23:04 Dile geldi, bile geldi / gündeligiñ dowamy | |
DILE GELDI, BILE GELDI
Ýatlamalar
Kä şahyryň goşgularyna aýdym kän. Käbir men diýen şahyryň bolsa goşgularyna aýdym ýok. Eýse bu bir şahyryň ökdeliginden, beýleki biriniň ondan pesligindenmikä?! Ýok, asla beýle däl. Bu ýerde esasy mesele hemme awtoryň ýazyş, goşgy dörediş stili, usuly ýa biçimi diýjekmi deň bolmaýanlygynda. Galyberse-de, bir şahyryň öz sözlerine aýdym döredilmegine üns berip, kompozitorlar bilen aragatnaşyk saklamagynda hem goşgularyny aýdyma laýyk edip ýazmagynda. Beýlekiniň bolsa, aýdyma ýarasyn ýa ýaramasyn oňa üns bermän, ilhalar goşgulry ýazmagynda. Mysal üçin, Kerim Gurbannepesowyň, Italmaz Nuryýewiň, Ata Atajanowyň sözlerine köp aýdymlar döredilen bolsa, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Atajan Annaberdiýewiň, Mämmet Seýidowyň sözlerine döredilen aýdymlar az ýa-da ýok diýen ýaly. Eýsem bu şahyrlaryň hemmesi-de halkyň ykrar eden şahyrlary. Hemme goşgudan aýdym ýasap bolmaýar. Aýdyma laýyk bolmadyk goşgudan aýdym ýasalsa-da diňleýjiniň söýgüsini gazanyp bilmez. Mysal üçin, Çary Aşyrowyň “Ermeni gyzy”, Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Ene”, Kerim Gurbannepesowyň “Jepbar agaň zürýady” ýa-da Gurbannazar Ezizowyň “Ýene howa garalyp..” diýen goşgularyny aýdym edip aýdyp ýörler. Diňläsiňem gelenok. Sebäbi ol goşgular asla aýdym üçin ýazylan däl. Olar goşgy edilip ýaradylan ajaýyp eserler, olary aýdym edip aýdyp däl-de, goşgy hökmünde okap lezzet alyp bolýar. Bir ýa iki goşgusynyň gowy aýdym bolmagy bilen şahyr hökmünde tanalyp, başga goşgulary känbir okalybam ýörülmeýän şahyrlar hem az däl. Hakykat ýüzünde welin olar ýaly şahyry ýa goşguçyny ile tanadan onuň ýazan we aýdyma öwrülen goşgusynyň gowulygy däl-de, şol goşga aýdym döreden kompozitoryň yhlasy hem başarjaňlygydyr. “Dile geldi, bile geldi” diýlişi ýaly, şu ýerde ýene-de bir zady belläp geçesimiz gelýär. Olam gowy aýdymyň döremeginde onuň sözlerini ýazan awtoryň roly ýa orny barada. Jüpüne düşen aýdymyň döremeginde köp halatlarda onuň sözlerini ýazan awtor mahabatlandyrylýar, sazyny ýazan kompozitor bolsa ondan soňky orunda ýatlanylýar. Hakykatdan bolsa, esasy orun, esasy abraý kompozitora degişlidir. Sazy jüpüne düşmese her näçe akgynly, gowy goşgy bolsa-da oňat aýdym bolmajagy belli. Oňat goşgy ýöntem sazy bezäp bilmez, oňat saz ýaramaz goşgyny-da bezäp biler. Bular biziň pikirimiz. Munuň bilen ylalaşmaýanlaryň-da bolmagy mümkin. Hemmäniň pikiri hemme ýerde deň bolup durmaýar ahyryn! *** Çet ýurtda okaýan ogul-gyzyna, Synlap sowalga-harç geçiriş däbin, Ogluna garanda köp puly gyza, Ibermegniň soranmyşlar sebäbin. Jogap beren şonda şol dana kişi: “Zaýalap bilýändir ýigidi dokluk, gyz-gelnem ýokluk”. *** Bagtyň nämedigini her dana kişi özüçe düşündirýär. Bir danadan soralanda ol: “Bagt – betbagtlygyň ýoklugydyr” – diýip jogap beripdir. Gör, nähili gysgadan giň, çuň manyly düşündiriş! *** Jemgyýetçilik transport serişdesi – awtobus ýol wagtyňy köpräk alýar diýmeseň amatly serişde. Hemmä deň, arzan hem minnetsiz. Taksa münüp, gapyny gaty ýapdymmyka ýa ýuwaş ýapdymmyka, ýolugra ýene-de adam aljakmyka ýa almajakmyka, näçe tölemeli bolarka diýen ýaly aladalara galjak gümanaň ýok. Bärde elbet-de, aýlyk bilen gününi dolaýanlaryň hal-ýagdaýy göz öňüne tutulýar. Awtobusdaky ýolagçylarynyň arasyda hemmä aýan bir ýazylmadyk kanun bar. Birek-birege hormat-sylag kanuny ýagny, ýaşy kiçi ýolagçylar ýaşyulylara, ýarowsyzlara ýa-da çagaly ýolagçylara oturmaga ýer bermek hem-de ýer berilenleriň hem öz gezeginde ýerini berenlere minnetdarlyk bildirmek diýen ýaly ýazylmadyk kada-kanun. Hormat-sylag diýeniňem ikitaraplaýyn bolsa ýagşy. Nämedendir bilemzok welin, biz ululara öz ýerlerini bermezlikde köplenç ýaşlary günäkärlemeklige endik edipdiris. Bu hakykatdan-a şeýlemikä?! Köp halatlarda awtobusyň ýolagçysy bolanlygymyzda synlap, gören-bilenlerimizden mysal alyp, biz gaty bir beýlede däldigine düşündik. “Süri agsaksyz bolmaz” diýlişi ýaly, ýaşlardan görmediksirän ýa-da elindäki telefona güýmenen bolup ýaşula daga ýer hödürlemeýäni-de iki-ýeke bar diýäýmeseň, olaryň aglaba köp bölegi beýtmeýär. Dogrusyny dogry aýtmaly, turup ýer berýänleri köplük. Ýöne gynançly ýeri başga zatda. Sylag-hormat ikitaraplaýyn bolsa ýagşy diýip, biz ýokarda ýöne ýere belläp geçmedik. Aýtjak bolýanymyzyň esasy-da şundan ybarat ýagny, köp halatlarda oturmaga ýer, orun berilenler tarapyndan turup ýer berenlere minnetdarlyk bildirilmeýär. Sag bol aýdylmaýar. Bu gowy zat däl. Gaty gödek häsiýet – gedemlik. Adamkärçiligikde pis häsiýetleriň biri. Özümiz-ä şu häsiýeti oturan ýerini dik duran ýaşula hödürlemeýän ýaşlaryň häsiýetinden-de has ýaramaz hasaplaýarys. Ýaşulylaryň köpüsi özlerine hormat edilip boşadylyp berlen orun hut özüne degişi däldirem öütmeýär. Ýaşy kiçileriň hem oturgyçlarda oturmaga özleri bilen hukuklarynyň deň derejededigine ýa-ha düşünmeýärler ýa-da düşünjegem bolmaýarlar. Ýaşlaryň oturan oturgyjynyň ýanyna gelip, “meň ýerimi boşat” diýen manyda göni onuň ýüzüne dykynlap seredýänleride az däl. Maýyp, çagaly ýa göwreli aýal, bolmanda öte garry bolsa zyýany-da ýok. Köplenç muny ýaşy ýaňy gartaşanlar edýär. Hany, onsoň turmanam bir gör-dä! Masgarada etjek. Bular ýaly häsiýet aýratynam daýzalarda has köpräk ýüze çykýanlygyny synlap göz ýetirdik. Sylap, ýerinden turup ýer berene sag bol aýtmak kyn zadam däl. Bolmanda ýylgyryş ýa üm bilen minnetdarlyk bildirilsede boljak. Köp ýaşulylar şonam edenok. Minnetdarlyk bildirilse bu ýaşulylar tarapyndan ýaşlara görüm-görelde görkezmek hem bolup dur, terbiýeçilik diýseňem bolman duranok. Ýerini berenem öz eden işinden hoşal boljak. Gowy häsiýetini soň-soňlaram dowam etdirjek ýörjek. Deregine minnetdarlyk görmese welin, öz içinden “ýaman algyly ýaly ýüzi dagy nähili näteňet, nirden ýerimi beräýipdirin” diýip, nägile boljaklygy bolaýjak zat. Ýolagçysy köpräk awtobusa münüp, synlap görenler aýdanlarymyzyň hakykatdygyna doly göz ýetirseler gerek. *** Aýdylan hem aýdylmadyk aýtgylar: Keçeňege gep düşündirip bolmaz. Doňýüregiň ýüregini eredip bolmaz. Bahylyň köňlünden göripçiligi aýryp bolmaz. Ajala al salyp ýa-da ýazgytdan çykyp bolmaz. Tebygaty hem-de Hudaý guýan gylyk-häsiýeti üýtgedip bolmaz. *** “Kyrkyňda sen saz öwrenip, Ony görüňde çaljakmy?!” Diýensoňlar gepçi kişä, Ol nä gep alyp galjakmy?! Ýeser jogap beren, şeýle: “Garaşyp durman ölere, Öwrensem çalyp bermekçi, Size däl-de, dirilere!” *** Şu meselede başga milletler barada anyk bir zat aýdyp biljek däl welin, öňler türkmen zenanlaryndan şahyrlar azdy. Geçen asyryň ýetmişinji, segseninji- poýeziýanyň ösen ýyllarynda hem şahyr aýal-gyzlar barmak basyp sanaýmalydy, erkekler has köplükdi. Edil häzirki döwürde goşgy ýazýan zenanlaryň köpelenligi hak. Sanaýaňda-da erkeklere garanda köp bolmasa az-a däldir. Umumy durmuş, maşgala, temalaryndan, tebygat barada ýazýan goşgularyny okasaň okasyň gelýär. Gowy ýazýarlar. Bu elbet-de, guwandyryjy zat. Ýöne bu meselede oýlandyrýan, seňrigiňi ýygyrdýan başga bir zat bar. Olam söýgi baradaky goşgularynda käbir zenanlaryň öz duýgylaryny öte gönümellik bilen, türkmen gelin-gyzyna mahsus bolmadyk häsiýetler bilen beýan etmekleri. Kä zenan maşgalanyň söýgi baradaky goşgusyny okanyňda “Bäh, bul-a Mežnun bolup göni daga çykaýypdyr” diýdirýär. Söýgi barada ýazmagam bolar, ýazmalydyram welin, aýal maşgala ýazanda “ýanýan, köýýän”, sensiz karar tapamok” diýip dursa, biziň pikirimizçe, hem-ä haýa diýlen serhede aralaşýar hemem görnetin öz mertebesini özi peseldýär. Aýal maşgala söýgi meselesinde ýazýanlaryny “edi ölçap bir kesse” gowy bormuka diýýäris. Şu ýerde Kerim Gurbannepesden köplere mälim bolan şu setirleri-de ýatlatsak köplük edip durmazmyka diýýäris: “Söýgi näme” diýdim bir ajap Gyza... Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam, Ýogsam şol ýigidi guçardym, eýýäm”. Biziňem käbir zenan şahyrlara “ýigitleri guçsaňyzam ogrynrak guçaweriň”, söýgüde aýal maşgala gizlinlik, sabyrlylyk galyberse-de, ejap etmek ýaraşýandyr” diýip ýatladasymyz gelýär. *** Bir gezek Diogenden: -Dünýäde iň kyn zat näme? – diýip sorapdyrlar. Kimdigiňi bilmek we pikiriňi içiňde saklamak – diýip, akyldar jogap beripdir. *** Biziň nämüçin Soýuz döwründen bäri dilimize girip, aňymyza ornaşan birgiden rus ýa-da başga halkyň sözleriniň ählisini-de oňarsak oňarmasak türkmençä geçirjek bolup alabaşagaý bolup, gaýtam bulaşdyryp ýörenligimize düşünip baramok. Meselem, žurnalisti – galamgäre, awtory – ýazara, biledi – petege, awtomaşini – awtoulaga ş.m. öwrüp täzelänimiz biln kän utuş gazanýarmykak?! Aslynda ap-arassa dil hiç bir milletde ýok, ähli dilde-de ondan-mundan alnan, garylyp giden sözler az däldigini aýdýarlar dälmi, näme?! Bir edarada işleýän döwrüm, başlygyň kömekçisi bolup işleýän işgärimiz bir ýere ýazylan hatyň ahyrynda “Goşulyp iberilýän: 5 ýaprakdan ybarat” dyýip ýazypdyr. “Ýapragyň näme” diýenlerinde, ol “list” diýen rus sözüniň türkmençe terjimesiniň “ýaprak” bolýändygyny aýdýar. Gaýtardylar. Täzeden düzedip gelende “5 sahypadan ybarat” diýip ýazypdyr. Bir list kagyzda 2 sahypanyň-da bolup bilýändigini düşündirjek bolubam durmadyk. Sebäbi ol kömekçi işgärimiz eýtjek- beýtjek, “list” diýlen rus sözünden dynjak. Özüniň türkmen dilini oňat bilýändigini görkezjek. Ýogsa oňa şol “list”sözüni çalyş diýýänem ýokdy. Şol söz ýazylanda-da şo hat gitmeli ýerine gepsiz-gürrüňsiz gitjekdi. Käbir aňymyza giren rus sözlerinden bahymrak dynjak bolmakdanmy ýa başga zatdanmy, bilmeýäris welin, sözleriň terjimesinde-de harsallyklar goýberilýär. Bular ýaly säwliker esasan hem öňki soýuzyň dargan ilkinji ýyllarynda köp goýberildi. Şol wagtlar şeýle tabşyryklar bolýardy. Nädogry terjime edilýänleri-de bardy. Mysal üçin, “вертолёт” sözüni “dikuçar” diýip ulanýarys. Aslynda ol diňe dik uçýarmy, näme?! Вертеть – aýlanmak terjimesine däl-de, вертикаль – dik diýen terjimä salgylanyp ýalňyşaýdylarmyka?! Arada gazetleriň birinde biri “kursdaşym” sözüni özüçe “türkmenleşdirip” “ýyllykdaşym” diýip ýazypdyr. Bolýarmyka bi?! Bizä-ä kän düşünibem baramzok, ümürde ýörän ýaly. Ruçka, klas, kastýum, tarelka, kwartira, razýetka ýaly birtopar aňymyza giren sözleriň anyk türkmençe terjimesi-de ýok ahyr. Bu zatlaryň köpüsi türkmende öň bolmandyram. Muny boýun almagymyz gerek. Şolar ýaly sözler ulanylyp ýörlende hem ýitirýän zadymyz ýok ýaly. Şolary ulanmaly däl, öz gepleşigimize goşmaly däl diýýänem-ä ýok bize, häzirki döwrümizde?! *** Hetdenaşa gahar özüňe howp getirer, ýerliksiz ýumşak bolmak hormatyňy ýitirer. (Sagdynyň hikmetlerinden) *** Döwür geler, dogan dogandan geçer, Demirler asmanda ganatlap uçar. Zenanlar oturyp meý-şerap içer, Her öýde bir tamdyr bolsa gerekdir. – Bu setirler internetde Magtymguly-Pyragynyň ady bilen ýerleşdirilen 5-6 bentden ybarat goşgynyň bir bendi. Muny ýazmak bilen esasy aýtjak zadymyzy hem ilkibaşdan aýtsak artykmaçlyk edip durmaz. Bu goşgy Magtymgulynyň ýazan goşgusy däl. Anyk bilmeýäris welin, takmynan bäş-üç ýyllykda internetde peýda bolup, köpleriň diline düşen bu goşgyny kim düzüpdir, kim internede çykarypdyr belli däl. Ýöne okyjy köpçüliginiň aň-pikirini garjaşdyry-ba bildi. Goşgynyň anyk ady hem ýok. Näbelli awtoryň bu goşgyny beýik Pyragynyň adyndan näme maksat bilen çykaranlygy-da, muny ile ýaýratmak bilen näme peýda görýänligi-de belli däl. Geň galdyrýan ýeri, bu goşgynyň Magtymgylynyň goşgusy däldigine köpler ynanybam baranok. Gaýtam, bu goşgyny, bolmanda ýokardaky bendi okap, Magtymgyly atamyz şeýle keramaty güýçli weli bolupdyr, boljak zatlary öňünden bilip, aýdyp geçipdir diýýänler aşa köplük diýsek megerem ýalňyş sözledigimiz bolmasa gerek. Agzalan bu goşgynyň Magtymguly-Pyraga degişli däldigini bolsa şu aşakdakylar bilen delillendirip bolar. Birinjiden, Magtymgylynyň häzire çenli neşir edilen kitaplarynda beýle goşgy ýok. Ylymlar Akedemiýasida golýazmalar bilen iş salyşan we häzyrki wagtda şu ugurdan işläp ýören işgärler hem gürrüňdeşlikde bu goşgynyň golýazmasyna duşmandyklaryny aýdýarlar. Internetde “Kitapçy” saýtynda Kerim Hallyýew diýilýän bir goşgyçy ýigidiň öz goşgularynyň birinde “Demirler asmanda ganatlap uçar”- Magtymgulydan alnan epigraf diýip, görkezişine, döwrümiziň zehinli ýazyjy-şahyrlary hem (Serdar Ataýew, Sylapberdi Muhamow, Has Türkmen dagy) Magtymgulyda beýle setiriň ýokdugyny öz ýazan teswirlerinde açyk belläpdirler ýa-da makullapdyrlar. Ikinjiden, goşgudaky sözlemleriň aglaba bölegi many tarapdan alnanda Beýik akyldaryň aýtjak sözlerine asla meňzemeýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly ýokardaky dört setiri mysal alyp göreliň: 1-nji setir. “Döwür geler, dogan dogandan geçer”. Iki-ýeke dogandan geçen dogan her bir döwürde-de bolup biler ýöne olar döwrüň geçmegi bilen hiç wagt azalybam baranok, köpelibem baranok. 2-nji setir. Belli bir zat aýtmak kyn welin, bir wagtlar uçaryň döräp bijekdigini Beýik akyldar şahyr öňünden aňypdyr diýäýenimizde hem, ol kurandan ýa Pygammerimizden öňe geçip, “demirler asmana ganatlap uçar” diýip, köpbilmişlik ýa bilgiçlik edip ýörer öýtmeýäris. 3-nji setir. Meý tapsa iki-ýeke ogryn-dogryn içýän zenan atam döwründe-de bolsa bolandyr, häzirki döwürde-de bolup biler. Ýöne oturyp toparlanşyp meý içip ýören zenanlary-ha göremzok. Akyldar şahyr umumy zenanlaryň adresine beýle göwnedegiji (töhmet diýsegem öte geçdigimiz bolmaýar) sözleri aýtjakmy, eýsem?! Galyberse-de, din ugrundan alanymyzda-da meý içmek aýallar bilen deň derejede erkeklere-de gadagan dälmi näme?! 4-nji setir. Tamdyra gezek gelende aýtsak weli, häzirki döwürde öňden bar bolan tamdyrlaram hat-da obalarda-da azalmak bilen. Dogry zada dogry diýmeli, halkymyz çörekden ýa iýmitden-ä hor bolanok. Şäher bolsun, oba bolsun, dükanlar çörekden doly. Şol sebäpden tamdyr köpelmeg-ä beýlede dursun, azalyp barýar, soňky döwürlerde. Tamdyryň azalyp ýa köpelmegini halkyň agzybirligi bilen baglanyşdyrmak hem ir gadym alamançylykly döwürlere - Magtymgulynyň öz ýaşap geçen döwürlerine degişli diýip düşünýäris. Onsoň bu goşgy Magtymgulyňkymy, dälmi, özüňiz oýlanyberiň! Danalaryň dogry belleýşi ýaly, Magtymguly-Pyragynyň bize galdyran öwüt-nesihatlary, aýtgylary geregiçe ýeterlik. Onuň aýtmadyklaryny aýtdyrjak bolmaklygy ýa aýdanlaryny öz bähbidiňe görä kesä çekip ulanmaklygy, özümizä şol Ýagşyzadanyň abraýyna kesek atmak diýip düşünýäris. Kerim Hallyýew ýaly goşguçy ýigitlere bolsa, internedi hem okasaňyz okaň welin, arasynda nusgawy şahyrlarymyzyň öz kitaplaryny-da okamagy unutmaň, köpbilmişlik etmezlige, halkyň oý- pikirini garjaşdyrmazlyga ýardam bolar diýip, gowy niýet bilen, alsalar maslahat hökmünde öz pikirimizi aýdasymyz gelýär. *** “Owadan dogulma, bagtly dogul” diýp, Aýtgam bardyr, oňa jedel ýok welin, Köp halatda owadanlygyň özem, Sebäp bolýan, bagt getirýän ahwetin! Ýaradan megerem, ýaradýan wagty, Owadan keşplere goşýandyr bagty. *** Güler ýüzlüligiň aňyrsynda ýaşyrylan hyýanatdan gork. Derdini özgä duýdurman ýeňýän beýikdir. Ömür hem edil syýahat ýaly, hezilligi hemraňa bagly. (Gazetden). *** 1961-nji ýylda öňki Söwet soýuzy döwleti (Türkmenistan hem şonuň içindedi) Kosmosa adam uçurdy. Bu habar bütin dünýäni haýrana goýdy. Sowet soýuzy toý toýlady. Amerikanyň Birleşen ştatlaryna bolsa bu habar taýak bolup degdi. Sebäbi olar ömür Sowet döwleti bilen ýaşaýyşda her bir ösüş ugruda, esasan-da harby ugurdan Sowet döwleti bilen bäsleşýärdiler. Şondan az wagtlar geçensoň olar hem Kosmosa ýol açdylar. Emma Sowetler bu ugurdan öňdeligi bermeýärdiler. Amerikanlar bolsa her edip, hesip edip Sowet soýuzyndan öňe geçmeli diýen pikir-alada bilen ýaşaýardylar, diýip eşidýärdik hem şeýle-de düşünýärdik. 1969-njy ýylda bolsa garaşylmadyk waka dünýäni ýene-de haýrana goýdy oturaberdi. Amerikanlar 2 sany adamy uçurup aýa gondurdy diýen habar dünýäni aňk etdi. Amerika toý tutdy. Aýyň üstünde Amerikanyň baýdagy dikildi, indi aýa ýol açyldy diýdiler. Amerika aýa uçuşlygy hasam kämilleşdirer diýip pikir edildi. Emma bu beýle bolmady. Şo boldy, şo boldy, aýa adam uçurylmady. Sowet soýuzyda, Amerikada şondan soňam Kosmosa kän gezek adam uçursalar-da, adamy aýa golaý aralaşdyryp bilmediler. Bir gezek gidip gelnen bolsa ýene-de gidiläýjek ýalydy. Aslynda hakykatdan-da aýa aýak basyldymyka?! Soň-soň bu ullakan syr bolup, amerikanlaryň aýa uçuşlaryna ynamsyzlyklar gitdigiçe köpelip başlady. Resmi ýagdaýda aýdylmasa-da, özara gürrüňçiliklerde aýa uçuşlygy amerikanlar ýerde gurnap, ýerde surata düşürip soň edil hakykatdan-da aýyň üstünde ýaly edip telewizorda görkezipdirler diýýärler. Ýöne munyň nähili gurnalandygy, 2022-nji ýylda bolsa gerek, bir gezek Rossiýanyň RenTВ teleýaýlymynda giňişleýin hem aýdyň edip görkezildi. Öňki rus syýasatçylarynyň biri W.Žirinowskiý öz çykyşlarynyň birinde bu ýalançylyklary barada ABŞ-ny paş edenini telewizorda gördük. Şeýlebir geň-taň edilip gurnalan bu sahna oýnuny teleýaýlymda görüp haýranlar galdyk. Beýlede bir çyna berimsiz ýalan bor eken-ow! 1867-nji ýylda Rossiýa Alýaska ýarym adasyny Amerika 7,2 million dollara satypdyr. Bilermenler muny dünýäde iň arzan söwda hasplaýarlar. Şeýle bolsa, 1969-nji ýyldaky amerikanlaryň aýa uçuşlygynyň aldowy hem dünýäde iň uly ýalan diýip hasap edip bolar. *** Çadyr gurup iliň ýolun bekletdi, Köçede toý tutdy, şowhun döretdi. Ýüzläp myhmanynyň göwnüni gözläp, Müňläp ýolagçyny ýoldan güm etdi. *** Belli däl, prozamy ýa poeziýa, Kä ýerinde bar diýmeseň kapiýa. Ak goşgy diýleni- gizlin, kadasyz, Alameýdandaky göreşmikä, ýa?! *** Bimähir garyndaşdan, mähirli ýat ýagşy. Ýakynyňa ýalany, ýada çynyňy aýtma. Dostuňdan malyňy gysganma, garyndaşyňdan sowgadyňy we zyýaratyňy kesme, duşmanyňdan adalatyňy we ynsabyňy aýyrma. Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |