23:08 "Şygyrt-şygyrt aýak sesi eşdiliýär..." | |
"ŞYGYRT-ŞYGYRT AÝAK SESI EŞDILÝÄR..."
Goşgular
Şygyrt-şygyrt aýak sesi eşdiliýär, Ogry ädiminde messana ýöräp, Gelin ýüzün salyp çekinýän ýaly, Soñam siñip gitdi tümlige tarap... Ýoldaşy bolsa uzak ülkede, Maşgalañ keşgi üçin halal gazançda Aryp gelip nahar iýip dessine, Uklady, düýş gördi hem aýylganç zat... Tümlük gurşap alan mährem ojagyn, Öýi ýykyk harabalyk bolupdyr. Gelni bolsa harabada oturup, Möý kerepden, ýañy jorap örüpdir.... Hopugup turdy-da salym dem alyp, Pikire çümüp, Ýaş gelnine jañ etdi. Gelin bolsa, jañ gelmedik bolsady, Tanalmadyk ýat gujaga dolupdy. Jañy alyp gelin sessiz aglady, Ol agyny emma oglan añmady. Gelnine diýipdi, Erksizdir, näzik bedeniñ, Hyjuwlansa, unudar ahlak edebiñ. Şonuñ üçin günä galma nikaly, Talak berip bozaýyn men nikamy, Bu eden işimem bolmasyn telek, Ýüzüm gyzmasyn diýip üç öwran aýtýan, Başyn boş, rugsatdyr, Talak, talak, talak... © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sen nebisiň ýörtünden / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |