00:26 Gybat etmek, tankytlamak we erbet pikirde bolmak | |
GYBAT ETMEK, TANKYTLAMAK WE ERBET PIKIRDE BOLMAK
Jemgyýetçilik tankydy
Wyždanyny daýym hasaba çekip, öz nogsanlyklaryny tankytlap durýan ynsan başgalary tankytlamaga wagt tapmaz. Hawa, birini ýykmak, biriniň başga aýagyna badak atmak bilen asla ýol alyp bilmeris. Bir adamy tankytlasyň gelse ýa-da şol adam tankytlanmaga mynasyp bolaýanda-da, onuň ýalňyşlaryny bagyşlap, nogsanlaryny ile paş etmezlik är kişiniñ işidir. Şonuň üçin, geliñ, agzymyzy hapalamalyň! Agzyñ kirlemegi, kalbyň kirlemeginiň alamatydyr. Päk ýürekden hapa söz çykmaz. Geliň, adamkärçiligi elden bermäliň! Peýdaly pikir orta atalyň, öz aramyzda maslahatlaşalyň. Ýöne tankyt etmäliň, gybat etmäliň, erbet pikir etmäliň. Sebäbi ýaman endikleriñ bar ýerinde bereket bolmaýar. Bu babatda kän bir ähmiýet berilmeýän ýene bir mesele bar: Kimdir biriniň öz dostlary barada "Onuň nähili etmişleriniň bardygyny sen entäk bileñok. Gybat bolar diýip gorkýanym üçin olary aýdyp biljek däl" diýip, gybatdan gaça durýan ýaly görünmegi, şol aýtmadyk zatlaryny aýtmakdan hem has beterräkdir. Sebäbi kimdir birine müňkürlik döretmeklik, şol adama müň gezek töhmet atmakdan has erbetdir. Çünki bu ýagdaýda garşydaky adamyň aklyna "Ýa ol ogrumyka-jümrümikä? Ýa şuny edäýdimikä?..." ýaly her hili erbet pikir gelmegi mümkin. Ol şeýle diýmän, ol adamyň 100 sany günäsini aç-açan sanan bolsa gowy bolardy. Belki hem şonda garşydaky adamyň sansyz erbet pikirlere mübtela bolmagyna sebäp bolmazdy. Bir adam hakda: "Ýüzüme añalyp seretdi..." diýmek hem gybat bolup biler. Ýalan sözlemek, ogurlyk etmek nähili haram bolsa, gybat etmek hem şolar ýaly haramdyr. Biri bize ýamanlyk etdi diyip, biziň hem oňa ýamanlyk etmegimiz dogry däldir. Ýamanlyk zandynda bar bolsa, biz oňa garşylyk görkezsek hem ol ýene-de ýamanlyk etmekden el çekmez. Ýaman adamlaryň hem ugryny tapjak bolmaly. Kepjebaşlar hem boýnadylýar ahyryn. Adamzat iñ wagşy haywanlary hem boýnadýan wagty ugurtapyjylyk bilen ýaman adamyň ýüzüni ýagşa öwrüp bolmazmy?! Bolar. Adam terbiýelemäge iñ amatly barlyk dälmi eýsem?!. Her bir adam öz-özüni gözden geçirse, başga biriniň ýalñyşyny ýüzüne basmagyna ýa-da yzyndan gybatyny etmegine garaşman, özi düzetmäge çalyşsa, mesele derrew çözülip gider. Adamlaryň hersi agzyna, gözüne, gulagyna ilen her bir zady paýhas eleginden geçirse, hiç hili mesele ýüze çykmasa gerek. Alla, elbetde, sonda bize sözüň doly manysynda asudalygy we agzybirligi nesip eder. Geliñ barymyz "Jennete girjek bolsañ, ynjytma jany" sözüni tumar edinip dakynalyň! Ahmet ŞAHIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |