18:57 Düýş gördüm... | |
DÜÝŞ GÖRDÜM...
Goşgular
Düýş gördüm, Düýşümde giñ giden düzlük, Düzligi hem syrap örtüpdir ak gar, Ne beýik, ne- de pesi saýgardýar, Diñe görünýardi garalyp yzlar, Ýüzüni gar ýagyp ýapypdyr biraz... Tanyş yz. Onda-da has yssy maña, Çagakam şol yzlarda kän gezek ýördüm. Şol giñ ädilen aýak yzlary öz ädimimde ätlejek boldum. Birde basyp, birde çümüp garada... Atam bilen ýasanardym garadam, Ah günler, hezil günlerim... Ne aladam bardy ne-de bir gamym, Özümçe bir hokga tapar ýörerdim, Keýpine, Gar üstüne berip agramym, Asmana seredip garyñ ýagşyna, synlardym Añkaryp çal bulutlaram... Arasynda gulak asmazlyk edip, çoñka oturyp, Iýerdim, gardan özümçe gizlin, Aý, olam bahana keselejek bolmagada bir hile... Nähili gowy düýş! Örän ajaýyp... Oýanmajak boldum... Düýş boldy gaýyp... © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |