13:41 Alla ötünç soramaýan adamy bagyşlamaýar | |
ALLA ÖTÜNÇ SORAMAÝAN ADAMY BAGYŞLAMAÝAR
Edebi makalalar
Okyjylarımdan biri ýazan hatynda "Alla meniñ ýaly günäkärleri-de bagyşlarmy?" diýen sorag bilen ýüzlenipdir. Alla diňe ötünç soramaýany, ýagny toba etmeýäni bagyşlamaz. Allanyň çäksiz awfu-magfyratyna her kim hem girip biler. Munuň üçin puşmanlyk duýup, bagyşlanmagyny islesin. Eger günäsini boýun alyp, toba eden bolsady, hatda şeýtan hem bagyşlanjakdy, emma ol mundan boyun gaçyrdy. Şeýtan asla öz günäsini, ýalňyşyny boýun almady. Ötünç soramak islemedi. Bu sebäpden "şeýtanlygyna" galdy. Eger makul görseñiz, bu meseläni has aýdyňlaşdyrmak üçin tasawwuf eserlerinden bir tymsal gürrüň bereýin: Musa aleýhisselam Tur dagyna çykyp, ol ýerde Rebbine doga-dileg edip, isleg-arzlaryny ýetirer eken. Bir gün Tura çykyp barýarka, şeýtan ýoluny kesip, şeýle diýýär: - Ýa Musa, meniň hem bir islegim bar, ony-da Rebbime ýetirip bilermiň? Musa aleyhisselam: - Elbetde. Menden haýyş eden her kimiň islegini Rebbime ýetirip, seniñkini ýetirmesem bolmaz. Sen dilegiñi aýtgyl - diýýär. - Meniň dilegim, bagyşlanmagym. Bagyşlanmagymy isleýärin. - Bu ýagşy zat, ýöne sen günä etmegi dowam edýärsiň? Sen hiç ötünç soramadyň, toba etmediñ. Alla ötünç soramadygy bagyşlamaz. Şeytan: - Men şu gün, şu ýerde söz berýän, mundan beýläk Rebbimiñ emirlerine garşy gitmerin, hemişe Onuň buýruklaryna boýun bolaryn.... Musa aleyhisselam şeýtanyň söz berendigine begenip, ýoluny dowam edýär. Turdaky dileginde bu ýagdaýy Rebbine ýetirýär. Şeytanyň bagyşlanmagyny isländigini, mundan sonra emrine garşy gelmejekdigine söz berendigini aýdýar. Rebbimiz: - Ýa Musa, Men hiç kime laýyk bolmadyk zadyny rowa görmen. Şeytan bagyşlanmaga laýyk däldir. Çünki ýalňyşyny boýun almaýar, ötünç soramaýar. Eger isleseň, git-de synag edip gör. Oña şeýle diýgil: "Eger Adamyň gabrynyň başyna baryp, bir wagt oňa se de etmegini emir edenimde etmedik şol se desini etse, Men ony bagyşlaryn. Goý, ol emre tabyn bolmandygy üçin puşman bolsun, ötünç sorasyn diýip buýurýar". Musa aleyhisselam dolanýar. Ýolda oňa garaşýan şeýtana bu şatlykly habary ýetirýär: - Buşluk! Rebbimiz seni-de bagyşlajakdygyny aýtdy. Munuň üçin sen diňe, geçmişde emre boýun bolmandygyň üçin ötünç soramalysyň. Adamyň gabrynyň başynda oňa sežde etmelisiň. Bu mesele şunluk bilen çözüler, sen hem gutularsyň. Bu habary eşiden şeýtanyň ýüzi boz-ýaz bolýar. Dişlerini gyjyrdadyp, şeýle jogap berýär: - Seniň aýdýanyň näme, ýa Musa! Men onuň dirisine sežde etmedim, indi ölüsine sežde eder öýdýärmiň? Eger şert şu bolsa, bagyşlanman geçeýin. Kör şeytan entek beýle peselen däldir. Meniň näme ýazygym bardy ötünç sorar ýaly diysene. Adam toprakdan, men ataşdan ýaradyldym. Ataş toprakdan ýokarydyr. Ýokary bolan, üstün bolan pesdäkä, aşakdaka sežde etmez! Musa aleyhissalam, gollaryny açyp, dileg edýär. - Ýa Rab! Sen kime näme etseň, adalatly edýärsiň. Şeýtan ötünç soramaýar. Soramaýandygy üçin-de bagyşlanmaga laýyk hala gelmeýär. Sen beýleki günäkär gullaryňy olaryň kalplaryny beýle şeýtany duygularyň gurşap almagyndan gora! Ahmet ŞAHIN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |