01:03 Demokratlar we "demokratlar" | |
DEMOKRATLAR WE "DEMOKRATLAR"
Publisistika
Şu makalany ýazmajak bolup köp wagtlap öz ynsabymyň garşysyna gitmeli boldum. Ahyram ynsabym üstün çykyp galama ýapyşdym. Ýurdumyzda üýtgedip gurmak döwri başlanany bäri geçen bäş-alty ýylyň içinde şeýle bir özgerişikler bolup geçdi welin dogrusy onuň hasabynam ýitirdik. Şonuň bilen ynam diýen zadyňam köküne palta urduk. Şeýdibem ynamsyzlyk döwründe ýaşamaga başladyk. men şeýle diýsemem baýamaklyga, mal toplamaklyga ynam, ymtylyş diýen zatlaryň aýaklandygyna güýjändigini welin aýtmakçy. Halal zähmet bilen baýamagam, mal toplamagam bolar. Oňa garşy bolanam tapylmaz. Emma her etmeli, hesip etmeli baýamaly diýen pikirden ugur alyp, kimdir biriniň zähmetiniň ýa-da halka niýetlenip goýberilen zady halka ýetirmän orta ýolda talaýanlaryň, eli altyn halka /wezipä/ ýetýänçä demokratsyrap halky agyr güne iteklejek bolýanlaryň şahyna kakylmagyna wagt ýetdi. Ynha, halk köpçüligi şoňa garaşýar. Halkyň garaşýan zady amala aşyrylmadyk wagtynda bolsa, nçgilelikleriň ösüp, ynamyň gaçýandygyny, şonuň bilen bir hatarda jenaýatçylygyň gün-günden ösýändigini göre-göre gelýäris. Şeýle nägilelikleriň hemmesi birigip döwlet ýolbaşçysynyň ýakasyndan aslyşýar. Şol nogsanlyklaryň ählisiniň günäkäri hökmünde biziň döwlet ýolbaşçysynyň ýakasyndan aslyşmagymyz welin dogry zatmyka? meniň pikirimçe dogry däl. Dogrusy, döwlet ýolbaşçysy dürli PERMAN çykaryp biler. Ýöne, ol şol PERMANYŇ ähli ýerde ýerine ýetirilişini ýekän-ýekän barlap bilmez. Oňa döwlet ýolbaşçysynyň wagtam ýetmez. Şonuň üçinem döwlet ýolbaşçysynyň çykaran PERMANLARYNY ýerlerde biziň özümiz ýerine ýetirmeli. Emma, biz nädýäris. Şol ýerine ýetirilmeli PERMANYŇ ýetmezçiliklerini tapjak bolup hars urýarys, uly gykylyk turuzýarys. Netijede bolsa gowy maksatlar bilen çykarylan PERMANLARYŇ köpüsi ýerine ýetirilmän galýar. PERMANYŇ ýerine ýetirilmedik ýerinde bolsa, baş-başdaklyk başlanýar. Soň ýene-de döwlet ýolbaşçysynyň ýakasyndan aslyşýarys-da: “Näme üçin bu bolýan zatlary düzedeňok ýa-da göreňokmy? Senden döwlet ýolbaşçysy bolmaz” diýip tükezziwana tutdurýarys. Soňundanam: “Bize berk elli döwlet ýolbaşçysy gerek” diýibem zowladýarys. Dogrudanam bize Stalin ýaly berk elli ýolbaşçy gerekmikä? Eger-de biz özümize şeýle kysymdaky döwlet ýolbaşçysyny edinäýsek, onda biziň şu günki ýerine ýetirmän, içinden “monjuk” gözleýän PERMANLARYMYZ üçin nähili jeza duçar ediljegimizi ýaşuly nesilä däl, biziň özümizem gowy düşünýäris ahyryn. Goý, hormatly okyjy maňa dogry düşünsin. Meniň özüm-ä berk düzgün-nyzamyň, HAKYKY DEMOKRATIÝANYŇ tarapdary. Sebäbi ýurtda konstitusiýa esaslanan (konstitusiýada halkyň bähbidine ters gelýän zatlary, referendum arkaly üýtgedibem bolar) berk tertip düzgün gerek. Eger şeýle berk tertip-düzgün bolmasa ýurt hiç wagtda oňatlygyň, bol-elinligiň üstünden barmaz. Sebäbi tertip-düzgüniň ýok ýerinde işläp iýýänden işlemän iýýän köp bolýar. Şol işlemän iýýän işleýänlerden gurply ýaşaýar. Özünem işläbem özüni oňarmaýanlara oňaryp bilse pitjigem atýar. Biz häzir bütin ýurt bolup ykdysady krizisi başdan geçirýäris. Özümizem şol krizisden çykmaly diýip sesimiziň ýetdiginden gygyrýarys. Hawa gygyrýarys. Hany çykylýan zat. Biz öz başymyza inen ykdysady krizisden diňe akylly-başly zähmetiň, päkligiň netijesinde çykmaly. Şoňa gözümiz ýetip duran halatda-da, hiç wagtda halkyna, jemgyýete peýda getirmedik “demokratlaryň” yzyna düşüp, elimize baýdak alyp, heniz nämäniň-nämedigine düşünip ýetişmedik halky aldawa salmakçy bolamok. Şeýle etmekden hudaýyň özi daş etsin. Häzir hakyky, sözüň doly manysyndaky demokratdan goşa dyrnagyň içindäki demokrat has gaty gygyrýar. Şonuň üçinem halk köpçüliginiň hakyky demokrat bile goşa dyrnagyň içindäki demokraty saýgaryp bilmegi bizi köp nogsanlyklardan alyp galar. Hormatly okyjy, maňa goý, ýene-de dogry düşünsin! Sebäbi halky mitinglere, demonstrasiýalara çagyrýan “demokratsumaklaryň” käbiri öz ýolbaşçylyk edýän ýerinde 10-15 adamyň başyny çatyp bilmän işinden daşlaşdyrylýan adamlar. Şol adamlaryň käbiri öz işleýän kollektiwinde sygdyrylman giden bolsalaram, özlerini gürletseň: “Ýok, meni ýokardan aýyrdylar, meniň garşyma kollektiwi galdyranam şolar” diýip, özüni gowşak tanaýanyň ýa-da tanamaýanyň ýanynda aklanmakçy hem bolýany bar. Men şeýle adamlaryň käbiriniň adyny, familiýasyny hem getirip bilerdim. Ýöne, onuň bu ýerde şeýle wajyplygy ýok. Şonsuzam şeýle adamlaryň köpüsi okyjylara belli. Awgust aýynyň aýaklarynda sentýabr aýynyň başlarynda şäheriň duralgalarynda asylyp goýlan käbir listowkalary okamak maňada miýesser etdi. Şol halky demonstrasiýa çagyrýan körzehin ýazylan listowkalaryň käbirinde ar-namys dogrusynda söz açylýar. Hany okyjym bilelikde pikir edip göreli. Türkmen halky aşgyndan çykyp bolmajak nähili ar-namysyň astynda galdykan? Türkmen halky heniz özbaşdak döwlet bolmadyk, çarwa halk wagtynda-da ar-namysyň astynda ýören halk bolan däl bolsa gerek. ýene-de bir zady “Türkmen goşy dura-bara” diýen atalarymyzdan galan sözi unudýarys. Şony unydyp, bu gün urha-urlyk bilen ýola düşjek bolup, atalarymyzyň ruhyny depelemäliň. Onsoňam şol urha-urluk biziň käbir respublikamyzda nämeleriň üstünden ertdi. Men şu zatlary aýtmak bilen dymyp gezmek teklibinem orta atamok. Ýok, biz dymmaly däl. Sebäbi halkymyzyň ýetmezi azlyk edenok. Ýetmezimiz juda kän. Şolary aňly-başly düzetmek barada aýtmaly diýmeli. Eger biziň öz halkymyzy söýýänimiz çynymyz bolsa, garaşsyzlygyny alan ýurdumyzyň geljegi barada bilelik-de pikir etmeli. Bilelik-de perspektiw planlary düzmeli. Ýurdy öňe alyp gitjek kadrlary taýýarlamaly. Bu zatlary mitingleriň, demonstrasiýalaryň üsti bilen edip bolmaz. Diňe akylly-başly, paýhasly çemeleşmegiň üsti bilen ýerine ýetirmek mümkin. Geliň, şeýle hem edeliň! Aç-açanlygyň sergin şemaly öwsüp ugraly bäri köpümiz gazetdir žurnal sahypalaryny bir taraplaýyn ýazylan, hiç hili analizsiz makalalardan doldurmakdan başga-da kesekleşilýän meýdana öwürdik. Şeýdibem metbugat üsti bilen “harman otlap” at gazanmaklygyň kül-külüne düşdük. Heniz nämäniň-nämedigine düşünip ýetişmedik okyjynyň aňyny bulaşdyryp, “Bä plany-ha gaty güýçli makala ýazypdyr” diýen öwgüni eşitmekçi bolduk. Eger-de, biz şu zatlara derek aňly-başly problemalary öwrenip orta atan bolsak, şol kyn problemalary çözmeklige halky çagyran bolsak, onda bir eýýäm arabamyz dogry ýola düşerdi. Gazetdir žurnallaryň sahypalarynda öňki ýolbaşçylaryň “ody bilen girip, küli bilen çykan” käbir ýoldaşlaryň Merkezi metbugatda çap edilen makalalaryny diňläniňde olara ar almaklykdan başga zat duýlanok. Dogrusy, şolaryň çykyşlarynda şahsy ar almakdan başga zat duýlanok. Dogrusy, şolaryň nirä barýanlygynam kesgitlemek başardybam baranok. Sebäbi olar örän köp Hudaýa gulluk etmäge öwrenişen adamlar. Şeýle akyl satyp, özüniň halkyň gözüne ildirmekçi bolýanlarda ynsap, lebiz, mesgen diýen zat welin barmyka? Megerem ýok bolsa gerek. Eger olarda şol zatlar bar bolsa, öňki howandary üçin öz janlaryny gurban etmäge taýyn bolanlar bu gün olaryň üstünden ot sowrup oturmazdylar. Arada bir tanyşym: “Men indi Şwarnadzäniň partiýasyna girjek” diýip hil bir iş etjek adam ýaly noky-noky edýär. Men onuň haýsy partiýanyň hataryna girjegine garşy däl. Goý, ol, ynsabynyň çeken partiýasynyň hatarynda bolsun. Gep, onuň E.Şwardnadzanyň diýip noky-noky etmeginde. Eger, kim Moskwanyň köçelerinde bolýan mitingleri gören bolsa, käbirleriniň alyp çykan şygarlaryndaky: “1978-nji ýyl. Eger ýokary wezipä geçjek bolsaň SSKP-niň hataryna gir”, “1990-njy ýyl. Eger ýokary wezipä geçjek bolsaň SSKP-niň hataryndan çyk”, diýen ýazgylary okandyr. Dogrydanam soňky iki ýylyň içinde SSKP-niň hataryndan giden käbir öňki partiýa çinowniklerini milli gahryman derejesine ýetirdiler. Ýönekeýje işde işläp partiýa hataryndan gidýänlere meniň hiç hili garşylygym ýok. Sebäbi olar ýurdy şu ýagdaýa alyp gelen partiýa çinownikleri bilen bir partiýada durmajak bolup olar SSKP bilen hoşlaşdylar. Olaryň köpüsem partiýa hataryna intelligensiýadan adam almak üçin prosent hökmünde göterilen işçidir kolhozçy. Men şu zatlary aýtmak bilen öň SSKP-niň üsti bilen wezipe tamakinleriň ýa-da SSKP-niň ýokary guramalarynda işläp, partiýanyň ähli ýeňilliklerinden peýdalanan E.Şwardnadzäniň, B.Ýelsiniň, A.Ýakowlewiň we şolara meňzeş bir topary bilen asla razylaşasym gelenok. Hatda M.Gorbaçýowyň 16 millionly SSKP-niň hatarynda duran ak göwünli kommunistlere sala salman SSKP-ni dargatmasam göwne jaý zat däl. Sebäbi partiýany şu ýagdaýa getiren ýönekeý işçidir kolhozçy däl-de onuň Merkezi komitetinde ähli eden-etdiliklere göz ýuman partiýa çinownikleri. Türkmenlerde: “Iýeýin içeýin...” diýen söz bar. Özlerini ekläp saklan şu derejä ýetiren guramany gorama derek, oňa dönüklik edip, şyltak atmadanam gaýtmaýanlar başga bir partiýa wepa bererlermikä? Ýok, bermese gerek. Ýa-da şol adamlar tarapyndan döredilen täze partiýanyň Ustawy SSKP-niň Ustawyndan has ynsanperwer, has ynamly bolarmyka? Ýok, olam bolmaz. Sebäbi haýsy partiýa bolsa-da şonuň Ustawynyň düýbüne palta urýan onuň ýönekeýje agzalary däl-de şol partiýa ýolbaşçylyk edýänler. Şonuň üçinem SSKP-niň günäsini onuň özünde birikdirýän 16 millionly agzasyndan däl-de, öz partiýasyna wepasyzlyk eden partiýa çinowniklerinden gözlemeli. Gerek bolsa, olary sud jogapkärçiligine çekmeli. Eger öz partiýasyna wepasyzlyk eden partiýa çinownikleri uzak ýyllaryň dowamynda SSKP-niň özlerine eçilen ýeňilliklerini yzyna gaýtaryp berseler, özüm-ä dogrudanam olary asyryň iň beýik adamlarynyň hataryna goşardym. Emma, olara şeýle etmeklik başartmasa gerek. Eýsem, näme, olar SSKP-niň hatarynda durýan zähmet adamlarynyň tölän wznoslarynyň hasabyna bol-telki ýaşamadylarmy? Diňe bir özlerem däl, bütin maşgalasy bolup. Bu gün bolsa özlerini ekläp-saklan SSKP hatarynda durar ýaly gurama dälmişin. Hany sizde bar bolan lebiz, ynsap? Aslynda meniň agzaýan şu zatlarym sizde boldumyka beri? Töweregine şeýle “wepaly” agzalary toplan SSKP nähili dargamasyn, ol nädip düşen lagar gününden halas bolsun. Dönüklik SSKP-niň hataryndan durýan ýönekeýje zähmet adamlarynyň tölän wznoslarynyň hasabyna döwran sürenlerinden başlansa, gaty kyn boljak eken. Goý, olar täze partiýa, ýa bolmasa täze bir demokratik hereket döredenem ekenler-dä. Olar şol täze döreden partiýalaryna, demokratik hereketlerine dönüklik etmezler, şol döreden partiýalarynyň demokratik hereketleriniň agyr güne sezewar bolan güni onam taşlap, başga bir partiýa döretmekligiň kül-külüne düşmezler diýip kim olara güwä geçip biler. Ýa-da şolaryň döreden partiýalarynyň Ustawydyr Programmasy halka has golaý bolar diýip aýdyp biler? Käbir ýerlerde olaryň hereketlerini oňlaýanlaram azlyk edenok. Ýöne, şolaryň hereketleri dogrusynda, olaryň hiç bir partiýada wepa bermejekdikleri barada pikir etmekleri gerek. Men şu zatlary aýtmak bilen SSKP-niň ýalňyşlyklaryny ýapyrmakçy däl. SSKP-de juda köp ýalňyşlyklar boldy. Özünem şol ýalňyşlyklary döredenem, şol ýalňyşlyklara ýol berenem diňe partiýa apparatynyň ýokary weaipeli işgärleri boldy. Şol ýalňyşlyklary doly boýun almalydyk. Şol ýalňyşlyklardan el çekip, SSKP-ni arassalamalydyk. Ýöne, biz onam oňarmadyk. gaýtam, goýberen ýalňyşlyklarymyzy ýapyrmakçy bolduk. Geliň, adamlar şündem bir pille. Annameret DURDYMÄMMEDOW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |