýdüp, ylgamaga mejbur bolýar. Kellesini we ýüzüni pyçak bilen ýaralasa-da, çagasyny görüp bilmeýär. Ol eden günäleriniñ deregine tä kyýamata çenli bu jezany çekmeli bolar". Murat BARDAKÇY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||