11:04 Daşary ýurda işe giden bir dostumyñ ölüm habary gelende ýazanym | |
DAŞARY ÝURDA IŞE GIDEN BIR DOSTUMYÑ ÖLÜM HABARY GELENDE ÝAZANYM
Ýol ýazgylary
Ony ilçilikde degişgen, alçak köpçüligiñ göwnünden turýan, ilhalar ýigit höküminde tanaýardylar. Durmuş diýseñ geñ! Şol şadyýanlyk, degişgenlik nirelerden çykardy. Muña durmuş diýilýär. Gelenine ýigirmi gün bolandyr, ýa bolanam däldir. Daşary ýurt diýileende-de aýagy çekmän çagalardan aýra düşesi gelmeýände bolsa, şolaryñ geljegi üçin daşary ýurda gaýdypdy. Bu gün bolsa ýüreginiñ çagalary göresi gelýändigini syzdyrýan ýaly çalt urdy. Işläp ýören şol bir endigine görä obasy hakynda pikire çümüp, daşynda näme bolýanyndan bihabardy... Gözleri ümezläp, oýaly ukuda ýaly eýýäm düýş görüp ýatyrdy. Ol häzir ýerinden galagada öz çagalarynyñ ýanyna barmaga howlukýardy. Emma ýerde işdeş ýoldaşynyñ elinde çalajan ýatan bedenini taşlap gidip bilmän bialaç yzyna dolandy. Beýni-de, ýüregem çagalaryny görmek isleýänligini duýan dessine ýerinden galyp çagalarynyñ ýanyna uçup gaýtdy... • Seni ýatlap "Uzakda sen güliñ parhyn bilerden" Çary Ýegenmyradow. Şadyýanlyk bilen gülen gözleriñ, Argyn durmuşa ýugrulan görküñ, Bu güni ýatlaýas aýdan sözleriñ, Sen gitdiñ, düýn bolsa sowuldy kyrkyñ. Durmuş-da bolup dur, garaşmadygyñ, Gyşyñ güni gül açýar, tomusam sowuk Hat-da beýniñide doñdurýan ahwal, Galýarsyñ ahmal... Dumana bürener başyñ, Çykanok nätseñem, Ünsüñi sowup, Bu dünýäden hoşlaşanda ýoldaşyñ! Ini-aga bolduk, toý-tommuga aşnadyk, Baglan eken zynjyr çekip ýürekden. Ýöne, garrylyk durmuşuna aşmadyk, Sen gitdiñ, ýatlamañ galdy ýürekde. Men ýene bir ýerde, gaýgymy dökýan, Saldarlap ölçeýän, şatlygyñ nyrhyn. Sen bolsa unudypdyñ bir eýýäm, Uzak sen bilerden, köp zadyñ parhyn... © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||