23:46 Sen-ä sen... | |
SEN-Ä SEN...
Goşgular
Sen-ä sen, Men bolsa şol öñki menligim. Sen bolsa Menden juda uzakda, Ýaşasañ-da bir obada, Dem alsañam bir howadan! Men-ä Günortarda, A sen Demirgazykda... Meniñ menligimde seniñ adyñ bar, Senli ýatlamalar küti bir kitap. Sen şu howadan dem alyp ýörseñ, Meniñ menligimem tapýar-la bir tap... Baglarda-da seni görýän, Sesiñem eşidýän guşlar saýrasa. Ýylgyrşyñy ilerimde görýärin, Näziñi, görýärin men gaýrada. Sen meniñ tutuş dünýäm bolupsyñ Sen bolsa duýañok, öñki endigiñ! Meniñ kalbym öñkisi deý urup dur, Senli dünýäm bilen meniñ menligim. © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |