09:20 Ýagşyniýetliligiñ netijesi | |
ÝAGŞYNIÝETLILIGIÑ NETIJESI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Müsürde bir metjide ot düşýär we bir gijede metjit ýanyp kül bolýar. Muña diyseň gynanan musulmanlar metjidi kimiñ ýakandygy bilen gyzyklanyp, ýerli-ýerden bu barada pikirlenmäge başlaýarlar. Netijede, pikirleriň ählisi bir ýere syrygyp, "Bu metjidi şu töwerekdäki hristianlar yakandyr. Olar bu ýerde günde bäş wagtyna azanyñ okalmagyna çydam edip bilmeýärdiler" diýen pikirde jemlenýär. Soñra märekäniň arasyndan gahar-gazaba münen adamlaryň birnäçesi çykyp, "ar alyjylykly" herekete başlaýarlar we gijäniñ garañkysyna duwlanyp, ýakynda ýaşaýan hristianlaryň ählisiniñ öýüne ot berýärler. Ertire çenli bu öýler hem ýanyp kül bolýar. Ýanman galan ýekeje öy hem galmaýar. Ýagdaý barha dartgynlaşyp, tiz wagtyň içinde ýerli suda mälim bolýar. Geçirilen derñewler netijesinde birnäçe adam günäkär hasaplanyp tussag edilýär. Olaryň käbirine ölüm jezasy, käbirine bolsa gamçy jezasy berilýär. Ölüm jezasy berlenleriñ ellerine ölüme höküm edýän, gamçy jezasy berlenleriñ ellerine bolsa gamçy urgusyna höküm edýän buýruk ýazylan kagyz tutdurýarlar we ählisini bir jaýa gabaýarlar. Tussaglar jezanyň ýerine ýetirilmegine garaşyp otyrkalar olaryň arasyndan ölüm jezasyna höküm edilenleriñ biri aglamaga başlaýar. Ol aglap oturşyna "Indi meniñ ýagdaýym nähili bolarka?" diýip, yzyny üzmän gaýtalaýar. Munuň bolşuna nebsi agyranlaryň biri ondan: - Näme aglaýarsyñ ýa-da ölümden gorkýarmyñ? - diýip sorapdyr. Onda aglayan kişi şeýle jogap beripdir. - Ýok, meniñ aglamagymyñ sebäbi ölümden gorkýandygym üçin däl. - Onda näme üçin? - Meniñ bir garry ejem bar, oña menden başga seretjek adam ýok. Meni dardan assalar, ejemiñ haly harap bolar, ýalñyz galar. Men şonuň üçin gözyaşymy saklap bilemok. - Eger şeýle bolsa, muña bir çäre tapmak gerek. - Muña nähili çäre tapjak? Ynha, elimde ölüm hökümi. Öñümde bolsa dar agajy. Ýoldaşy oña: - Men elimdäki gamçy jezasy baradaky hökümli kagyzy saňa bereýin. Sen şuny al-da gamçy jezasyny çek. Maña bolsa ölüm hökümli kagyzyny ber. Men ölüm jezasyny çekeýin. Seniñ ýeriñe men öleýin. Goý, meniñ bu ýagşylygym yzymda galsyn! Şeýdip olar kagyzlaryny çalyşýarlar. Ölüme höküm edilen gamçy jezasyny, gamçy jezasyna höküm edilen bolsa ölüm jezasyny çekmäge garaşyp başlaýar. Birnäçe wagtdan soñ, hökümleri ýerine ýetirmeli adamlar gelip ýetýärler we: "Hany, hökümiñ berjaý ediljek ýerine ýöräñ" diýip, olary alyp gidýärler. Hökümiñ berjaý ediljek ýerinde olary höküm çykaran sudýa garşylaýar we ol: "Muny dara asyñ", "Oña pylança gamçy uruñ" diýip, barmagy bilen jeza berlenlere ýeke-ýekeden yşarat edip başlaýar. Haçan-da nobat kagyzlaryny çalşanlara ýetende dar agajynyň aşagyna tarap, ölüme höküm edileniñ däl-de, gamçy jezasyna höküm edileniň ýöräp barýandygyny görýär we "Hany eliñdäki kagyzy maña ber, göreýin" diýýär. Görse, kagyzda ölüm jezasy ýazylgy. Muny görüp, asylmaga taýýar durana garap: - Men saña ölüm jezasyny dal-de, gamçy jezasyny beripdim. Bu nähili beýle bolýar? - diýýär we jogap talap edýär. Günäkär: - Tagsyr, meniñ bu ýoldaşymyň bir garry ejesi bar. Şundan başga oňa seretjek adam yok. Şonuň üçin gamçy jezaly kagyzy oňa berip, ölüm buýrukly kagyzy özüm aldym. Goý, ol diri galyp, garry ejesine seretsin, enäniñ haky başga haka meñzeýän däldir. Şonun üçin onuñ ýerine meni asyň, men öleýin. Öñi-soñy ölüm başymyzda bar - diýip, arkaýyn jogap berýär. Muny eşiden sudýa haýran galýar we biraz wagtlap pikir ummanyna gark bolýar. Soñundan öz-özüne: "Bu nähili pidakärlik, bu nähili gahrymanlyk" diýip samraýar hem-de olara ýüzlenip: - Bolýar, men ikiniziñ hem günäñizi geçýärin. Seni ejeñ öñündäki borjuñ, oña etmeli hyzmatyñ barada oýlanandygyň üçin, seni bolsa şeýle uly pidakärligiñ üçin jezadan boşadýaryn. Ikiñiz hem ýagşy niyetiniziñ rähnetini görüñ. Siz öý otlajak ynsana meñzäñzok. Siz günäkär dal. Biz sizi ýalñyşyp tussag edipdiris" diýip, ikisiniñ hem günäsini geçýär. Ahmet ŞAHIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |