17:39 Dogan harplar | |
■ Dogan harplar Howluda birsalym oýnansoň Batyrjygyň ýüregi gysyp başlady. Ol köçedäki beýleki çagalar bilen oýnasy gelip, howludan çykmakçy bolup, gapynyň agzyna bardy. Öý işlerine güýmenip ýören ejesi oňa: «Gel, oglum, düýn kakaň bazardan getiren täzeje oýnawaçlaryňy oýnaý-da!» diýip, bir sebet oýnawajy onuň öňüne dökdi. Batyrjyk birsalym oýnawaçlara göwünli-göwünsiz seredip oturdy. Birdenem tüýdüjek böküp ýerinden turdudyr-da: «Gel, ikimiz dost bolup, bileje oýnaly. Şirin owazymy eşitseň, göwnüň açylar» diýdi. Oglanjyk ony eline alyp, çalyp gördi. Tüýdüjegiň gulaga ýakymly süýji mukamy oňa şeýlebir hoş ýakdy welin, diňläp heziller etdi. Onuň yzyndan ala-mula topjagaz tigirlenip ýanyna geldi-de: «Eý, dost, gel, bileje oýnaly. Meniň bilen oýnasaň, ruhubelent hem-de sagdyn bolarsyň!» diýip ýylgyrdy. Batyrjyk gyzygyp, esli salym top oýnady. Akja kompýuter onuň öňüne geldi-de: «Men dostlarymyň ähli isleglerini berjaý edýärin. Isleseň, dürli gyzykly oýunlary, owadan suratlary görkezeýin. Näme isleseň aýdyber. Meni öwrenseň köp zat bilersiň!» diýip açyldy. Oglanjyk komputer bilen höwrügip, gyzygyp köp oýnapdyr. Onuň yzyndan tigirjik, uçarjyk, ulagjyk we beýleki oýnawaçlaram gelip, dostlaşyp onuň bilen bileje oýnadylar. Şeýdip, oýnawaçlar onuň mydamalyk dostlaryna öwrüldi. Şondan soň oglanjyk hemişe olar bilen äbe-jüýbe bolup oýnady, hijem bir ýüregi gysmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |