04:47 Dileg | |
DILEG
Mäne babaň aramgähinde sere gelen setirler Eý Ýaradan! arza-dilege geldim, Arz diňleýän Arşyňdamy, Sen, bu gün?! Ýa diýýärmiň: Zyýarata geldiňmi?! Dil berdim: dileg et, agynsaň-agyn. Toba, Taňrym! abyrsyz zat dilemen, Akyl-huşum almasaň bor elimden. Gözýaş edip taý soraýar ol biri, Ýöne beýle söz çykmaz meň dilimden. Ýa Biribar beren taýyňa şükür, Ömürbaky razydyryn bagtymdan. Gündizim ak dünýäm, rahat gijeler - Dynç alýan meýmiräp durmuş aýdymdan. Şükür, ýalňyz bolsa-da berdiň ogul, Bagtym bar, uçmah deý maşgala gurdum. Gürläp-nalap, başga zady soraman, Durmuşyň jennetin öýümde gördüm. Iki gyzym janym synmaz döwletim, Olar ýogym-barym, namysym-arym. Il-günüm-daýanjym, watanym-demim, Şular meniň iki dünýede zarym. Binesip bolmaýyn agtyk-cowlukdan, Ömür uzap gitsin, neslim dowamat. “Baýlyk eliň kiri”, ýöne zar etme, Edewer iş rowaç, başy salamat. Ýürekden bu arzuw: Omyn edewer! Geçmesin bihuda ýigrim dört sagat. Kalbymda men dyza çöküp ýalbarýan - Bolsun il bagtyýar, watanym abat. • Üçleme Neslim dowamat, kuwwatym gözel ýar, Şükrüm köp, ak bagt içinde ýaşaýan Watanym parahat, ajap ýurdum bar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |