19:36 Döner diplomatiýasy | |
DÖNER DIPLOMATIÝASY
Publisistika
Germaniýanyñ prezidenti Ştaýnmaýeriñ ýany bilen äpet döner getirmegi we muny türk-nemes dostlugynyñ nyşany hökmünde görkezmegi meni ynjalykdan gaçyrdy. Germaniýa bilen Türkiýäniñ arasynda taryhy, intellektual, söwda, harby ugurlarda gaty kän ýakyn gatnaşyklarymyz bar. Beýle ýygy gatnaşygy dönere baglap goýaýmak meniñ üçin-ä dogry däl Birdenkä Arif Dinonyñ şygyry ýadyma düşdi. Gysgajyk şygyrlary ýazan ussat şahyr bularyñ birinde şeýle diýýärdi: "Döner kebap dönmän geçsin". Kim bilýär, nämä gahary gelip, beýle diýipdir. Daşary ýurtda bolandygym üçin nemes prezidenti Ştaýnmaýeriñ çakylygyna gidip bilmedim, ýöne eger giden bolsadym, oña şeýle diýerdim: "Germaniýa bilen Türkiýäniñ arasynda taryhy, intellektual, söwda, harby ugurlarda gaty kän ýakyn gatnaşyklarymyz bar. Beýle ýygy gatnaşygy dönere baglap goýaýmak meniñ üçin-ä dogry däl". Osmanlynyñ soñky döwürlerinde raýat intelligensiýa Fransiýany, harby intelligensiýa Germaniýany özüne nusga edipdiler. Abdylhamyt II Germaniýany tarapymyza çekmek üçin kän jan edipdi. Elbetde, şeýle isleg nemesleriñ özünde-de bardy. Duşuşygyñ bolan "Tarabýa" tomusky rezidensiýasy Abdylhamyt tarapyndan Wilgelme sowgat edilipdi. Şol ýerde ilki şazada Abdylhamydyñ howlynyñ içinde köşgi bardy. Agasy Soltan Abdyleziz bir gün gaýykly gezelenç edip ýörkä: "Bu ýer behiştiñ bir bölegi ýaly, bu bag bilen köşk kimiñki?" diýip sorapdyr. "Iniñiz Abdylhamyt şazada hezretleriniñki" diýlende, ol "hany, gidip göreliñ onda" diýip, Abdylhamydyñ köşgüne myhman bolupdyr. Soñra ol ajaýyp binanyñ ýykylmagyny buýrupdyr. Ol "Hamyt, inibatyr, men saña saña mundan has gowsuny gurduryp bererin" diýipdir. Köşk üstüne köşk gurmak we köşk gabanjañlygy şol döwrem, häzirki döwrem Türkiýäniñ ganyna siñen ýaramaz nysaklaryñ biri. Elbetde, Abdyleziz şol ýerde soñ köşk gurdurmandyr. Nemeslere sowgat edilen howluda nemes gonamçylygy-da bar. Goltz paşa bilen birlikde ol ýerde 900 sany nemes ofiseri we esgeri ýatyr. Nemes prezidenti şol ýerik çagyrylypdyr, meniñ pikirimçe-de dogry saýlaw bu. Emma ýoldaş Ştaýnmaýeriñ ýany bilen äpet döner getirmegi we muny türk-nemes dostlugynyñ nyşany hökmünde görkezmegi meni az-kem ynjalykdan gaçyrdy. Ýadyma birnäçe ýyl mundan öñ Berlinde gatnaşan simpoziumym düşdi. • Şöhlat muhabbeti Türkiýe-Ýewropa gatnaşyklary hakda pikir alşylan simpoziumynda nemes ýazyjysy "Men aslynda türkleri gowy görýärin, gerek-ýarak zatlarymy maña iñ ýakyn ýerdäki türk bakgalyndan satyn alýaryn. Onuñ satýan şöhlatlary, pideleri beýlekileriñkiden has gowy. Ýöne men şol bakgaly halamok we bu Türkiýäniñ Ýewropa mynasyp ýurtdugyny añlatmaýar" diýipdi. Gezek maña ýetende: "Menem türk edebiýaty bilen birlikde dünýä edebiýatynyñ içinde ulalan adam, Gýotäniñ "Weltliteratur" ("Dünýä edebiýaty") ideýasyna tüýs ýürekden ynanýaryn. Şillerden, Kleýstden, Geýneden, Gegelden, Kantdan, Tomas Manndan we adyny bir gezek agzap bilmejek köp sanly nemes sungat adamlaryndan, beýik nemes kompozitorlaryndan gaty köp zat öwrendim. Ýöne men hiç wagtam nemes medeniýetini örän meşhur nemes sosiskasynyñ derejesine düşürmedim". Türkiýede intelligensiýanyñ gaty köp sanly wekili-de meniñ ýaly pikir edýär. Şonda-da menden öñ çykyş eden "ýazyjynyñ" türk-nemes gatnaşyklaryny gastronomik kategoriýada añlatmagy maña juda pes derejeli çykyş bolup göründi. Elbetde, gastronomoýa hem medeniýetiñ bir bölegi, emma hemmesi däl. Gýotäniñ "Weltliteratur" ideýasyna eýerjek bolsak, gatnaşyguk ikitaraplaýyn bolmaly. Genial ýazyjy "Gündogar-Günbatar diwany" atly eserinde Hoja Hapyzyñ, Sagdy Şirazynyñ şygyrlaryndan täsirlenip, "Hikmetnama" atly bölümleri ýazypdyr we "Gündogaryñ şahyrlary Günbataryñ şahyrlaryndan has belentdir" diýip bilipdir. • Dönerstag Dogrymy aýtsam, iki ýurduñ arasyndaky medeni gatnaşyklaryñ döner derejesine düşürilmegi göwnüme ýaramady. Ýetmişinji ýyllaryñ başynda Germaniýada we Ýewropanyñ beýleki ýurtlarynda döner diýilýän zat ýokdy. Soñ-soñlar ýek-tük dönerçiler peýda boldy, ýöne olar uly üstünlik gazanup, Germaniýadaky "McDonald’s"-y hem ikinji orna düşürdiler. Hatda nemesler penşenbe gününe "Dönerstag" diýmäge başladylar. Munuñ özi gowy zatdy. Beýle folklor gatnaşyklarynyñ gymmaty başga bolýar. Meniñ bärde nägilelik bildirýän zadym, syýasy-intellektual gatnaşyklaryñ diñe oda gyzdyrylan etiñ derejesine düşürilmeli däldigi. Şonuñ üçin Arif Dinonyñ "Döner kebap dönmän geçsin" setirini ýatladym. Dogrusy men, Germaniýada Türkiýäniñ pes medeniýet hökmünde tanadylmagy, düşünensirän bolup ýurduñ milli ýüzüniñ döner-kebaba we garyn tansyna düşürilmegine garşy. Şu günler Ahmet Hamdi Tanpynaryñ bir kitabynyny okaýaryn. Kitapda awtor Ytri we Däde ependiniñ medeniýete, saz sungatyna getiren täzelikleri giñden beýan edilýär we sungat ýoly arkaly bir döwrüñ deñeşdirmesi berilýär. Ýeri, ýewropalylar Türkiýedäki ýokary medeniýeti bilenok diýeli. Biziñ özümize näme bolýar? Näme üçin özümizi diñe folklor derejesinde beýan etmegiñ ýoluny saýlap alýarys? Tapawudyny seljerip bilmeýändigimiz üçinmi? Galyberse-de, osmanly desterhanynda döner diýilýän zat bolmandyr, Germaniýanyñ entek adyny-da eşitmedik sofistik tagamlary bolupdyr. • Jem Özdemiriñ kyssasy Öñräk "Friedrich Ebert" fondunyñ "Balykçy we onuñ ogly" ("Balıkçı ve Oğlu") romanynyñ nemes dilinde çykan neşiri mynasybetli geçiren tanyşdyryş dabarasyna gatnaşypdym. Berlinde Klawdiýa Rot, Jem Özdemir, Martin Şuls ýaly tanalýan ministrlerdir syýasatçylar bilen duşuşdym we dürli temalarda pikir alyşma mümkinçiligini tapdym. Emma ünsümi çeken zat şu boldy. Germaniýa indi öñki Germaniýa däl. Türkler ynanyp bolmajak derejede Germaniýa bilen bitewileşipdir. Türk dilini öwrenýän birnäçe nemese duş geldim, indi nemes-türk maşgalasyny gurmak dagy iñ ýokary derejelerdenem geçip giden öwrenşikli ýagdaýa öwrülip gidipdir. Nemesleriñ we türkleriñ arasynda gatym-gatym bolup giden durmuş kemala gelipdir. Bu elbetde gowy zat. Jem Özdemir ýaly gardaşymyzyñ Germaniýanyñ Oba hojalyk ministri bolmagy-da bellärlikli zay. Duşuşan agşamymyzda Jem maña bir gowy zady aýdyp berdi. Germaniýanyñ ekerançylyk we maldarçylyk boýunça önümçilik birlikleri örän güýçli we çak edilşi ýaly aşa konserwatiw (dindar) adamlar. Jem Özdemir Oba hojalyk ministri bolanda eden ilkinji çykyşynda olara şeýle diýipdir: "Meni üç sebäpden halaman bilersiñiz. Haýsysy has beter bilemok, ýöne men "Ýaşyllar" partiýasyndan, ikinjisi men wegetarian, üçünjisem türkdügim". Onuñ bu degişmesinj konserwatiw telekeçiler gülmek bilen garşylapdyr we aradaky sowuklyk giderilipdir, mähirli gatnaşyk ýola goýlupdyr. Jem Özdemir Germaniýanyñ oba hojalyk ministri bolup işe başlandan soñ Ýewropa bileleşiginiñ oba hojalyk syýasatynda, maldarçylykdan balykçylyga çenli hemme ugurda möhüm kararlary kabul etdi. Şular ýaly ministriñ wegetarian bolmagy-da juda täsin. • Germaniýa we Russiýa Germaniýanyñ dünýä taryhynda we biziñ taryhymyzsa nähili uly ornunyñ bardygyny aýtmagyñ hajaty ýok. Mustapa Kemal Atatürk şazada Wahdetdiniñ kömekçi bolup Berline gidende, kaýzer Wilgelm bilen duşuşypdy we manýowrlara gatnaşypdy. Ol Ikinji jahan uruşynda ýykylyp, soñ ýene öñküsi ýaly gurlan "Adlon" oteline haýran galýandygyny gizläp durmandyr. Germaniýa şolar ýaly orny we ähmiýeti uly ýurt welin, häzirki Ukraina uruşynyñ geljekde bolup biläýjek rus-nemes ýaranlygynyñ öñüni almak üçin gurnalandygyna bolan şübhelerim bar. Çünki geografiki taýdanam biri-birine ýakyn bu iki ýurtda ruslaryñ tebigy baýlyklary bilen nemesleriñ tehnologiýasy birleşen wagtynda garşysyna çykyp bolmajak läheñ güýjüñ orta çykjakdygy görnüp dur. Edil häzir şu uruş zerarly nemeslere energetika üç esse gymmat düşýär we elbetde bulam olaryñ kösençlik çekmegine getirýär. Suwasty gaz geçirijiniñ partladylmagy-da munuñ iñ bärkije mysaly. Bellik: Şu makalamy redaksiýa ugradandan soñ "FAZ" nemes gazetinde meniñ aýdan pikirlerim bilen ugurdaş pikir ýöredýän makala çap edildi. Makalanyñ sözbaşysy şeýle: "Bir çişiñ üstünde klişe... Germaniýa türkleri baýraklar alýar, waksinalary çykarýar, emma Federal prezident kebaby integrasiýanyñ simwoly hökmünde hödürleýär". Zülfü LIWANELI. "OKSIJEN" gazeti, 26.04.2024 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |