20:35 Dokuzy düzüw... | |
DOKUZY DÜZÜW...
Goşgular
Bar bolsa-da bardyr dokuzy düzüw, Men-ä oňa gabat gelmedim, walla. Karun baýlygyny berip birine. Ýaşaýşyny etdi onuň hylalla. Birisiniň ýüzden agypdyr ýaşy, Duşmandan irik ol, ölüp bilenok. Birisine bagş etse-de şöhraty, Ýürekden şatlanyp, gülüp bilenok. Uçary bar, guçary bar, bar köşgi, Kyrk nökeri, kyrk kenizi daşynda. Ýöne çaga sesi eşidilmeýär, Gülki eşdilmeýär ojak başynda. On kitaba derek on maşyny bar, On öýi bar, ähli zady on-ondan. Agasyna aga diýibilmeýär, Naçar doganyna ýüregi doňdan. Türkmeni jem eden Görogly agam, Binowa ötendir – dokuz düzüw däl. Şygyrda dokuzy düzüw Pyragy, Ojagynda weli köýen ahmyr kän. Gardaş gardaşyny weýran eýledi, Ogluň atasyndan «köýen ary» bar. Saklaň ony, güýüp taşlaň hennege, Elinde gylyjy gözli kör barýar. Dünýäni özgertjek bir dana kişi Ýatyr düşeginde gününi sanap. Hiç kim, ýöne jany sagat bir jahyl Ondan ýaňa gün ýok, ýör ili talap. Dokuzy düzüw däl ogly biz dünýäň, Dünýäniň gyzygy sondadyr, belki. Durmuşda bolmaly gaplaň, şir, möjek, Bolmaly zat eken şagal hem tilki. Bu dünýäniň kämil bolmaýşy ýaly, Hiç milletiň düzüw däldir dokuzy. Birleri ýer sürüp, etini iýse, Başga biri hudaý saýýar öküzi. Bir ýurdy ýagyş, gar, sil heläk edýär, Behişdi diýerdiň, jöwzasy ýaman. Bir ýurt şu gün-erte deňze çökmeli. Bir ýurtda eşret ýok, hesreti ýalan. Okap berdim, diýdi biri: – Eý, şahyr, Dokuzy düzüw däl entek ýazanyň. Beýdip arrygyňy gynap ýörme-de, Gowsy, yzyna düş polat azalyň. Dokuzy düzüw däl goşgy hasap däl, Diýen dostum seňki dogrudyr häki. Ýöne weli dokuzysam düz bolsa, Şahyram şahyr bolmazdy, belki... 18-21.06.2014. | |
|
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |