23:01 Daýhanyň guwanjy | |
DAÝHANYÑ GUWANJY
Goşgular
![]() Al-asmanda gaýyp ýören guşlaryň Ýere düşýän kölgesinde saýalap, Daýhan kişi dowam edýär işini, Haşal otlaň tohum-tijin "zaýalap". Ýere damyp duran alyn derinden, Goşant goşýar bol hasylyň suwuna. Ekinçilik sagat-saýyn boý alýar, Burgy berip murtlarynyň towuna. Daýhanyň zähmeti, aýdaly zamça, Reňkin saraldyp, ysyn kükedýär. Töweregi gaplap alýan hoşroý ys, Özi bilen işdäleri dok edýär. Säginip, syn edýär zähmet aşygy, Gök öwüsýän peller üste küýlenip. Piliň dessesinde yzyn goýupdyr, Gabarçakly eller dere eýlenip. Elbetde, her zada yhlas gerekdir, Onuň goldawy kän düşeňde yşka. Her goltugňa bir gawuny göterip, Giçläp öýe gaýtmaň lezzeti başka. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||