00:14 Dogry söz | |
DOGRY SÖZ
Publisistika
Türkmen halkynyñ taryhynda milli ruhuñ ösüşlerine oñaýsyz täsir eden sowet döwri ýakymsyz yz galdyrdy. Sowet ideologiýasy türkmeniñ ruhy-ahlak ýoluna kommunistik ahlak düzgünleriniñ, ateizmiñ üsti bilen uly zarba urdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen añyny sowet düşünjelerinden, endiklerinden saplamak ugrunda düýpli işler alnyp baryldy. Sowet döwrüniñ hakykaty barada kän-kän zatlar aýdyldy. Amanbibi Muhammedowanyñ "Dogry söz" atly şu makalasynda ýetmiş dört ýyla çeken şol biweç düzgün barada söz açylýar. * * * Men bir taksa mündüm. Maşynyñ sürüjisi gürrüñdeşlige ilgezik adam eken. Ol meniñ elimdäk kagyzlara, gazetlere göz aýlap, nirede işleýänligim bilen gyzyklandy. Sowet döwri barada söz açyp, şol döwür barada dogry söz aýtmalydygyny nygtady. Dogry söz. Onda-da ýetmiä ýyllyk döwür baradaky dogry söz. Ol indi näçe ýyl bäri aýdylyp gelinmeýärmi näme? Ine, bir filosof şeýle diýipdir: "Filosofiýa, bu - ýüzugra ynanýan zatlaryñy esaslandyrmak üçin, şübheli sebäpleriñ gözlegidir". Adam añynyñ özgerişi hem şübheleriñ seljerilişiniñ uzaga çekýän prosesi bolmaga çemeli. Sowet döwri barada her şahsyýetiñ öz akyl ýetirişine, durmuşy duýup bilşine laýyk gelýän dogry sözi bolup bilmezmi näme? Adam ömürleri deñ däl-ä. Her kimiñ şahsy ykbalynyñ döwürleriñ şertlerine görä bolup durmaýanlygy sada hakykat. Mekdepde jemgyýeti öwreniş sapagyny okadan mugallymymyzyñ: "Okuwçylar, kommunizme ýetenimizde-de, adamlaryñ hemmesi uçdantutma bagtly bolar öýdüp pikir etmäñ. Şowsuzlyklar, ölüm-ýitim kommunizmde-de bolar" diýip, çyny bilen aýdan sözleri indi kommunizm barada juda ýöntemlik bolup görünse-de, şowsuzlyklar, ölüm-ýitim hakdaky aýdanlarynyñ durmuş hakykatynyñ beýanydygyny inkär edip bolmaz-a. Taksiniñ sürüjisi hem sowet döwrüniñ däl-de, şol döwürdäki öz ykbalynyñ hoş günleriniñ zaryny çekýäne meñzeýärdi. Ýöne ol hakyky hoş günler däldi. Ol kommunistik aldawa duwlanan günlerdi. Şu hakda pikir edenimde, bir ýagdaý ýadyma düşdi. Segseninji ýyllaryñ başlarynda men etrap gazetinde işläp başladym. Her gün şol bir ýol bilen pyýada işe gatnaýardym. Günde işden gelýärkäm, papagyna çenli gara ýag siñen bir ýaşuly hem eline bir topbak tagtajyk alyp, öñümden çykýardy. Ol wagon bejeriji zawodda işleýän işçi bolmaly. Şol ýaşulynyñ dünýä bilen seri bolman, agyr köwüşlerini süýräp, yranyp barşy henizem göz öñümden gidenok. Meniñ oña diýseñ nebsim agyrýardy. Tomsiñ howur alyp duran günler dagy onuñ gara ýagly eşikleri ot alyp ötägitjek ýalydy. Onuñ ömrüni şeýdip geçirendigine şübhe bolup biljek däldi. Sebäbi ol döwürde ömür ýoluñ işçilikden başlansa, şol kysmatyñ üýtgemegi mümkin däl diýen ýalydy. Şol ýaşuly sowet işçisiniñ tipiki keşbidi. Nähilidir bir özgerişe, ösüşe umytsyz müñlerçe, millionlarça sowet adamlarynyñ uzak ýyllara çeken "bagtly" durmuşynda ruhuñ surnukmagyna düşünmek üçin, gara ýag siñen eşikli 30-40 ýyly şol bir ýol bilen, şol bir wagtda öýüñ bilen zawodyñ aralygynda birmeñzeş günleri sanap geçirmeli. Zawodda her wagt saglygyña zyýanly işde işleýändigiñ üçin berilýän süýtjagazyñ nobatynda içiñi hümledip durkañ, geljek hakda heý bir umytly pikir edip bolarmy. Etiñ nobaty, unuñ nobaty, gök önümiñ nobaty, jaýyñ nobaty, ýüñ ýaglygyñ, halynyñ nobaty, keseliñi bejertmek üçin nobat, çagañy ýasli-baga ýerleşdirmek üçin nobat, garaz, sowet adamsynyñ nobatdan başga näme eşret görendigine akyl ýetirip bolmasa-da, şol döwrüñ içinden millionlarça ynsan ömrüniñ geçip gelmegi käbir adamlara şol döwrüñ nogsanlyklaryny açyp görkezmek, edil öz ömürleriniñ öten günlerine kesek atylan ýaly täsir döredýän bolmaga çemeli. Ýöne bu beýle däl ahyry. Käbir adamyñ dogry söze giç düşünýän bolmagy mümkin. Şol döwri ýatlanymda, mydama sowet jemgyýetiniñ partiýa nomenklaturasy diýilýän gatlagynyñ sowuk diwar ýaly, özünden razy, töwerege parhsyz, dokmäde keşbi göz öñüme gelýär. Syýasy býuronyñ agzalaryndan başlap, partiýanyñ iñ aşakdaky guramalarynyñ wekillerine çenli özleriniñ hemme ýerde we hemme zatda mamladygyna bolan gopbamsy ynam, gör, näçe gara ýag eşikli ýönekeý adamlaryñ gerşinden basdy. Partiýa ulgamynda býurokratiýanyñ pugta kök urandygy barada Moskwanyñ gazetleri segseninji ýyllarda aç-açan ýazyp başlapdylar. Bir gazetde SSSR-iñ bir respublikasynda partiýanyñ raýon komitetiniñ birinji sekretarynyñ maşgalasynyñ bir dabaraly ýygnaga barşy barada ýazylypdy. Sekretaryñ aýalynyñ dakynan göwher gaşly altyn şaý-sepleriniñ, egin-eşiginiñ, ogul-gyzynyñ geýnişiniñ göz giderlikdigi aýdylyp, munuñ sowet partiýa ýolbaşçysynyñ ahlak keşbine uly urgudygy tankyt edilýärdi. Partiýa ýolbaşçylarynyñ beýle "azgynçylygynyñ" zähmetkeş halkda gahar-gazap döredýändigi şol makalada bellenip geçilýärdi. Şeýle makala ýazýanlar öz diýýän zatlaryny özleri hem garaçynlary bilen ynanýardylar. Şol wagtlar ýolbaşçylaryñ üýtgeşik, daşary ýurt iýmitlerini, hatda işbil iýýändikleri barada-da, uly bir jenaýatçylyk, azgynçylyk ýaly edip ýazylýardy. Beýle zatlar indi manysyz, gülkünç görünýär. Ýöne şol wagtky düzgüniñ güýçli ideologiýa ýaragy şeýdip, sada, zähmet adamlarynyñ göwnüni gozgap, olarda, sowet döwleti biziñ hossarymyz, halkyñ aladasyny edip, ýolbaşçylary hem şeýdip gysýar diýen ýaly pikir döretmekdi. Şeýle ideologiýa ýaragy ýetmiş ýyl dynman işledi, kämilleşdirdi. Şu ugurdan ussatlar ýetişdi. Şol wagyz-nesihat emelleriniñ täsiri birnäçeleriniñ añyndan henizem çykyp gidiberenok. Ol wagt söz bilen aldadylar. Hakykatda sowet adamlarynyñ "bagtly" durmuşy ömürlik ýeter-ýetmezlikden, birsydyrgyn, öçügsi ýaşaýyş şertlerinden, gorkudan, kimdir birine gözügidijilikden we şuña meñzeş sussupeslige eltýän ruhy ahwallardan ybaratdy ahyry. Ýolbaşçy gowy ýaşamaly däl bolsa, işçi-daýhanlara, kaşañ, gurply ýaşamaga hiç hiki ýagdaý bolmasa (zähmet haky baýamaga ýetmeýärdi, daşyndan gazanç etmek hannaslyk, sowet jemgyýetine zyýanly nebsewürlik hasap edilýärdi), sowet jemgyýeti ýetmiş ýyllap nähili maksat ugrunda göreşip geldikä, eýsem? Ine, bir kitapda SSKP-niñ çözmeli bolan meseleleri sanalýar: - Proletariat diktaturasyny, sowet jemgyýetiniñ ösüşleriniñ dürli etaplarynda sosialistik demokratizmi amala aşyrmak, milli meseleleri çözmek we SSSR-de adamlaryñ täze taryhy umumylygyny - sowet halkyny kemala getirmek... Sowet adamsyny kommunistik, sosialistik internasionalizm we sowet watançylygy ruhunda terbiýelemek, kommunistik partiýany eziji gurluşy agdarmagyñ güýji bolanlygyndan, kommunistik jemgyýeti gurmagyñ güýjüne öwürmek, proletariat diktaturasy sistemasynda partiýanyñ ýolbaşçylyk roluny amala aşyrmak... - Partiýanyñ öñünde durýan meseleleriñ hemmesi hem şunuñ ýaly halka düşnüksiz, umumy konsepsiýalardan ybaratdy. Olarda ykbaly, ömri synag edilýän adamlaryñ, her bir şahsyýetiñ islegi, pikiri, garaýşy, talaby, ruhy, düşünjesi barada hiç zat aýdylmaýardy. Her kim islese-de, islemese-de kommunistik partiýanyñ talaplaryna boýun bolmaly, onuñ öñde goýýan meselelerini çözmäge ikirjiñlenmän gatnaşmaly, ähli sowet adamsy üçin partiýanyñ taýýarlap berýän durmuş galybyndan hiç kimiñ çykmaga haky ýok. Partiýanyñ çözmeli meseleleriniñ biri hem öñ yzagalak halklary ösüşiñ kapitalistik gurluşynyñ üstünden bökdürip, sosializme geçirmek bolup durýan eken. Bu barada-da şol kitapda anyk ýazypdyrlar. "Bökmeli" halklar şony isleýärmi, islänokmy, bu sorag partiýany gyzyklandyrmandyr. Partiýa gegemon, partiýa döwrüñ akyly, ary, namysy, partiýa ähli halklara ýol görkeziji. Partiýanyñ ähli sowet halklarynyñ, şeýle hem dünýäniñ beýleki halklarynyñ ykballarynyñ üstünden öz hökmürowanlygyny amala aşyrmagy üçin, şol partiýany esaslandyryjylar imperiýanyñ çäklerinde-de, ondan daşarky ýurtlarda-da gan çaýkap geçdiler. Millionlarça ömürler harap boldy, ykballar kül boldy. Sowet adamlary ýetmiş ýylyñ gazaply synagynda hiç haçan hem sosialistik jemgyýetiñ düýp mazmunyna düşünip bilen däl bolsa gerek. Partiýa adamlaruñ isleglerini, arzuwlarynu öwrenmegi asla gerekli hasap etmän geldi. Oña derek bütin dünýäde sosializmiñ ýeñmegine ähli ünsüni, güýjüni gönükdirdi. Mydama dünýäni gapma-garşylygyñ howsalasynda saklap, köp ýerde sowuk, gyzgyn uruşlaryñ tutaşmagyna sebäp boldy. "Sowet halky kommunistik partiýanyñ ýolbaşçylygynda bütin dünýä üçin sosializme barýan göni ýoly gurdy. Köp halklar şol ýoldan barýarlar, ir-u-giç dünýäniñ ähli halklary şol ýoldan ýörär diýip, sowet taryhçylary ýazypdylar. Eger SSSR ýykylmaduk bolsa, kommunistik partiýa bütin dünýäde sosializmiñ ýeñmegi üçin ömürboýy ot gorsajak eken. Ýer şarynuñ altydan bir böleginde sowet gurluşynyñ dowam eden döwründe gör, näçe gyrgynçylyklar, horluklar, açlyk, ýeter-ýetmezlik, yzarlanmalar, kemsitmeler bolup geçdi. Eger şol düzgüni bütin dünýäde dikeltmek üçin kommunistik partiýa öz gegomonlyk roluny dowam etdiren bolsa, ýene näçe weýrançylyklaryñ boljagy belli däl. Sosializm wagyz-nesihat bilen adamlary aldawa salyp, olaryñ añyny bulaşdyrmagy başaran hem bolsa, planly ykdysadyýetiñ durmuşa, ösüşlere ukypsyzlygy, ýaramsyzlygy kommunistik taglymata eýerýän ähli ýurtlarda tassyj boldy. Käbir şeýle döwletler häzir ykdysady syýasatlaryny sosializmiñ prinsiplerinden bütinleý üýtgetmäge mejbur boldular. SSSR döwründe bir çaga hekiminiñ eneleriñ 70 böleginiñ gany azlykdan ejir çekýändigini gürrüñ bereni ýadymda. Ol mumuñ iýmit ýetmezliginden ýüze çykýndygyny, çagaly enelerde ene süýdüniñ kemlik edýändigini, şonuñ üçin hem körpeleri ene süýdûne derek, el süýdi bilen saklamaga mejbur bolýanlaryñ köpelýändigini aýdypdy. Ol syrkaw çaga seretmäge bir öýe barypdyr. Çaganyñ kakasy arakkeş, ejesi ýaş çagaly bolansoñ, hiç ýerde işlemeýän eken. "Şol öýde bir döwüm çöregem, bir atym çaý hem gaty kynluk bilen tapylýan bolmaly. Ol ýerde saçak hem boş, holodilnik-de" diýip, hekim gynanyp aýdypdy. "Bagtly" sowet adamlarynyñ arasynda şeýle maşgalalar az däldi. Kommunustik partiýa bolsa dünýä kapitalizminden üstün çykmak üçin sowet halkynyñ der döküp gazanýan baýlygyny, ýaraglanyşyga hem-de başga ýurtlaryñ oppozision kommunistik partiýalaryna kömek bermäge gaýgyrman harçlaýardy. Bizi gara-ak durmuşda ýaşatdylar. Hemme zat iki topara bölünýärdi. Syýasat babatda "Ýa biz bilen, ýa-da bize garşy" diýen şygar ýörgünlidi. Adamlar hem ýa ak ýürekli ýa-da gara ýürekli bolup bilýärdi. Adamlara-da sosializmiñ her bir adamdan edýän ahlak talaplary nukdaý nazaryndan baha berilýärdi. Namaz okaýan bolsañ, öwlüýä zyýarata barýan bolsañ, öz däp-dessuryñy ýöredýän bolsañ, sen eýýäm gara ýürekli nadan bolýarsyñ. Ine, edil 1986-njy ýylda çapdan çykan bir kitapda şeýle sözler bar: "Kommunizm gurujy täze adam dünýä ylmy-materialistik garaýyşly bolmaly. Ol dine uýmaýan, onuñ garşysyna aktiw göreş edýän adam bolmaly... Adamlaryñ nadanlygyndan peýdalanyp gazanç edýän häzirki zaman işanlaryñ, mollalaryñ, şyhlaryñ, müjewürleriñ saklanyp galan "keramatly ýerler" kultuny we işini paş etmek ateistik propogandanyñ wezipeleriniñ biridir". Hawa, şeýdip sosialistik ideologiýa öz bütin dowam eden ömründe inkär etmek hem paş etmek, barlyşyksyz göreşmek hem jeza bermek ýolundan gitdi. Sowet sözi baradaky dogry söz entek-entek aýdylyp gutarylmaz. Geçmişiñ ýalñyşlygynyñ geljege sapakdygyny bilmeýän ýok. Sowet döwrüniñ bütin dowamynda partiýa sowet halkynyñ içinden duşman gözläp geçdi. Hüşgärlik partiýanyñ halk üçin iñ howply ýaragy boldy. Kommunistik partiýanyñ "hüşgärligi" we şübhesi millionlarça adamyñ başyna ýetdi. Syýasatşynas Roý Medwedewiñ kitabynda bir partiýa ýolbaşçysynyñ 1937-nji ýylda şu sözleri aýdandygy ýazylypdyr: "Ine, biri öz ýerinde, meniñ apparatymda zyýankeşler, kesekiler ýok diýip, hiç zady duýman çişip oturandyr. Onuñ daşynda bolsa aýagyna ýapyşyp diýen ýaly duşmanlar mygylly bolup üýşýär. Bu arkaýynlyk asla şol ýerde duşmanlaryñ ýoklugyndan däldir, eýsem syýasy kerlikden we körlükden, akyly kemlik keseli bolan geleñsizlikdendir". Şeýle pikirdäki adamlaryñ gözüne bigünäler hem duşman bolup görnüpdir. Adamlaryñ añyndan, pikir-düşünjesinden, sowet wagyzlaryndan galan täsirleriñ çykyp gitmegi üçin diñe iş ýüzünde erkin, milli döwletiñ ykdysady taýdan çalt ösüşini, halkyñ ýokary ýaşaýyş derejesini we üpünçiligini gazanmagyñ gerekdigine göz ýetirlen zamanada sowet döwri baradaky hakykata göz ýetirmek üçin iki döwri deñeşdirmegem ýeterlik. Garaşsyzlygyñ artykmaçlyklary her ädimde göze görnüp dur. Oña ullakan bir düşündiriş gerek däl. Ýöne "Gan bilen giren, jan bilen çykar" diýlişi ýaly, sowet döwründe gulagymyz ganan boş sözlerden ara açyp, aýñalaýmak ýeñil däldir-dä, elbetde. Dünýäniñ diñe ak-gara reñkden ybarat däldigini, müñ dürli öwüşgininiñ bardygyny bilip ýörenimize eýýäm näçe ýyl geçdi. Garaşsyzlygyñ başynda, bazarlarymyza daşary ýurtlaryñ harytlary aralaşyp ugranda, bir hususy dükanda dürli reñkli suw şlangalaryny görüp, haýran galdym. Biziñ gözümiz elläniñde garasy eliñe ýokuşyp duran gara rezin suw şlangalary bilen pugta öwrenişipdi ahyry. Şondan başga hili bolýandyr öýdüp pikir etmesek näme. Soñra kärhanalaryñ şol birmeñzeş, içgysgynç diwarlarynyñ ýerine, dürli reñkli, bezemen jaýlardan ybarat kärhanalary görenimizde-de, birbada onuñ görnüşine öwrenişip bilmedik. Sowet ýaşaýşyndan başga, gyzykly, owadan, umytly ýaşaýşyñ bardygyna indi akyl ýetirýäris. Indi täzeliklere, ösüşlere, gowulyklaryñ köpelmegine garaşyp, ynamly, arzuwly ýaşamagyñ döwrüne öwrenişip barýarys, Hudaýa şükür. Şundan başga dogry söz bolup bilermi? Megerem, bolup bilmese gerek. "Edebiýat we sungat" gazeti, 27.08.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |