10:26 Deňeşdirme | |
DEŇEŞDIRME
Goşgular
Nämä dänçerýärsiň şäherli hanym Bir putluk torbaňy göterip bilmän?! Gör, anha, pagtaçy gelniň egninde Goçak goşa fartuk atyp dur hallan. Alyp barýan epgegem ýok bu güýzüň, Sen bolsa derleýäň, ah, burçak-burçak. Emma seret, howaň jöwzasyny däl, Öz ýükünem duýman gelýär bir gerçek. Gowaçalar fartuklardan aslyşýar, Miwelerin gaýdyp aljak mysaly. Emma baş berenok pagtaçy gelin Ertekileň gerçek pälwany ýaly. Sülük barmaklarňy dözmersiň işe, Ony çaňňalaklaň çyzmagy ahmal. Ýöne meň göwnüme çyzylan elleň Gözelligi seniň elleňdän kem däl. Awtobusa münseň, ýer gerek saňa, Ýogsam halys gurşup gidendir eliň. ...Uzyn günüň argynlygyndan soňam Pyýadaja barýar pagtaçy gelin. 09. 05. 2010 ýyl | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |