01:47 Dogry ýoldan aýrylmazlyk | |
DOGRY ÝOLDAN AÝRYLMAZLYK
Pedagogika we edep-terbiýe
Ruhy ägirtlerimizden Şahy-Nagyşbendi hezretlerine bir kişiniň keramatlary barada gürrüň berýärler: "Daň säherler Käbede namaz kylýarmyş" diýýärler. Nagyşbendi hezretleri "Möhüm däl” diýýär. "Akar derýanyň üstünden ýöräp geçýärmiş, aýaklaryna suw degenokmyş", "Laýly meýdanda namazłygyny howa boşlugynda ýazyp, ybadatyny berjaý edýärmiş"... Nagyşbendi hezretleri bularyň ählisine "Möhüm dal” diýip jogap berýär. Bu garaşylmadyk jogaby eşidip haýran galan töweregindäkiler: - Hormatly pirimiz, ol möhüm däl, bu möhüm däl bolsa, siziň ücin möhüm zat näme? Şahy-Nagyşbendi hezretleri kitaplara barabar şeýle jogap berýär: - Meniň üçin möhüm zat bu keramatlary görkezip biljek derejä ýetmek däl, ynsanyň ýeten bu derejesini sabyr bilen, wepalylyk bilen, pespällik bilen (ömrüniň) soňuna çenli saklap bilmegidir, saklap bilmegi!.. Nagyşbendi hezretleri sözlerini şeýle dowam etdirýär: - Unutmaň! Şeýtan hem bir wagtlar perişdeleriň mugallymy derejesindedi. Emma bu mertebesi sebäpli tekepbirlik etdi, özüni özgelerden artyk saýyp, ýalňyşyny boýun almady. Şonuň üçin-de perişdelere ders berip ýörkä, birdenkä ifsat (azgynlyk) çukuryna düşdi!.. Nagyşbendi hezretleriniň bu wajyp duyduryşy barada her birimiziň çuňňur oýlanmagymyz gerek. Hakykatdan hem şu wagt biz dogry ýoldan barýan bolup bileris. Emma bu geljekde hem bu ýolda boljakdygymyza kepil geçmeýär. Ertirki gün käbir ugursyzja zatlary bahana eden nebsimiz we şeýtan bize was-wasa berip ýoldan çykarmak isläp biler. Biz-de ýalňyş ugra ýykgyn edip bileris... Ruhy gymmatlyklaryna pugta bagly, dogry ýoldaky ynsan nähili bozulyp, ýoluny urduryp biler? Ynha, ruhy ägirtlerimizden ýene biriniň bu barada aýdanlary: - Päli, ýoly düzüw adamyň niyetiniň üýtgäp, bozulmak hadysasy örän haýal we ümsüm bolup geçer. Hatda kämahal bir pursatlyk gaflatda galmak, jemagatdan sähelçe wagt aýry bolmak azaşyp, ýoluňyzy ýitirmegiňize sebäp bolup biler. Her niçigem bolsa, bu kişiler özlerini şol bir ugurda barýandyr öýdýändikleri üçin, minaranyň çür başyndan gurruk guýynyň düýbüne düşendiklerinden bihabar galarlar. Wah, dine bir bihabar galsalar hem mesele ýok. Beýleki ynsanlara göwnüýetmezçilik etmeklerine näme diýmeli?!.. Ynsan ýazygyny boýun almagy başarmaly, ilki!.. Adam alaýhyssalam büdrän pursady ýazygyny boýun almak bilen bir demde öz ornuny alandygyna garamazdan, Iblis nebsini aklap, günäsini boyun alman, (perişdeleriň halypasy derejesinden ynsanlary azdyrmak çukuryna düşýär we) iblisliginde galýar. Diýmek, dogry ýolda bolmak ýeterlik däl. Bu ýoly ömrüň ahyryna çenli dowam etdirmek hem zerur. Ýogsam, heran-haçan toba-istigfary unudyp, nebsine bil baglap, ýazygyny kabul etmezlik, ynsany minara başyndan guýy düýbüne düşmek ýaly elhenç netijelere eltip biler. Ahmet ŞAHIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |