02:53 Şahyr hakda, şygyr hakda... | |
ŞAHYR HAKDA, ŞYGYR HAKDA...
Edebi makalalar
Şahyrlyk, şahyranalyk, goşgy-şygyr ýazmak. Bu barada özümde dürlüçe pikirler döreýär. Häzirki zaman "goşguçylar" diýip atlandyrmak, ýeri gelende aýtsañ, poeziýanyñ bir ýodajygy bolýar. Goşgy - dürlüçe toparlara bölüp bolar. Ol toparlaram öz içinde şahalara bölünip hersi bir gül açýan, hersiniñ öz ýakymly, ýakymsyz ys beriji, duýgulara, pikirlere mahsusdyr. Şygyr döretmek suratkeşin, heýkeltaraşyñ eser döredişi ýaly bir zat. Uzakdan almaly Saragt Babaýewiñ döreden eserlerinde özüniñ yhlasy bilen sünnäläp, ýasan heýkelleri hakyky sungatdyr. Emma şony başga biri meñzedip, hatda ondanam gözel heýkel etse, onuñkam sungat, zehini bar, ýöne özüniñ döreden eseri däl-de, göçürme eser bolýar. Oña garamazdan, onuñkam sungat. Goşgy ýazmaklygam şeýleräk hasap edýän. Goşgy (diñe goşgy barada söz aýdýar diýmäñ, hekaýalaram şeýle) ilkinji ädimde ýa täsirlenmek, plagiat etmeklik bilen goşgy düzülýär. Bu diýildigi, özüñi barlap görmek ýaly bir zat. Soñ özüniñ zehinini iýmitlendirip bilse, onda ol hökman kämilleşmegiñ ugrundadyr. Kämillik - ösüş derejesiniñ belli nokadyna ýetenden soñ gülläp, hasyl bermesi, eger yzygiderli ösüşli hasyl berijiligini dowam edip bilse oña genial pikirli diýesim gelýär. Barybir her miwäniñ öz tagamy bar, her goşgynyñam öz okyjysy, hyrydary bar. Bu wagtky döwürde goşgy okaýandan diñleýän kän, diñlemekligiñem öz lezzeti bar. Diñleýjiler, okyjylara garanda çalt imrinýär. Ol goşgynyñ manysyna ýüzleý, emma dolylygyna düşünmeýär. Goşgyny ýazýan dälde okaýanyñ giptozirlemesine täsirlenýärler we oña şondan başga hiç kim goşgy düzüp bilenok diýen düşünje döreýär. Gipnotizirlemek-uklatmak, bu häzirki wagt sosial mediýada uly ýol aldy. Sosial mediada özlerini "şahyr" diýip çykyş edýänlerin gözi bilen seretseñ, Poeziýa-da üýtgeşik özgeriş döreden hökmünde kabul edýärler. (Maslahat beriji ähenler we duýgulandyryjy jadyly sözler bilen) Eýýäm bu ýerde gapma-garşylyk başlanýar. Okyjylardanam we diñleýjilerdenem bu şahyrlaryñ faworiti artýar. Beýleki tarapdan bolsa bu poeziýanyñ ösüşine päsgel berýär diýilen pikir döreýär. Poeziýanyñ hakyky sungata berilip ýykgyn eden şahyrlar kabul etmeýär. Garaýyşlar düýpgöter aýry bolup garşylyk döreýär. Sosial mediaçylaryñ düşünşine görä seretseñ olar tankyt etmesi meni görüp bilenok, eger şeýle bolsa, onam halk tanardy diýmek bilen ýene-de öz ýoluny dowam ediberýär. Olar şöhrata dyrjaşýar. Soñ wagtyñ gecmegi bilen sepgidine ýetýärem. Emma indi onun hasyly ýok. (Parnikde ösdürilen ýaly). Hakyky sungata ýykgyn etýänlerem şeýle, belli sepgide ýeten soñ hasyly gutarýar. Iýmitlenip hasyl bermäge derek. Ol ýaş geljege tankydy göz bolen seredip başlaýar. Öz ýanyndan tankytlasan düşünen üçin maslahat diýen pikir döremesi. Bularda-da geniallyk pikir ýöretmesi ýok. Olar çekýän eserlerine ulanmaly renkini ulanyp boldy. Indi reñk döredip bilenok. Dine halypalyk edip bilýärler. Zehinli, emma ylymsyz şahyrlar. Käbir ýagdaýda şeýle ýagdaýlar bar. Özi hiç hili ylymy ýok welin, tebigy şahyranalyk berilen olaryn teoriýadan başgadan habary ýok. Şonda-da hakyky goşgular bilen datly miwesini paýlap bilýärler. Bularam şöhrata gyzan bar zehininem ýitirip, üstünlikden başy aýlanyp şol ýerde pyrlanyp durýarlar. Hany geniallyk nirede? Olar ýabany miwe ýaly (hydyraýy gögeren). Olara ideg gerek. Genial bolmak üçin ideg hökman. Goşgy nähili bolmaly? Meniñ düşünşim şeýleräk öz isleýşiñçe bolmaly. Okyjy üçin ýazýañmy? Onda okyja täsir etjek derejede ýaz. Dinleýji üçin ýazsañ, içinde üýtgeşik owadan söz bilen uklat, goý ol şoña maýyl bolup başga kemini görmesin. Özüñ üçin ýazýañmy? Soñ düzediş girizmez derejede ýaz gaýdyp üstünden barma. (käwagt näme sebäpden ýazdymkam diýip özüñ kelle döw). Ýene-de bir aýtmakçy bolýan zadym. "Goşgynyñ aýdyp bilmedik syryny saz açýar" diýip kompozitorlaryñ biriniñ aýdany ýadymda. Hakykatdanam şeýle. Labyzam acýar, sazam. Labyzly okaýan diktorlar bar. Muzeýde ýol görkeziji ýaly has ussat bolsa goşgynyn her setirini, harpyny janlandyryp bilýär. (Şu wagtky döwür şöhrata kowalaşýan kän). Başga-da käbir pikirlerimi ýazjakdym. Asyl dagynyk pikirli bolanym üçin çöpläp tapanlarymy ýazga geçirdim. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |