20:03 Eý köñül, gel imdi Haky tapaly... | |
"EÝ KÖÑÜL, GEL IMDI HAKY TAPALY"
Filosofiýa
Haka nalyş kylyp, haky hakdan agtaran beýik Pyragy, ilim haky senden agtardy. Sen ýöne bir şahyr, akyldar, geniý däl, ýok. Sen bu añlatmalardan has ýokarda. Saña gudrat diýdiler, ejizlere söýenere ruhy sütün diýdiler. Sen bulardan hem üýtgeşik. Duýgularyñ, zer pikirleriñ şasymy sen, Pyragy, düýbi ters, ýalançy atly çarhypelekden nalap, ýanyp-öçüp, sep-sep bolup geçip barýan jemendäniñ ahymy?.. Seniñ sözleriñ ýöne bir söz däl. Setirleriñ pikir ummanyny çaýkaýan, daşdyrýan, syndyrýan baş bermez gom, şemiñ körek yşygyna bat berýän şemal, bagryñy paralaýan hanjar. Şygyr diwanyñ gatlaryna çümdügiñçe, sözleriñden ot alyp, kalbyñ tutaşyp gidibir, Arşa galyp aglarsyñ, zemin astyna düşüp hopugarsyñ. Şu iki aralykda Hak bilen senden özge hiç zat gözüñe ilmez-ä. Şu çaka çen Seniñ sözleriñ zer bilen ýazylmandygyna, Seniñ üstüñe zer gümmez galdyrylmandygyna gyýylýaryn, Pyragy. Türkmeniñ köñül Käbesi, bu zatlaryñ boljak wagtam uzak däldir. Halkyñ Seni çyny bilen indi-indi tapyp ýör. Seniñ guburyña sejde etmäge zar bolan iliñ ýoly Saña tarap indi açyldy. Wagt bolarki, bir ýel düşer serimge, Hyýal hüjüm eýläp, jany ýandyrar. Ýüregim joş berse, aklym jem bolsa, Pikir basar, gaýgy-huşy ýandyrar. Säher wagty derwüş nalyşa gelse, Bilinden ýüp alyp, boýnuna salsa, Tañry söýen bende bet doga kylsa, Pelegi titreder, arşy ýandyrar. Adamzada owal-ahyr hüjüm eýlän hyýallaryñ çözgüdini sözler içre agtaran kämil ussat. Tañry söýen bende bolup, almaz akylyñ bilen pelegi titredip, arşy ýandyrypsyñ-a. Pil ýanynda peşeçe akyl bile gürleýäris, sözleýäris. Özgä akyl satarça, dünýä düşünerçe zerre hukuk ýokdugyna düşünmän, ham-hyýalda azaşyp ýören-ä biz. Pelegiñ çözülmedik syry galmady diýip, ömri çigit çigitlän ýaly bihuda sowrup ýörendiris. Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyñ unutmadyñ? Kähi-kähi zalym olduñ, görgeniñden gaýtmadyñ? Kähi-kähi sopy bolduñ, hiç haramdan datmadyñ, Bilmedim, sen kaýsy bolduñ, belli birini tutmadyñ... Ne sypahylyk bile, ne bir mollalyk bile. * * * Magtymguly aýdar, bir zat bilmezem, Işler bardyr ähdesinden gelmezem. "Eý Pyragy, görkezip ýol, özüñ onda azaşyp" bu köñli gapyl jemendeden näme tama edersiñ. Bigäne subhanlara Tañry öýüni taladyp, hasabyn aldyran kör ýaly sermenip galan iliñe nä nesihat kylarsyñ? Magtymguly, Alla adyn zikr eýle, Ýamana sabyr kyl, ýagşa şükr eýle, Görüstany gör-de, otur pikr eýle: Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup... * * * Asy bolup ýörer sen, köp güle-güle bu dem, Azap çekip ýatar sen ýernjñ astynda bizem Ýylgaýyp ýeke galsañ, kim saña ola hemdem? Ýer saña aýdar muny: eşit, eý gapyl adam! Goýmazlar hoş gezmäge ýalan dünýäde bizni. * * * Bu dünýäden barsañ ol dünýä, gardaş! Näleri görejekdir bu şum gara baş, Haýyr gazan munda - ýanyña ýoldaş, Ýogsa gabra ýeke-ýeke gider sen. * * * Gaçyp gutulmaz sen, kowup ýeterler, Azy urup, çalyp ýaka tutarlar, Bir daban zemine läşiñ atarlar, Gara ýere teniñ garyp barypdyr. * * * Bu pany dünýädir, tutmaz binany, Ger tutsa dargadar aly pelegiñ. Ançalar ýüwürip, ýygar dünýäni, Jana bir jepadyr maly pelegiñ. * * * Magtymguly aýdar, gapyl oturmañ, Gylça jany uzyn gaýga batyrmañ, Ýalançyny hasret bilen ötürmäñ, Bir pasyl döwrandyr, ötdi, ýaranlar. Mal-dünýä diýip, beýikden beýik dereje diýip, ýel dek ýüwürýän, tüweleý dek towlanýan, bir-birege al salýan, garagyña bakyp galat sözleýän, awuly sözler bilen göwnüñi gyrgynyñ dyrnahy ýaly parçalaýan pasyklar Tañrydan habarsyzmyka?.. Seniñ Tañra mynajat sözleriñden habarsyzmyka?.. Bilmedim, abyrsyz añ bilen seniñ aralaşyp bilmedik dumanly köñülleriñe düşünerden biziñ garyp añymyz öte ejiz... "Pasyk aldy dünýäni" diýip zar-zar aglap giden bolsañ, heniz-henizleren heññamyñ asylary egsilenok. Pelek öz aly-arwahy, şeýtanh bilen biziñ boýnumyzda otyr. Pelek öz labyry bilen agram salyp, ýegşerdýär, şeýtan böwrümize dürtüp, "bir bezenen gyza meñzäp" albaý bilen aldap barýan dünýäniñ yzyndan ýel dek ýüwürmäge mejbur edýär. Dünýäniñ yzynda ýortup, daljygýarsyñ, durup dem almaga, hyýal dünýäsine çümüp, ýagşy-ýamany paýhas eleginden geçirmäge, ýagty jahanyñ gül meñzini synlamaga maý tapmaýarsyñ. Wagt ýok. Dünýäniñ yzyndan ýetmeli, synyndan çalyp tutmaly. Dünýäniñ elinden mal-baýlygyny almaly. Petde-petde pully, gatbar-gat köşgi-eýwanly, ýelden ýyndam maşynly bolmaly, halaly, haramy garyp, Pelegiñ oýun-bazyna goşulmaly. Çamanlar galybersin döwüm nanyñ aladasynda. Hakyñ bendesine köñül kararyny imanyñ berip biljekdigini pikir edenler, şeýtanyñ gullarynyñ bolşuna ýaka tutup toba ederler. Hakdan öz kowumdaşlaryna sabr-u-iman dilärler. Amanbibi MUHAMMEDOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |