01:23 Doganynyñ gandary / detektiw hekaýa | |
DOGANYNYÑ GANDARY (18+)
Detektiw proza
Şunça ýyllyk iş tejribämde öwrenişip bilmeýän ýerlerimiñ biri-de morg. Garşa-garşa gelip, hatda kämahal jeset seljeriş işlerine gatnaşyp durýandygyma garamazdan, haçanda ak faýanslar bilen gurşalan bu iniñi tisgindiriji ýere ýolum düşende, söz bilen beýan edip bolmajak derejede süññüm titreýär, tüýlerim syh-syh boluberýär. Bu gezegem dereksiz ýiten adamsyny gözleýän Şükran hanym bilen bile morguñ gapysyndan gadam basyp basmanka barmaklarymyñ ujundan saçymyñ taryna çenli endam-janym birtüýsli jümşüldäp gitdi. Hamala şol wagt ýeñsämden içerligine aldajy şemal öwüsýän ýaly galdyrap başladym. Hernäme-de bolsa özümi elden bermedim. Boýun alan işime ünsümi berip, aljyraññylygymy gizlemäge çalyşdym we iş otagynda garabaşyna gaý bolup oturan morguñ işgäri Abidiniñ garşysynda dikildim. Ol maña gözi düşenden: - Geliñ-geçiñ, ýoldaş komissar! - diýip, ýerinden turdy. Menem gülümsiräp: - Salam Abidin! - diýdim. - Iki gün öñ deñizden tapylan erkek adamyñ jesedini göräýsek diýýän. - Haýsysyna? - diýdi Abidin. - Saryýagyzynamy, bugdaýreñke? Şükran hanym durlanyp başlan bulançak gözlerini ýüzüme dikip: - Saryýagzyna - diýdi. - Salim saryýagyz ahyry! Abidiniñ dolmuş göwresi halparyp giden ýaly bolsa-da, syr bildirmedi. - Gürrüñ gutardy. Ýörüñ onda, baryp göreliñ, ýoldaş komissar - diýip, Abidin öñümize düşdi. Ak fluoressent çyralaryñ ýagtyldyp duran uzyn koridorynyñ ugrundan ýöräp barýarkak, Abidiniñ ýanymyzdaky aýalyñ bildirmän meniñ ýanyma ýakynlaşjak bolýanyny duýdum. Menem ýuwaşlyk bilen oña ýakynlaşdym. Ýalñyşman ekenim. Ol: - Başlyk - diýip, gulagyma pyşyrdady. - Görjek diýýän jesedimiz suwda köp galypdyr, ýüzi-gözi dagy erbet zaýalanypdyr. Hakykatdanam bu aýalyñ adamsy bolsa, onda ol muña döz gelip bilmäýmese. - Näme edeli, başga alajymyz ýok. Gürleşip durkam Şükran hanym bilen aramy bozman, ol eşitmez ýaly sesimi peseldipdim. Ýöne munuñ peýdasy bolmady. Pyşyrdymyz Şükran hanymyñ ünsüni çekdi. Men ýalandan ýyrşaran boldum-da, Abidin bilen özara pyşyrdymy tapba kesdim. Jesetleriñ saklanýan otagyna girenimizde Şükran hanymyñ meñziniñ meñki ýaly saralyp barýandygyny duýdum. Men öz bolşumy unudyp, derrew onuñ goltugyna girdim. Ol hiç hili ýadyrgap durmady we minnetdarlyk bilen maña gözüniñ gyýtagyny aýlady. Abidin ölüleriñ arasynda däl-de, hamala et satylýan marketde gezip ýören ýaly arkaýyndy. Ol jeset saklanýan metal gaplaryñ iñ çetde duranynyñ gapagyny açdy. Biz golaýlaşan badymyza ol nosilkany bärik çekdi. Ak prostyn bilen üsti örtülen jesediñ diñe aýaklary daşynda somalyşyp durdy. Abidin "Açaýynmy?" diýen manyda ýüzüme çiññerilende, bu ýerde kän eglenip durmazlyk üçin "Hawa" diýen manyda başymy atdym. Abidin usullyk bilen prostyny çekdi. Gözümiziñ öñünde suwda çişip, sary bilen açyk ýaşyl reñk aralygyndaky bir reñke öwrülip giden ýalañaç jeset ýatyrdy. Ilki gözüme ilen zat - onuñ boýnundaky goñras halkalary gurşap duran çuñ ýara yzy boldy. Ýaranyñ pyçak ýa-da päki ýaly ýiti tyg bilen ýetirilendigi görnüp durdy. Ölüme getiren sebäbem şol şikes bolandyr diýip oýlanyp durkam, Şükran hanymyñ çaşandygyny duýup, gaýtadan onuñ goltugyna girdim. Az salymlyk dymyşlykdan soñ ol boguk ses bilen bir zatlar diýişdirdi. Näme diýenini añşyrmasamam, hyrkyldyly gözýaşa gark bolan aýalyñ sesinden adamsy Salimi tanandygyny añdym. Ýöne anyk netijä gelmek üçin ýene-de soramak gerekdi. - Şolmy? Adamyñyz Salim begmi? Ol bu sowalyma söz bilen däl-de başyny egip jogap berdi. Biçäräni derrew morgdan alyp çykdym. Içeriniñ ölümiñ ysy gelip duran petiş howasynyñ tersine, daşarda adama ýaşamaga höwes döredýän gün höküm sürýärdi. Emma aýal görgüliniñ ne-hä şeýle ajaýyp güýz gününi, ne-de deñiziñ üstünden öwüsýän ýyljak şemaly duýmaga ýagdaýy bardy. Şeýle-de bolsa, ol esli salym aglap, işini boşadandan soñ geplemäge rowgat tapdy. - Salim hojalyk enjamlaryny satýardy - diýip, içini çekdi. - Birnäçe aý bäri söwdasynyñ ugry bolmady. Öz öý goşlarymyza deñiç girewne goýdy. Algydarlar häli-şindi gapymyzy kakyp durýardy... - Algydarlardan size haýbat atan biri bolupmydy? - Soñky wagtlar Salimi sorap kimdiri biri jañ edýärdi. Telefonda gepleşip bolansiñ, Salimiñ ýüz-gözi üýtgäp, bar keýpi gaçardy. Näme bolýandygyny sorasamam, maña hiç zat aýtmaýardy. Onsoñam Salim dymma häsiýetli adamdy, öýde kän gepläbem durmazdy. Işi barada-ha asla söz açmazdy. Bir gün jañ gelende trubkany men göterdim. Gepleýän türkçäni gowy bilmeýän biridi. Salimi sorady. Adamym ýatyrdy. Oýaryp bimaza etmek islemedim. "Salim ýok, kim soraýar?" diýdim. "Kerim kekeç diýseñ özi biler" diýdi. Trubkany goýjak bolup durkamam: "Dur bir minut ýeññe" diýip, sözüni dowam etdi: "Äriñe aýt, bergisini derhal üzsün, ýogsa menden gowulyga garaşmasyn!" Şunça aljyrasamam, gorkanam bolsam "Näme diýjek bolýarsyñ?" diýip soramaga bognum ysdy, ýöne ol adam diñlemän telefony goýdy. Şükran hanym göýä şo pursatyñ içinde ýaly sesi saññyldamaga, ýüzi çytylmaga başlady. Men öñ Kerim kekejiñ adyny eşidipdim. Ol söwdagärlere paç salmak bilen meşgullanýan täze dörän mafiýa şagallarynyñ biridi. Salimi ol öldürip bilermi? Men Şükran hanymdan: - Adamyñyza aýdypdyñmy kekejiñ aýdanlaryny? - diýip soradym. - Aýtdym, dagy näme. Salim "Alada etme, hetdinden aşanyñ biri, men ol meseläni ertir çözerin" diýdi. Çözülen zady bolmady. Gaýtam Salim pahyryñ ganyna galdylar. - Bu Kerim kekeç bilen adamyñyzyñ gatnaşygy nähilidi, heý, şo barada bilýän zadyñyz barmy? - Wah, bilemok-da, neresse meni gynandyrmajak bolýardymy näme, işi barada hiç dil ýarmazdy. - Ýeri bolýa, başga kim bilip biler muny? Şükran hanym çygjaran gözlerini elýaglygy bilen süpürdi. Soñ uludan demini alyp bir salym oýlanyp durdy. Ol ahyryn ysgynsyz: - Belki... - diýdi. - Belki, öñki işleşen ýoldaşy Sükri aga biler. - Nireden tapyp bolarka Şükrini? - Selimiñ dükanynyñ golaýynda ýuwelir dükanyny ýöredýän bolmaly. Öýleden soñ işgärim Alyny ýanyma alyp Kadyköýüñ iñ adamly köçelerinde ýerleşýän Salimiñ dükanyna gitdik. Dükanyñ goçak ýazgysy beýlekilerden saýlanyp ýüz metr bärdenem görnüp durdy. Ýöne dükana golaýlaşanymyzda onuñ içiniñ borram-boşdugyny gördük. Algydarlar eline ilen zatlaryny alyp, dükany towsa göteren bolara çemli. Gapdaldaky uly dükan Salimiñ öñki şärikdeşi Sükri gyzylçyñky bolmalydy. Men Alyny yzyma tirkäp ol dükana tarap ýöneldim. Dükanda her dürli altyn bilezikler, ýüzükler, gulakhalkalar, boýna dakylýan zynjyrlar, gymmatbahaly goşar sagatlary doldurylan aýna witrinanyñ añyrsynda alty sany adam işläp ýördi. Bizi müşderidir öýden satyjydan Sükri begi soranymda, ol içki otagda oturan bugdaýreñk, uzyn boýly adamy görkezdi. Şükri beg bizi ilki sowuk-sala garşylanam bolsa, polisiýa işgäridigimizi bilensoñ, bar keýpi gaçdy. Elbetde, onuñ bu bolşy gözümizden sypmandy. - Salimiñ işi boýunça sorag-ideg edip geldik - diýdim. - Bile işleşen ekeniñiz. - Işleşipdim... - diýip, ol meniñ sözüme düzediş girizdi. - Işler ugruna gitmänsoñ men ýuwelirlige baş goşdum. - Dogry karara gelipsiñiz. Ýogsa sizem edil şu pursatda onuñ ýaly morgda ýatyp bilerdiñiz. - Mo.. mo... morgdamy? - diýip, boz-ýaz bolan Şükrä: - Hawa, morgda - diýip, Aly jogap berdi. - Boýny kesilip deñize oklanypdyr. - Ölüpmi? - Ýok-la, howa hem yssy bolansoñ, morgyñ salkynjak künjüni ýassanyp ýatyr peläket. Alynyñ ýañsylaýjy gürrüñine birhili bolan Şükri menden kömek isläp: - Nämeler bolup geçýär, açyk düşündirseñizläñ, haýyş edýärin? - diýip, hümür-sümür etdi. Bolan wakany howlukman gürrüñ berdim. Ol meni demini alman diñländen soñra: - Bu bolup bilmez! - diýdi. - Gynansak-da şeýle boldy. Öñki işleşen şärikdeşiñ bolandygy üçin belki-de kime bergisiniñ bardygyny bilýänsiñiz? - Näme... näme diýdiñiz? - diýen Şükri aljyrap başlandygyny bildirmezlige çalyşdy. - Salimi algydarlary öldüren bolmaly. Kimlere bergisi bardy? - Köp adama bergisi bardy. Ýöne olaryñ içinde iñ ulusy birnäçe aý öñ bankdan alan karzy bolmaly. - Birnäçe aý öñ diýdiñizmi? - diýip, men haýran galdym. - Şükran hanym adamsynyñ näçe aý bäri agyr ýagdaýda gezip ýörendigini aýdypdy. Bank Salimiñ kyn gündedigini görübem nädip karz berdikä? - Onuñ bank müdiri Emel hanym bilen arasy gowudy. - O nähili gowudy? Açyk düşündirsene ýaşuly. Şükriniñ başky aljyraññylygyndan nam-nyşan galmady. - Salim görmegeý adamdy... Aýal oña bir ýeñillik döreden bolaýmaly. Erkek jalataýlygyndan söz açylanda biz erkekleriñ ýüzüne çaýylýan ýeñles ýylgyryşa giren Aly: - Asyl şeý diýsene? - diýip, ýeñiljek dem aldy. Onuñ bu soragy Salimiñ tarapyny çalýana meñzeýärdi. Men durup bilmän: - Tanamaýan bir aýalyñyza töhmet atmaga utanañzokmy? - diýip gygyrdym. - Töhmet däl başlyk - diýip, Şükri açyk gürrüñ bermäge çalyşdy. - Ol aýal Salimiñ gezýänidi. Ony şu taýdaky söwdagärleriñ bilmeýäni ýok. - Goýsañyzlañ şu gep tapsa çörek iýmeýän gybatkeş söwdagärleriñiziñ hyşy-wyşylaryna gulak gabartmañ... - diýenimden, Şükri, sözümi bölüp: - Bir minut, komissar, bärde subutnama bar ahyryn - diýip, ýerinden turdy we seýfiniñ içinden bir fotosurat çykardy. Suratda Şükri bilen Salim, hersiniñ ýanynda-da bir aýal bardy. Aýallar çekinmän-zat etmän, olar bilen gol-gola salyşyp we ogşaşyp surata düşüpdirler. - Gördüñiz dälmi? - diýip, Şükri öz ýanyndan gabarylan boldy. - Aýdyşym ýaly ol aýal gezýänidi. Salim ýalan wadalar bilen görgülijigiñ gulagyna münüpdir. Aýalam näme saly gowşak aýal-da, Salim näme diýse edip duran bolandyr soñ. - Näme diýse edip durany näçe lira bolduka? - diýip, Aly gürrüñe goşuldy. - Iki ýüz milliard çemesi bolandyr öz-ä. - Ummasyz pul eken - diýip, Aly gözüni tegeledi. - Biz sorasagam berermikä şonça puly? - Siziñ ýeriñizde bolsam muny etmezdim. Bu "näme diýse edip duranlygyñ" bahasy Salimiñ ömrüni ogurlady. Şükriniñ näme diýjek bolýanyna düşünmedim. Şonuñ üçin ondan: - Siziñ pikiriñizçe Salimi bankdan biri öldürdimikä? - diýip soradym. - Bank däl-de, alan kreditiniñ ýerini doldursyn diýip hakyna tutan mafiýa güjükleri bolup biler. Men onuñ bu sözüne: - Banklar bular ýaly hapa işlere bulaşar öýdemok - diýip garşylyk görkezjek boldum. - Ýeri bolýa-la komissar, hemmä mälim zady aýtdyrjak bolup durmasana. Mafiýa aýakçylyk etmese bank dolanşygynda çöp başy gymyldamaýar. Ol hakykaty aýdýardy. Gynansak-da, indi raýatlar özara düşünişmezliklerini çözmek üçin döwlet edaralaryna ýüz tutmagyñ ýerine Kerim kekeç ýaly parlañküşlere ýüz tutýardy. Başga-da birnäçe gereksiz soraglary berip bolanymyzdan soñ, görkezen suratyny alyp Şükrinuñ ýanyndan gaýtdyk. Gözlegimiziñ başyny bankyñ "Bahariýe" şahamçasyndan başladyk. Ol ýerde bize Emel hanymyñ işden çykarylandygy aýtdylar. Biz onuñ öý salgysyny aldyk. Suratdan baha bermek kynam bolsa, Emeliñ öz ýaşyndan has ýaş görünýän otuz bäş ýaşlaryndaky owadan aýaldygy görnüp durdy. Ol bizi diýseñ mähirli garşylady we ýörite taýýarlanan hoşboý ysly çaý hödür etdi. Men çaýdan bir owurt owurtlanymdan soñ: - Salim bilen haçandan bäri tanyşlygyñyz bar? - diýip soradym. - Birnäçe ýyldan bäri tanyş - diýip jogap beren Emel hiç hili säginmän sözüne dowam etdi: - Diýseñ gowy müşderimizdi. - Onuñ bergisiniñ köpdügini bileñzokmydy, gorkman nädip kredit berip bildiñiz? - Iki willa bilen tomusky daçasyny ipoteka goýduk. Görüp otursak, bize görkezilen gozgalmaýan emläkler onuñ özünkem däl eken. - Düşünmekde kynçylyk çekýän - diýip, Aly gepe goşuldy. - Näçe ýyl işläp ýören banky nädip şeýle añsat aldap bolýar. - Maña galp resminamalar görkezen eken. Olaryñ galpdygyny nirden bileýin? - Sorap-idäp görmek kelläñize gelmedimi? - diýip, Aly Emeli aljyratjak boldy. - Salim ynama giren adamdy - diýen Emeliñ sesiniñ titremäge başlany biziñ gözümizden sypmady. - Onuñ bankymyz bilen gatnaşygy mydama gowy bolupdy. Oña ynandym. - Oña ynandyñyzmy? Ýogsa-da oña ynanan bankyñ adminstrasiýasymy ýa-da siz? - Men ynandym - diýip, Emel lapykeç jogap berdi. Men hasam çynlakaý görnüşe girip: - Emel hanym, ol siziñ ynamyñyza nädip girdi? - diýdim. Ol bolsa: - Aýdyşym ýaly, ol ynama giren adamdy... - diýip, ýalan sözlemegini dowam etmäge çalyşdy. - Nämä gerek bu biderek bukjak bolmalar? - diýip, men jübimdäki fotosuraty oña uzatdym. Men muny aýdanymda, mümkin boldugyça sypaýyçylugy elden bermezlige çalyşdym: - Arañyzyñ bardygyny bilýäris. Bize hakykaty aýtsañyz, bu diñe siziñ öz haýryñyza bolar. - Gaýrat ediñ, bu suraty gazetlere beräýmäñ. Garry enem muña namys edip öläýer. - Gaýgy etmesene - diýip, men mylaýym gürledim. - Hiç bir žurnalistiñ eline bu suratyñ düşmejegine size söz berýärin. - Salim meni aldady - diýen Emel esli salym dymansoñ, sözüne dowam etdi: - Ol maña däli-telbeler kimin aşyk bolandygyny aýdýardy. Hatda ol "Aýalymy kowjak, ýakynda ikimiz nikalaşarys" diýýärdi. "Ýöne ilki bergilerimi üzeýin, işlerimi düzedeýin" diýýärdi. Men oña ynandym. Wezipe ygtyýarlygymy hyýanatçylykly peýdalanyp kredit berdim... Ol ýüzüni sallap biraz dymdy. - Käşgä bermedik bolsadym! - diýip, bize däl-de öz-özüne aýdýan ýaly gürläp başlady: - Boldy boldy, bar zat maña boldy. Abraýymdan, işimden, bar zadymdan jyda düşdüm. Ol ýüzüni galdyrdy, indi onuñ gözlerinde gahar-gazap lowlap ýanýardy. - Belkäm, tiz wagtda bank ol kezzapdan puluny alsa, menem öñki işime dolanyp barsam. - Bank nädip aljakmyşyn puluny? - diýip, Aly ondan sorady. - Mafiýa arkalanypmy? - Näme diýjek bolýanyñyza düşünmedim? - diýip, owalam owadanlygy bilen gözüñi gamaşdyryp duran aýal gözlerini gyrp-gyrp etdi. - Mafiýa diýýärin. Ýagny bank almaly pullaryny wagtynda alyp bilmedik ýagdaýynda mafiýa toparlaryna ýüz tutup bilermi? - Ýok, ýok! Beýle zat asla bolup bilmez! Biz almaly pullarymyzy diñe kanuny ýollar arkaly gaýdyp alýarys - diýen aýal ilkinji gezek gaşlarynyñ arasyny birikdirip gürledi: - Maña näme üçin beýle soraglary berýärsiñiz? - Sebäbi Salim öldürildi - diýip, men batly jogap berdim. - Öldürildi? - Emel tisginip gitdi. - Ýagny Salim öldümi? Aýalyñ bolşy üns merkezimdedi, ol özüni bu habary ilkinji gezek eşidýän ýaly alyp barýardy. Onuñ ýüzüne bir pursatlyk gussa perdesi çöken ýaly boldy. Şeýle-de bolsa ençeme ýyllyk iş tejribäm bular ýaly ýasamalyklara aldanmaly däldigini öwredipdi. - Siiziñ çy... çynyñyzmy? - diýip Emel sowalyny tekrarlady. Biziñ ýüzümizden "hawa" diýen manyny okansoñ gözýaş dökmäge başlady. - Diýmek, meni aldaman ekeni - diýip, hümürdedi. - Diýmek, meni hakykatdanam söýýän eken. Diýmek, ol dogruçyl adam eken. - Häzirlikçe oña kepil geçip bilemzok - diýip, meniñ ýerime Aly jogap berdi. - Entek şu meselede hiç zada kepil geçip bilemzok. Biz diñe Salimiñ mafiýa tarapyndan öldürenligini güman edýäris. - Ol sözüniñ yzyma kinaýaly sözleri-de sugşurmagy ýatdan çykarmady: - Iñ esasy sorag bolsa mafiýany kimiñ ulananlygy. - Bank asla beýle işe baş goşmaz! - Onda siz?.. - Nädip beýle zady aýdyp bilýärsiñiz? - diýip, gykylyklap başlan Emel nadaralyk etdi: - Ýalñyşýarsyñyz! Men ony tüýs ýüregimden söýýädim. Aly sowukganly tüýsüni üýtgedenokdy. - Şeý diýen bolýarsyñyz, ýöne bu işden iñ köp zyýana galanam siz. Salim diñe puluñyzy soýmak bilenem çäklenmändir, gezýän erkegiñiz hökmünde bildiren ynamyñyzy hyýanatçylykly peýdalanypdyr. Emeliñ ýüzi lap-lap gyzmaga başlady. - Şonuñ üçinem Salimi men öldürdendir öýdýärsiñizmi? - diýip, üstümize dübledi: - Onuñ ölendigini eşidip, meniñ neneñsi hala düşendigimi görmediñizmi? Siz meni kim hasaplaýarsyñyz? - Dogrudyr welin... - Welini-selini ýok. Ýalñyşýarsyñyz. Men mafiýany hakyna tutmadym. Siz mafýa barada bilesiñiz gelse, Şükri begiñ ýakasyndan tutuñ. - O nähili Şükri begden? - diýip, ara goşuldym. - Hawa, Şükri begden. Salimiñ Şükrä bergisi bize bolan bergisinden has köpdi. Men darygyp başladym. - Siz ony nirden bilýärsiñiz? - Sorap-idäp bildik. Salimiñ Sükri bege 250 milliard bergisi barmyşyn. Mafiýany şol tutandyr. Men haýran galyjylyk bilen Alynyñ ýüzüne sereden badyma, el telefonyma jañ geldi. Görsem edaradan Raif eken. Ol özüni Şükran hanymyñ goñşusy diýip tanadan bir aýalyñ jañ edendigini aýtdy. Jañ eden aýal Şükran hanymy üç sany näbelli adamyñ zor bilen "BMW" awtoulagyna mündürendiklerini görüpdir. Ol awtoulagyñ belgisini belläp ýetişipdir. Awtoulagyñ belgisi Kerim kekejiñ adyna eken. Men Raife: - Bolýar, häzir barýarys - diýdim. Bu duýdansyz gaýdyşlyga düşünmän galan Aly aýal bilen bile meniñ ýüzüme mölerip seretdi, ýöne sesini çykarmady. Men çykjak bolanymda Emel: - Haýyş edýärin, işleri birýüzli edýänçäk Stambulyñ çäginden çykaýmañ - diýdim. Ol meni haýran galdyryp: - Bolýar! - diýip, arkaýyn jogap berdi. - Ýöne ynanaýyñ ony men öldürmedim. Ýolda barýarkak bolup geçen zatlary Ala gürrüñ berdim. - Diýmek Salimiñ ganyna galan Kerim kekeç bolup çykaýýa-da - diýip, Aly özüçe netije çykardy. - Häzirlikçe şeýle ýaly. Ýöne ýene bir sorag orta çykýar. Kerim kekeç Salimi öldüren bolsa, o pahyryñ aýalyny näme üçin alyp gaçdyka? Soragyma derekli jogap tapyp bilmedik Aly edara barýança geplemän gitdi. Edaranyñ agzy gelim-gidimden ýaña hyñ berýärdi. Aýratyn toparyñ garadangaýtmaz hemem azajyk sabyrsyz başlygy Koraý tabynlygyndakylary daşyna toplapdyr. Öýleden soñ Kerim kekejiñ bolýan ýerini gabaw astyna aldyk. Geñ göräýmeli! Kerim kekeç hiç hili garşylyk bermedi. Biz ony on bir adamy bilen bilelikde ýeke ok atman ele saldyk. Elbetde, olar hiç zady boýun almadylar. Ýöne olardan çykan çek depderçeleriñ Salimiñ Şükri bege ýazyp beren çekleridigini görenimizden soñ Kerim kekeç sypajaklap durmady. Ol çekleri Şükri gyzylçydan alandygyny boýun aldy. Indi Şükran hanym ortada ýokdy. Men kekeçden ony nirä äkidendiklerini soradym. Kekeç ýüzüni ýigrenji syrtardyp: - Biz ony alyp gaçamzok, diñe adamsynyñ nirededigni anyklamak üçin awtoulagymyzda az salym gezim etdirdik. Soñam Saryýerde düşürip goýberdik - diýip jogap berdi. "Eýse aýal biçäräni-de adamsy ýaly öldürip deñize oklaýdylarmyka?" Dessine Şükran hanymyñ ýaşaýan ýerine jañ etdim. Hakykatdanam Şükran hanym öýüne dolanan eken. Ol kekejiñ aýdanlaryny tassyklady. Ony zor bilen awtoulaga mündüripdirler. Adamsynyñ nirededigini sorapdyrlar. Eger bergisini wagtynda üzmese, soñy gowulyk bilen gutarmaz diýip haýbat atypdyrlar. Soñam Saryýerde düşüripdirler. Sorag otagyndan çykanymyzda Gün dogup gelýärdi. Howa şonda-da alagarañkylykdy, az salymdan bolsa siññitli ýagyş ýagyp başlady. - Başlyk - diýip Aly söz oklady. - Göşlüje gyzgynjak çorbadan iýmälimi? - Gowy pikir. Añrymyza bir zat atmasak bolmaz. Ýarym sagat geçmänkä Galatasaraýdaky "Lale" garbanyşhanasynda tamdyrdan ýañy çykan gyzgynja çörek bilen çorbamyzy symyşladyk. Çaýteýi edinensoñ çaý içmäge durduk. Men: - Ýeri, aýt bakaly, nöker - diýip Ala sorag berdim: - Salimi kim öldürip biler diýip güman edýäñ? - Kekeç däldigini anyk bilýärin, başlyk. Ýogsam bolmasa ol onuñ aýalyny alyp gaçmazdy. Şükri gyzylçy başga bir mafiýa topary bilen dilleşen bolaýmasyn? - Pikirem edemok! Kekejiñ elindäki çekleriñ gymmatynyñ 300 milliarddan aşýandygyna üns bermediñmi näme? Ýagny Salimiñ Şükrä bolan bergisine barabar. - Onda Emele näme diýjek? Onuñam eli bar bolaýmasyn? Bankyñ puluny ýerinde goýmak üçin... - Pul! - diýip, men onuñ sözüni kesdim. - Ynha, ýumagyñ ujuny çöşlejek ýeke-täk sözem şu. Salim bankdan alan puluny Şükrä bermedik bolsa, näme etdu puly? Puluñ kimdedigini anyklasak, ganhory-da taparys. - Dogry welin, puluñ nirdedigini nädip bileris, başlyk? - diýip, Aly alada galdy. - Salimi gowja öwrenmek gerek. Men Şükran hanymyñ ýanyna gideýin. Sen bolsa telefon aragatnaşygy bölümine bar. Ol soñky bir aýyñ dowamynda kimler bilen jañlaşypdyr, kimler bilen görüşipdir, anykla. Men Alynyñ yanyndan gaýdyp, awtoulaguma münen badyma ýagyşyñ diñendigini duýdum. Gatbar-gatbar jaýlaryñ arasyndan jyklap bakan Gün şöhlesi gyýtaklap ýüzüme düşdi. Gün guşluga galansoñ Şükran hanymyñ gapysyny kakdym. Görgüliniñ gijesini çirim etmän geçirendigi bildirip durdy. Ol aljyraññy halda, utanyp-uýalyp içeri girmegimi mürähet etdi. Ony alyp gaçanlaryñ saklanandygyny buşlanymda naçaryñ ala gözlerinde birhili gussaly begenç alamaty peýda boldy. Gürrüñe başlamagyñ ýeri geldi hasap edip, oña söz gatdym: - Salimiñ ýakyn garyndaşy, dost-ýarlary ýokmudy? - Ýakyn garyndaşy ýok. Salim kiçijik çagaka maşgalasy Ordu şäherinden Stambula gelipdir. Soñ olar Orda gidip, yzlaryna dolanmanoñ, Salim bärde galyberipdir, gatnaşygam kem-kemden ýitipdir. - Soñky wagtlarda öýe gelip giden ýa-da jañ eden dostlary boldumy? - Ýo-ýok, hiç kim jañ etmedi. Hä, dur, dur, tasdan unudýardym. Bakyrköý ruhy hassahanasyndan jañ edipdiler. Jañ eden bir lukmandy, adynam aýdypdy, ýöne ýadymdan çykarypdyryn. Salimi sorady. Gepleşdiler. Salime onuñ näme üçin jañ edenligini soranymda, barjamly bir dostunyñ hassahananyñ durkuny täzelemek üçin pul eçiljek bolýandygyny, şol meseläni gürleşendigini aýtdy. - Bäh! - diýip, men oña sorag bermegimi dowam etdirdim: - Ol ynsanperwer adam kimkä? - Kelläme Şükri dogandan başga hiç kim gelenok. - Şükri bolup bilmez. Hassahanadan habar tutalyñ, göreliñ hany, olar näme diýerlerkä? Günortana golaý Aly bilen edarada duşuşdyk. Men onuñ getiren telefon jañlarynyñ giriş-çykyş sanawyna göz gezdirim. Salim banka we hojalyk enjamlaryny satýan zawodlara jañ edipdir. Ünsümi sanawyñ ahyrlarynda Bakyrköý ruhy hassahanasyna edilen jañlara ünsümi gönükdirdim. Ol geçen aýyñ içinde hassahana dört gezek jañ edipdir. Men: - Salimiñ pullary haýyr-sahawat üçin ulanmagyny isleýärsiñmi? - diýip gülümsirämde, Aly: - Salim beýtjek adama meñzänok, başlyk - diýdi. - Dogry aýdýañ. Şu hassahanany hem gözden geçirsek kem bolmajak ýaly. Bakyrköý ruhy hassahanasynyñ gür baglara bürenen giñ howlusyndan geçip baş lukmanyñ otagyna bardyk. Baş lukman domma biri eken. Näme maksat bilen gelendigimizi mälim etdik welin, ýüz-gözüni asyp hüñür-hüñür etdi. - Soñky wagtlar bizde bular ýaly haýyrly iş bolup geçmedi. - Hany sizden habarsyz... - Menden habarsyz bu ýerde guş uçmaz! - diýip sözümi gap bilinden kesdi. Soñra ýognas gaşlarynyñ birini dik ýokary galdyryp: - Siziñ soraýan adamyñyz başga bir sebäp bilen hassahana jañ edip bilmezmi? Meselem, bizde ýatan bir näsagy bardyr? - Mümkin däl, ýöne şonda-da, eger razylyk berseñiz göz gezdirip çykaýalyñ? - Göz gezdireliñ, elbetde. Ady näme diýipdiñiz şonuñ? - Salim Aryjy. Baş lukman öñünde duran žurnala seretmäge başlady, az salymdanam: - Aýtdym ahyryn! - diýdi. - Bizde dogany bar eken onuñ. - Dogany? - Özem ekiz taýy. Aly ikimiz birden dillendik: - Ekiz taýy?!. Biziñ bolşumyza üns bermedik lukman düşündirmäge çalyşdy. - Hawa, hawa, ekiz taýy. Çagaka meningit geçiripdir. Añ taýdan näsag... Men lukmanyñ sözüni kesdim: - Ol häzir şu ýerdemi? - Ýok. Geçen hepde dogany ony hassahanadan alyp çykypdyr. - Sizdäki ekiz taýynyñ ady näme? - Selim Aryjy. Biz gerekli maglumatymyzy alypdyk. Şonuñ üçinem: "Köp sag boluñ, ýoldaş lukman" diýip, derrew turmak bilen bolduk. Turanymyzy gören lukman birhili boldu-da, bizi synlady. Bize onuñ bilen güýmeñ-saýmañ edip durar ýaly artyk wagtymyz ýokdy. Ol ýerden çykyp-çykmanka "Enşalla, o näkes elimizden sypmadyk bolsun-da hernä" diýip, telefonumy elime aldym. Telefonyñ añyrsyndan ilaty pasportlaşdyrmak boýunça bölümiñ işgäri Pala Ýusubyñ sesini eşidip: - Allo, Pala, salam, men Newzat - diýdim. - Oh-ho Newzat, nähili ýagdaýlaryñ, oñatmyñ? - Oñat, oñat. Gyssagly bir maglumat gerek boldy. Ýakyn wagtda Selim Aryjy diýen birine pasport beripmidiñiz? Zähmet bilmän, bir görüp bersene. - Mesele däl, agam. Derrew bilip bereýin. - Aý sag bol-a, telefony goýýan däldirin, habaryña garaşýaryn. Hassahanyñ howlusynda gezmeläp ýören näsaglaryñ arasyndan çalt-çalt ýöräp geçip awtoulagymyza münenimizde Aly: - Iki dogan şo derejede biri-birine meñzeýärmikä? - diýip sorady. - Ekiz diýenini eşitmediñimi näme? - Ýöne Selim eýýäm birnäçe ýyl bäri hassahanada. Adaty adamdan tapawudy bolaýmaly? - Iki günläp deñizde galansoñ jeset sozulypdyr ahyryn. - Belkäm deñize ýörite oklanandyr. Aralaryndaky tapawutlyklar ýitsin diýip? - Ahmal şeýledir - diýip, men awtoulagyma münüp barýarkam gürrüñe nokat goýdum. Edaranyñ awtoulagdan hyryn-dykyn doly duralgasynda awtoulagyma ýer gözläp durkam, el telefonyma jañ gelip başlady. Jañ eden Ýusup eken. Ol Selim Aryjy atly bir raýatyñ iki gün öñ bäş ýyllyk pasport alandygyny habar berdi. Telefony goýansoñ, Ala ýüzümi öwrüp: - Hernä gaçyp ýetişmänkä ele salyp biläýsek näkesi - diýdim. - Uçara münüp jyrmagy meýilleşdiren bolmaly. Ähli aeroportlary ilik-düwme barlamaly. Her zat bolup biler, şonuñ üçin gümrük nokatlaryna-da fotosuraty faks bilen ugratmaly. Hudaý diýen ýerimiz bar eken. Selim Aryjy diýen ada Howa Ýollary gullugynyñ ýolagçylar sanawynda duş geldik. Ol agşam sagat 21:00-da uçmaly samolýot bilen Awtsriýa gaçyp gitjek eken. Topar bolup Ýeşilköý aeroportynda hereket etmäge taýýar ýagdaýda garaşyp durdyk. Beýleki işgärler zalda aýlanyşyp ýörkäler, men Aly bilen samolýota giriş bölüminiñ agzynda dikilgazyk bolduk. Hemmämiziñ elinde Salimiñ suraty bardy. Sagat sekizi tegelände raýat eşikli işgärimiz Ragyp rasiýa arkaly gözleýän adamymyzyñ gelendigini habar berdi. Biraz wagtdan soñ men ony gördüm. Göze ilmejek ýönekeý penjek-jalbar geýen, bir eli çemodanly ýuwaşlyk bilen ýolagçylaryñ kabul edilýän bölümine ýöräp barýardy. Men Ala giriş gapysynda garaşmagy tabşyryp, oña tarap ýöredim. Meniñ herekete geçenimi görüp, beýleki işgärlerrm Salime golaýlaşyp başladylar. Ol öñümdek kesip geçende: - Salim Aryjy! -diýip seslendim. Onuñ ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä dönenem bolsa, syr bildirmän ýöremäge çalyşdy. Men onuñ egnine elimi atyp, gaýtadan seslendim: - Salim Aryjy! Siz Salim beg dälmi? Ol säginip ýalandan ýylgyran boldy, soñam mylaýym ses bilen: - Ýalñyşýarsyñyz - diýdi. - Siz meni doganym bilen bulaşdyrýañyz öýdýän? - Mümkün däl! - men ony ýañsylaýjy, ýöne gazaply nazar bilen daladym: - Doganyñyzyñ ölenini ýadyñyzdan çykaraýdyñyzmy? Bir gije onuñ bokurdagyny kesip deñize oklapdyñyz ahyryn. Ahmet ÜMIT. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||