15:54 Ruhy dünýäñ abat bolsun! | |
RUHY DÜNÝÄÑ ABAT BOLSUN!
Edebi makalalar
Lukmanlaryň aýdyşyna görä, bedeninde mikrob bolmadyk hiç bir ynsan ýokdur. Ahlaksyzlyk we utançsyzlyk-da musulmanlaryň dini durmuşlaryna howp salýan mikroblardyr. Ahlaksyzlyga garşy durmak üçin, yslamy duýgularymyzy her gün, her sagat täzeläp, berkedip durmagymyz zerur. Howanyň aýazy artanda geýimlerimizi galňadýarys, ýöne näme üçin ahlaksyzlyk ýaýraýarka imanymyzy pugtalandurmak mätäçligini duýamzok? Her musulman öz ynanç esaslaryny gowy bilmelidir. Mümkinçigine görä, nähili hereket etmeli bolsa, şoňa görä hereket etmeli, kämil bir yslamy eseri her gün ertir-agşam okamaly, bu eserler arkaly imanyny pugtalandyrmalydyr. Belli sahabalardan Hanzala Resulallahyň mejlisinde bolup, imanyny, yslamy duygularyny berkidýär. Emma daşaryk çykanda welin, Resulallahyň mejlisinde duýan beýik duýgularyny duýup bilmeýär. Ol bu ýagdaýa öz ýanyndan juda gynanýar. Bir gün ýene-de Resulallahyň mejlisinden çykyp, yolda gidip barýarka, öz-özüni günäläp: - Mynapyk bolduň, ýa, Hanzala, mynapyk!.. diýmäge başlaýar. Yz ýanyndan gelýän Hezreti Ebu Bekir: - Ýa Hanzala, näme üçin beýle diýýäň? - diýip soraýar. Hanzala şu jogaby berýär. - Ýa Ebu Bekir, men indi mynapyklaşypdyryn. Resulallanyň huzurynda wagtym dünýäni we pany zatlaryň hemmesini unudyp, ruhumyň beýgelendigini duýýan. Emma haçan-da köçä çykyp, imansyzlaryň wejera durmuşyny görenimde, o ruhy lezzetlerden mende nam-nyşan galmaýar, içi boş jeset halyna gelýärin. Bu ýagdaý meniň mynapyklygyma delillik etmeýärmi, eýsem? Hezreti Ebu Bekiriň jogaby şu bolýar: - Ýa Hanzala, men hem käwagt şeýle ýagdaýy başdan geçirýän. Ýör, baryp, Resulalladan bu barada sorap göreli! Hanzala Resulullanyň hzurynda edep bilen mejlisde duýýan ruhy lezzetlerini daşarda duýup bilmeýändigini, şeýle hem müşrikleriň yslama ters gelýän ryswa ýaşaýyşlaryna gynanýandygyny beýan edýär. Allanyň Resuly şeýle jogap berýär: - Ýa Hanzala! Ynsan elmydama şol bir ýagdaýda bolmaz. Käwagt eýle, käwagtam beýle bolar. Allanyň Resulynyň ýanynda wagtyň duýan o ruhy lezzetiň sende dowam etse, köçede gezen wagtyň, melekler gelip, salama durardylar. Hawa, ynsan öz ruhy ýagdaýyny hemişe bir boluşda saklaman biler. Emma, şeýle-de bolsa, köpçüligiň içinde bolmak, oňat ahlakly dost tutunmak, beýik ruhy direglerimiziň kitaplaryny okamak, haramyň her görnüşinden daşda durmak, eden her günämiziň yzysüre toba gapysyna ýönelmek arkaly ruhy dünýämizi abat saklamagymyz mümkindir. Ahmet ŞAHIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |