12:11 Baýramçylyk günleriniň şadyýanlygyny duýup bilýärismi? | |
BAÝRAMÇYLYK GÜNLERINIÑ ŞADYÝANLYGYNY DUÝUP BILÝÄRISMI?
Ynsan öz durmuşynda agyr muşakgatlary çekip, dürli kynçylyklary başdan geçirmeli bolýar. Dogrusy, baýramçylyklar bolmasa, gaýgy we muşakgatlyklardan halys irip, durmuş iç gysgynç hala gelerdimikä diýýän. Bayram günleri asuda dem alyp, geçmişiň-geljegiň hasap-hesibini bir tarapa goýup, dostlarymyz bilen wagtymyzy şadyýan geçirmäge çalyşýarys. Ýöne, kalbymyzda mesgen tutan dürli arzuw-hyýallar, harsydünýälik we nebsewürlik ýaly duygular bayram günlerinde-de ynsany öz erkine goýaýanok: töweregimizdäki has barjamly ynsanlara gözügidijilik bilen seretdirip, bizleri şükürsiz gullar halyna getirýär. Hetden aşan isleg-arzuwlarymyz we nebsimiz şeýle aýratyn ähmiýetli günlerde-de jylawy öz eline alsa, biziň üçin ne baýramçylyklaryň, ne-de beýleki günleriň lezzeti galýar. Öz durmuşymyzy öz elimiz bilen zäher edip, köpimiz soňky demimize çenli "Onym yok, munym ýok" diýip, hars urup geçýäris. "Dokuzumy düzeltdim, hiç hili gerek zadym ýok" diýen adama henize bu güne çenli gabat gelnen däldir. Näçe giň mümkinçiliklere eýe bolsa-da, nähili rahat durmuşy bar hem bolsa, ynsanlaryň köpüsi ýene-de özünden yokardakylary görende, olarda bar bolan zatlary özü-de edinýänçä, şol özüni bagtsyz hasaplap ýörendir. Bu ynsanlara ýüzlenip, seýle diýesim gelýär: - Gynanmaň, siz millionlar bilen çalşyp bolmajak nygmatlara eýesiňiz. Meselem, iki eliňizi, iki aýagyňyzy, iki gözüňüzi näçe milliona satarsyňyz? Rahat, asuda, dawa-jenjelden uzak jemgyýetçilik durmuşyňyzy näçeräk dünýä maly bilen çalşyp bilersiniz? Dünýä maly näçe kän hem bolsa, iki eliňize, iki aýagyňyza, iki gözüňüze degermi? Diýmek, biz millionlar bilenem satyn alyp bolmajak nygmatlaryň eýesi. Öz pikir edişimiz ýaly, garyp ýagdaýa düşmedik. Beýle bolsa, biz şu nygmatlara eýedigimiz üçin, elhenç tebigy heläkçiliklere uçraýanlaryň hem bardygyny ýada salyp, öz halymyza şükür etmelidiris. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w): - Özüňizden ýokaryk däl-de, aşak serediň! diýipdir. Biz hem şeýdeliň. Pikir ediň, biziňki ýaly dünýewi nygmatlara we maddy mümkinçiliklere eýe bolmadyk, bizden has kyn şertlerde ýaşaýan millionlarça ynsan bardyr. Ýöne muňa garamazdan, durmuş entek hem dowam edýär. Beýle bolsa, şükürimizi artdyryp, durmuşyň hözirini görmegi, baýramçylyklaryň şagalaňyny duýmagy başaralyň. Ahmet ŞAHIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |