19:33 Husyt baýyñ puşmany | |
HUSYT BAÝYÑ PUŞMANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Çagalaryna çörek alar ýaly puly galmadyk bir garyp baý goňşusynyňka barýar we: - Örän kyn ýagdaýa düşdüm, Hak ryzasy üçin maňa kömek edäýiň - diýip, ýagdaýyny aýdýar. Baý birdenkä oňaýsyz ýagdaýa düşen ýaly ýüzüni kürşerdýär: - Aý, gardaş, şu günler işim oňuna däl, kän gazanjam edip bilemok, gynansamam saňa kömek edip biljek däl - diýýär. Baýdan möhümi bitmedik garyp özi ýaly bir garyp dostunyňka barýar: - Dogan, seňem ýagdaýyňy bilýän, emma mejbur bolanym üçin geldim, çagalar uzynly gün aç otyr - diýip, oňa derdini aýdýar. Dosty derrew tapanja puluny jemleýär-de, getirip dostunyň öňünde goýýar. - Dost jan, Alla hiç kimi kynçylyga sezewar etmesin. Men bala-çaganyň aç galmagynyň nämedigine gowy düşünýän, biz nä gün hem bolsa çydarys. Emma çagalar muňa düşünmez. Sen derrew bar-da çagalaryňy naharla - diýýär. Garyp eline düşenje puly mäkäm gysymlap, özüni dünýäniň iň baý adamy ýaly duýup, derrew dükana ylgaýar. Çörek, gatyk ýaly zerur zatlardan ýüklenip, öýüne gelýär. Gözi ýolda galan çagalar atalaryny edil bayram günündäki ýaly garşylaýar. Garynlary doýansoň bir burça geçip, uka gidýär. Çagalaryna seredip, uludan dem alan ata-da, egninden agyr ýük aýrylan ýaly, dynç almak üçin ýerne geçýär. Şol gije garybyň ilki kömek sorap baran baý goňşusy örän täsin bir düýş görýär. Düýşünde hemmeleri haýran galdyrýan iki sany köşk barmyşyn. Kaşaň köşkleriň birinden beýlekisine uçýan perişdeler köşkdäki adamlarynda ganatlarynda göterip, äkidip-getirýärmişin. Hälki baý: - Bu köşgi satyn almak isleýän, kimiňki-kä? - diýip soraýar. Oña: - Bu köşgüň ikisem pylan obadaky pylan adamyňky. Ol bir garyp kynçylyga düşende oňa çagalaryny doýrar ýaly pul beripdir. Iň soňky puluny berip, mätäç bendäniň dadyna ýetişipdir. Şonuň üçinem Allah oňa şu jenneti köşkleri berdi - diýip, jogap beripdirler. Hopugyp oýanan baý daň atan badyna şol adamyň ýanyna barýar: - Düýnki ýanyňa gelen garyba näme beren bolsaň aýt, şonuň iki essesini bereýin welin, şol kömegi meniň etdigim bolsun, bolýarmy? - diýýär. Ol adam husyt baýyň ýüzüne seredip: - Bolmaz! Çünki seniň gören düýşüňi Allah maña-da görkezdi. Onsoň hem seniň teklip eden pulyňy alsamam, sen o köşgi almarsyň – diýýär. - Näme üçin? Sen aldyň ahyry? - Men o kömegi diňe Allanyň razylygy üçin etdim. Sen bolsa bu puly Alla üçin däl, düýşde gören köşgüňe eýe bolmak üçin berjek bolýarsyň. Düşündiňmi indi, aradaky tapawuda? Baý: - Beýle husyt baý bolanymdan, seň ýaly kanagatly biri bolan bolsam, ol köşklere men eýe bolardym - diýip, hyrçyny dişläpdir. Ahmet ŞAHIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |