12:50 Dört Çaryýarlar | |
DÖRT ÇARYÝARLAR
Taryhy şahslar
Ebu Bekir, Omar, Osman, Aly älemleriñ Serweri Muhammet aleýhi wesellemiñ iñ ýakyn egindeşleri bolup, gezek-gezegine ilkinji halyf bolan şahsyýetlerdir. Bu beýik ynsanlar musulman bolmazdan öñem abraýly hem akylly-başly adamlar eken. Muhammmet pygamberimiziñ (s.a.w) Yslamy wagyz etmegine "Dört çaryýarlar" maldan-başdan geçip, ýardam edipdirler. Muhammet pygamberimiz (s.a.w) aradan çykandan soñ bolsa "Dört çaryýarlar" yslam dinini tiz wagtda dünýä ýüzüne ýaýypdyrlar. Şonuñ üçin Yslam äleminde "Dört çaryýarlaryñ" hyzmaty diýseñ uludyr. Aýtmaklaryna görä, çaryýarlaryñ her biri Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) bir sypatyny özünde jemläpdir. Şol sebäpli her haýsynyñ öz orny bar. 1. EBU BEKIR Muhammet pygamberimiz (s.a.w) aradan çykandan soñra ilkinji halyf bolan Ebu Bekirdir. Onuñ iki ýyl halyf bolan döwründe (632-634) arap halky, esasan, Yslam dinine giripdir. Müseýleme ýaly birnäçe ýalan pygamberleriñ soñuna çykylypdyr. Ebu Bekir hezreti Hatyjadan, Alydan soñ üçünji musulman bolan ynsandyr (Goşmaça bellik: Hz. Aly şol wagt kiçi ýaşly çaga bolandygy üçin Hz. Ebu Bekir uly ýaşly adamlaryñ arasynda musulman bolanlaryñ ilkinjisidir - t.b.). Onuñ musulman bolşy hakynda şeýle wakany ýatlaýarlar. Ebu Bekir Mekgede iñ bir sözi geçýän, halal söwdagär eken. Heniz Muhammet pygamberimize wahyý gelmezden öñem Ebu Bekir onuñ iñ ýakyn syrdaşy bolupdyr. Muhammet aleýhi wesellemiñ Ebu Bekire berýän gürrüñleri oña diýseñ ýarapdyr. Hatda Ebu Bekiriñ soñabaka mukaddes hasaplanýan butlara bolan ynamy-da peselipdir. Çünki adam sypatyny ýitiren haramhorlar butlaryñ ady bilen özleriniñ ähli hereketlerini aklapdyrlar. Ebu Bekir dünýädäki adalatsyzlygyñ soñuna çykjak bir ýol görkezijiniñ geljekdigine ýüregi bilen ynanypdyr. Ol Muhammet pygamberimize wahyý gelen gijesi Ýemende söwda edip ýören eken. Ebu Bekiri özi bilmezden bir güýç Mekgä tarap çekipdir. Şonuñ üçin ol gyssagly suratda Mekgä gaýdypdyr. Uzak ýoldan aryp, Mekgäniñ üç-dört menzil ýakynynda dynç almak üçin kerwenini ýazdyran Ebu Bekir uzak gije dünýäniñ döreýşi, ýaşaýyş hem ölüm hakynda pikir edip, ýatan ýerinde öz-özi oýlanyp, gijäni çirim etmän geçiripdir. Öñünde keserip duran soraglara jogap tapmadyk Ebu Bekir aýagy bilen erksiz ýagdaýda ýeri köwüp, çukanak-çukanak edipdir. Irden oýanan adamlar Ebu Bekiriñ ýatan ýerine seredip, ondan näme bolanyny sorapdyrlar. Ebu Bekir olara "Hiç zadam bolanok" diýip, gysgaça jogap berip, ýene gyssanmaç ýola düşüpdir, çünki ol özüni uçursyz oýlandyrýan soraglary Muhammetden soramagy ýüregine düwüpdir. Onuñ pikiriçe, Muhammet bu soraglara hökman jogap tapmalydy. Ebu Bekir gijäniñ bir wagty kerwenu bilen öýüne dolanypdyr. Gele-gelmäne-de Mekgede näme täzeligiñ bardygyny sorapdyr. Oña: "Ebu Bekir, señ dostuñ Muhammet pygamberlik dawasyny edýär" diýip jogap beripdirler. Ebu Bekir ol täzeligi eşidensoñ hasam oýlandyrýan meseleler hakynda hem ondan näme üçin pygamberlik dawasyny edýänliginiñ sebäbini soramagy niýetine düwüpdir. Şol niýet bilenem irden Muhammet aleýhi wesellemiñ ýanyna ýola düşüpdir. Allanyñ gudratyna bakyñ, Muhammet aleýhi wesellemem irden älem-jahany Allatagalanyñ ýaradanlygyny, özüniñ iñ soñky pygamberdigini aýtmak üçin Ebu Bekiriñ ýanyna ugrapdyr. Muhammet pygamberimizden (s.a.w) soramaga barýan Ebu Bekir bilen aýtmaga barýan Muhammet aleýhi wesellem 500-600 metr daşlykdaky öýleriniñ edil ortasynda duşuşypdyrlar. Saglyk-amanlyk soraşyp, olar birek-biregiñ ýanyna näme üçin barýanlaryny anyklanlaryndan soñ, Muhammet pygamber Ebu Bekire garap: "Ebu Bekir, älem-jahany ýaradan Allatagaladyr. Erksiz butlary inkär et. Alladan başga iläh ýokdur. Men beýik Ýaradanyñ resulydyryn. Alla-ha iman et!" diýen badyna Ebu Bekir hiç oýlanmazdan, Alladan başga ilähiñ ýokdugyny, Muhammet pygamberimiziñ iñ soñky pygamberdigini aýdyp, kelemesini öwrüpdir. Muhammmet pygamberimiz: "Ebu Bekir hiç hili oýlanmazdan musulman bolan ýeke-täk ynsandyr" diýer eken. Ebu Bekir Yslam dinine şeýle bir wepalylyk bileb hyzmat edip, ol ähli baýlygyny bu diniñ rowaçlanmagy üçin sarp edipdir. Muhammet pygamberimiz Allanyñ mekanuna (Magraja) gidip gelende, ýeke-täk şübhesiz ynanan ynsan ýene Ebu Bekir bolupdyr. Şonuñ üçin Muhammet aleýhi wesselem: "Eger ähli musulmanlaryñ ynanjy bir ýana, Ebu Bekiriñ ynanjy-da bir ýana goýulsa, Ebu Bekiriñ ynanjy agyr gelerdi" diýip aýdypdyr. Şol ynanjy üçinem Ebu Bekir Syddyk (Hakykatyñ güwäsi) diýen ada eýe bolupdyr. Bir gezek Medinede musulmanlar metjitde Juma namazyny okajak bolup durkalar betnyşan adam sypatynda şeýtan gelipdir. Muhammet aleýhi wesellem ol adamdan kimligini sorapdyr welin ol "Men şeýtan" diýip jogap beripdir. Bu jogaby eşiden Omar gahar-gazaba münüp, şeýtany öldürmäge hyýal edipdir. Ýöne Muhammet pygamberimiz Omary saklap "Eý, Omar, päliñden gaýt. Eger bu şeýtan bolsa, barybir, öldürip bilmersiñ. Sebäbi Ýaradan şeýtana tä kyýamat ahyra çenli ýaşamaga puryja berdi. Şeýtan bolmasa-da, nähak adam ganyna galdygyñ bolar" diýip, şeýtanyñ habaryny alypdyr. Muhammet pygamberimiz "Eý, nälet siñen şeýtan, näme üçin biziñ ýanymyza geldiñ" diýip sorapdyr. Onda şeýtan: "Maña Alla emr etdi" diýipdir. Muhammet pygamberimiz (s.a.w) ýene şeýtana sorag berip "Eý, nälet siñen şeýtan, sen öñ-ä Ýaradanyñ emrini berjaý edeñokdyñ" diýipdir. Onda şeýtan: "Allatagala maña siziñ metjidiñize gelmegi emr etdi. Eger emrine boýun bolmasam, Ýaradan meni il masgarasy ederin diýdi. Menem il masgarasy bolmajak bolup, siziñ ýanyñyza geldim. Ine, näme soragyñyz bolsa dogry jogap berjek" diýip, il masgarasy bolmakdan öler ýaly gorkan şeýtan Allanyñ emrini berjaý edip, Muhammet pygamberimiziñ gaşyna gelipdir. Şondan soñ Muhammet pygamberimiz şeýtandan: "Eý, nälet siñen şeýtan, seniñ ýigrenýän adamyñ kim we näme üçin ýigrenýäñ diýip sorapdyr welin şeýtan: "Sen, sebäbi Allanyñ tä kyýamata çenli ýekeje-de harpy üýtgemejek iñ soñky kitabyny wagyz edip, adamlary menden daşlaşdyrýarsyñ" diýip jogap beripdir. Ondan soñ Muhammet pygamberimiz: "Menden soñ kimi ýigrenýärsiń?" diýip, sorapdyr welin, şeýtan: "Ebu Bekir Syddygy" diýipdir. Şeýtanyñ aýtmagyna görä, Ebu Bekiriñ Yslam dinine bolan yhlasy ýaly yhlas başga hiç bir musulmanda bolmandyr. Dogrudanam, Ebu Bekir şeýle bir Yslam dinine wepaly eken. Ol Muhammet pygamberimiziñ her bir sözüni özi hem ähli musulmanlar üçin kanun hasaplapdyr. Muhammet aleýhi wesellemiñ her bir aýdýan sözüne ýürekden ynanypdyr. Şol sebäpli Muhammet pygamberimiziñ iñ kyn gününde Ebu Bekiriñ ynanhy musulmanlaryñ başyny bir saklapdyr. Muhammet aleýhi wesellem Mekgeden Medinä hijret edip, Saur dagynda üç günläp gowakda gizlenende-de, ýanynda Ebu Bekir bar eken. Butparazlardan gizlenen Muhammet pygamberimiz we Ebu Bekiri gowakdaka hossarlyk edip, olaryñ ýakyn hossary bolup, sag-aman Medinä aşmagyna ýardam edrnler hem Ebu Bekiriñ adamlary eken. Ebu Bekir şeýle bir adamkärçilikli bolupdyr. Ol birnäçe musulman bolan gullary öz hasabyna satyn alyp, olary azat edipdir. Hatda Bilaly hem azat eden Ebu Bekirdir. Munuñam üstesine Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) iñ söýgüli aýaly bolan hezreti Aýşa (Äşe) Ebu Bekiriñ gyzydyr. Ebu Bekir (r.a) arap taryhyny, şejeresini gaty oñat bilipdir. Umuman, Ebu Bekir Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) iñ ýakyn egindeşi hökmünde Yslamyñ dünýä ýüzüne ýaýramagynda iñ uly hyzmaty bitiren adamlaryñ biridir. 2. HEZRETI OMAR Ebu Bekir aradan çykandan soñra, hezreti Omar ikinji bolup, yslam halyfy boldy. Ol musulmanlara 634-646-njy ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk etdi. Dört çaryýarlaryñ içinde hezreti Omar yslamy iñ soñky kabul eden adamdyr. Aslynda hezreti Omar musulman bolmazyndan öñem gaty sada, ýöne gaýratly, gaýduwsyz adam bolup, butparazlyga ýüregi bilen ynanýan ekeni. Hezreti Omar şeýle bir sowatly bolmandygy üçin birbada Muhammet aleýhi wesellemiñ özüne-de, onuñ tarapdarlaryna-da duşmançylyk bilen garapdyr. Hezreti Omaryñ musulman bolşunyñ-da gaty gyzykly taryhy bar. Hezreti Omar dinimize pitjiñ atýan dönügi öldüreýin diýip, Muhammet pygamberi (s.a.w) öldürmek niýeti bilen ýola düşýär. Oña ýolda Nuaým diýen gizlinlikde musulman bolan adam duşup, Omardan nirä barýanlygyny soraýar welin, Omar oña maksadyny aýdýar. Nuaým Omara "Eý, Omar, sen gaty sada bolýañ, eger sen Muhammedi öldüräýseñ, onuñ doganlary seni-de öldürer. Gowusy, sen, musulman bolan aýal doganyñ Patma, onuñ ýanýoldaşy Zeýdiñ çäresini gör" diýip, özi gyssagly ýagdaýda niýetini Muhammet aleýhi weselleme duýdurmak üçin onuñ öýüne ylgaýar. Hezreti Omaram Nuaýmyñ aýdanynyñ dogrulygyny ýa-da nädogrulygyny derñemek üçin uýasy Patmañ öýüne ugraýar. Patma ýanýoldaşy Zeýd bilen Kuran okap oturan ekeni. Olar birden Omaryñ gelýänini görüp, Kurany ýygnapdyrlar. Omar gele-gelmäne Zeýdiñ ýakasyndan tutup, "siz gadymy diniñizden dönüp, musulman bolduñyzmy, dönügiñ tarapyna geçdiñizmi?!" diýip, Zeýdiñ ýüzüne urup, ondan gan çykarypdyr. Patma äriniñ ýakasyndan ebşitläp tutan Omaryñ eline ýapyşyp: "Goýber ony, hawa, musulman bolduk. Muhammet pygamberimiz bize gyz çagañy göm diýenok, ejize ganymlyk et, şerap iç, zyna et, dilsiz-agyzsyz butlara ynan, nähak dök diýenok. Öldür meni, Allanyñ ýolunda ölsem armanym ýok" diýip Omary duzlapdyr. Omar özüniñ öteräk geçenini bilip, ýañy näme okaýadyñyz, hany, bir göreýin" diýip, giýewisi Zeýdiñ ýakasyny goýberipdir. Patma bilen Zeýd Omaryñ az-kem gaharynyñ ýatyşanyny bilip, "Kuran okap otyrdyk" diýip, jogap berýär welin, Omar: "Hany, al göreýin, näme gowy zat bar" diýip, onda Kurany okamak niýeti döräpdir. Patma Omara "Kurany täret alyp okamaly" diýipdir welin, Omar daş çykyp, Zeýdiñ öwredişi ýaly täret kylypdyr. Kurany eline alybam ýazylan "Ta'ha" diýen süräniñ "Biz Kurany seni bagtsyz etmek üçin ibermedik, gaýtam, diñe gorkaklara ýatlama diýip iberdik" diýen setirini okap, gözünden ýaş döküp, "men iman etdim, meni Muhammet pygamberimiziñ ýanyna äkidiñ" diýip, Zeýde ýalbarypdyr hem şobada Muhammet pygamberimiziñ gaşyna gelip, musulman bolupdyr. Hezreti Omar musulman bolanyndan soñ, olar gizlenip ýörmän, Käbede aç-açanlykda namaz okamaga başlapdyrlar, çünko Omar gaty gaýsuwsyz bolup, ondan ähli wasanparazlar öler ýaly gorkupdyrlar. Omaryñ döwründe musulmanlar Palestinany, Şamy, Müsüri, Liwiýany, Eýranyñ hem köp ýerini eýeläpdirler. Emma şu uly döwlete ýolbaşçylyk eden Omar aradan çykanda, onuñ yzynda ýeke dinaram puly galmandyr. Omaryñ döwründe düzgün-tertil gaty berk tutulypdyr. Sebäbi Omar gaty ýowuz hem adalatly ekeni. Omat yslamy iki ýüzli adamlardan hem arassalapdyr. Ol yslam kanuny bozan her bir adama berk daraşypdyr. Hatda ol özündäki men-menligi şeýle bir basyp ýatyrypdyr welin, daşyndan synlan adam, ony beýleki adamlardan tapawutlandyryp bilmändir. Omar halkyñ içine çykyp, hepdede bir gezek arz diñläpdir. Hepdede bir gezegem alymlaryñ giñişleýin maslahatyny geçirip, ýurduñ ýagdaýy, ylym-bilim, halkyñ abadançylygy ýaly irnik meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Alymlaryñ ýygnanyşygyna köplenç hezreti Aly ýolbaşçylyk edýär ekeni. Hezreti Omar Käbä zyýarata baranda, kiçi göwünlilik bilen: "Eý, Allam, bize Alynyñ, alymlaryñ çözüp bilmejek kynçylygyny indermäweri" diýip, dileg eder ekeni. Hezreti Omaryñ döwründe yslam pajarlap ösüpdir, halk gaty arkaýynçylykda, bol-elin durmuşda ýaşapdyr. Onuñ döwründe 33.000 sahaba (sahaba ~ pygamberi gözi bilen görüp, onuñ gürrüñlerini gulagy bilen diñlän adam) yslam ýurtlaryna ýaýrap, halka Kurany okap biler ýaly hat-sowat öwredipdir. Mekdepler, medreseler, hammamlar, metjitler ýyl geldigiçe köpelip gidip oturypdyr. Adamlar islendik ýolbaşçydan sähelçe zulum görse-de, özi gitmezden, hat üsti bilen hezreti Omara ýüz tutup, arzyny aýdyp bilýär ekeni. Hezreti Omaryñ buýrugy bilen Şamyñ häkimi bir hristiana: "Siziñem bir hukugyñyz bormy?" diýeni üçin wezipesinden boşadylyp, kyrk gamçy iýmeli bolupdyr. Hezreti Omar döwlet ýolbaşçylaryna, alymlara, eger siz, başga dindäki adamlara arassa ýaşaýyş bilen nusga bolup bilseñiz, dünýä ýüzi şobada yslamy kabul ederdi. Siziñ göreldäñiz ýoklugy üçin, adamlar musulman bolmaga howluganoklar diýer ekeni. Allanyñ "il masgarasy ederin" diýip şeýtany gorkuzany üçin musulmanlaryñ arasyna gelen ol nälet siñenden Muhammet aleýhi wesellem "Hezreti Omary nähili görýäñ?" diýip, şeýtana üçünji soragyny beripdir welin, şeýtan ol soraga şeýle jogap beripdir: "Käşgä Omar meni öz erkime goýsady. Men onuñ deminiñ düşen ýerinden gaçýaryn". Muhammet aleýhi wesellem hezreti Omara "Eý, Omar, eger men iñ soñky pygamber bolmadyk bolanlygymda sen hökman menden soñky pygamber bolardyñ. Ýöne sen pygamber bolmasañ-da, adamlaryñ iñ adalatlysy bolup, behişde bararsyñ" diýip aýdypdyr. Dogrudanam, musulman halklar hezreti Omary sada, ýowuz hem adalatly, ejize rehimdar hökmünde tanaýarlar. 3. HEZRETI OSMAN Hezreti Osman 646-656-njy ýyllar aralygynda musulmanlara ýolbaşçylyk eden üçünji halyfdyr. Hezreti Osmanyñ asly käri söwdagärçilik bolup, yslamdan öñem gaty halal, garyp-gasarlara eli açyk adam ekeni. Ol Ebu Bekir bilenem gaty gowy gatnaşykda bolup, onuñ bilen syr alyp, syr berişýän ýürekdeş dosty ekeni. Ol Muhammet aleýhi wesellem bilen bolsa daýy-ýegen ekeni. Onuñ musulman bolşuny, esasan, şeýle beýan edýärler. Hezreti Osmanyñ buta bolan ynamy gaty gowşak bolupdyr. Ýöne il adatyna görä, käbir däp-dessurlary berjaý etmäge öz tiresine degişli buta sežde etmäge barar ekeni. Bir gezek bolsa but sežde etmäge Osman hem onuñ tiresi baranda, kimdir biri olaryñ butuny masgaralamak üçin hapalapdyr. Göz-gülban bolup duran buty gören Osman: "Özüni gorap bilmedik buta sežde edýäs-ow. Bizem añymyzy ýitirip ýörüs öýdýän" diýip, hyrra yzyna öwrülip, öýüne gelip, bir ýerde oturyp mazasy bolmandyr. Soñra Osman gaýgy-aladasyny unutmak üçin täzeden Käbä zyýarata gelipdir. Gelen badyna-da, her ýylky şahyrlaryñ bäsleşiginde birinji baýraga mynasyp bolan şahyryñ Käbede asyp goýlan "Asmandan nurly halasgär geler" diýen setir bilen başlanýan goşgusyna gözi düşüpdir. Hezreti Osman ol goşgyny okap: "Ol nurly halasgär diýilýän kimkä? Näme üçin men janyma karar tapamokkam?" diýip, ýagdaýyny aýtmak üçin Ebu Bekiriñ ýanyna barypdyr. Ol özüniñ hiç ýerde ýüreginiñ karar tapmaýanlygyny, hatda butlara bolan ynanjynyñam ýoklugyny Ebu Bekire gürrüñ berip, sözüni şeýle jemläpdir: "Ebu Bekir, ýañy men Käbä baramda, "Asmandan nurly halasgär geler" diýen setir bilen başlanýan goşgy asylypdyr. Göwnüme bolmasa, şol halasgär biziñ içimizden çykaýjak ýaly bolup dur". Onuñ arzy-halyny, aýdan gürrüñlerini diñlän Ebu Bekir Osmana şeýle diýipdir: "Dogry aýdýañ, Osman halypa, butlaryñ özi alaçsyz. Asmandan nurly halasgär geldi, oña Muhammet diýýärler. Dünýäniñ hökümdary Allatagala, onuñ resuly bolsa Muhammet aleýhi wesellemdir". Şondan soñ Ebu Bekir Osmana: "Eý, dost, erksiz butlara ynanmaklygy taşlamaly. Alla iman edeli. Muhammet aleýhi wesellemiñ Allanyñ resulydygyny ykrar edeli" diýip, ony imana çagyrypdyr welin, şol ýerde Osman Alla iman edipdir. Soñra bolsa Ebu Bekirdir Osman Muhammet pygamberimiziñ ýanyna gelipdirler. Şeýlelikde, Osman dört çaryýarlaryñ içinde Ebu Bekirdir Alydan soñ üçünji musulman bolan adamdyr. Osmanyñ musulmanlara eden ýagşylygy diýseñ uludyr. 618-nji ýylda butparazlar musulmanlary dinden çykarmak üçin Mekgede, garaz, özleriniñ hökümi ýöreýän ýerlerinde musulmanlara söwda etdirmändirler. Şol sebäpli tiz wagtdan musulmanlaryñ arasynda açlyk başlanypdyr. Kyrkdan gowrak musulmana açlykdan gyrylmak howpy abanypdyr. Ine, şol ýagdaýda hezreti Osman musulmanlaryñ dadyna ýetişip, Muhammet aleýhi weselleme gymnat bahadan 200 put arpa-bugdaý alar ýaly gyzyl puly peşgeş beripdir. Şonda Muhammet aleýhi wesellem "Eý, Allam, Osmanyñ eden ýagşylygyny yzyna gaýtarmakdan men ejiz galdym. Özüñ şol ýagşylygy ýerine salaweri" diýip dileg edipdir. Hezreti Osman baý söwdagär bolansoñ, hemişe-de musulmanlara pul ýardamyny berip durupdyr. Şonuñ üçin Muhammet pygamberimiz "Hezreti Osman günäden päkdir" diýer ekeni. Ol baý söwdagärligine seretmezden, ýönekeý garyp-gasardan artyk ýaşamandyr. Hezreti Osman musulmanlaryñ agzybirligi ugrunda jan aýaman göreşipdir. Muhammet aleýhi wesellem ykdysady mesele orta çyksa, esasan, Osmana sala salar ekeni. Şeýle hem ol musulmanlar söweşdekä tylyñ agzybirligini saklapdyr. Uhud söweşinde musulmanlar ýeñilse-de, Osman Medinedäki musulmanlaryñ duşmanlarynyñ baş götermegine gaty çeýe syýasat alyp baryp, ýol bermändir. Hezreti Osman Muhammet aleýhi wesellemiñ iki gyzyna öýlenipdir. Muhammet pygamberimiz: "Ýene bir gyzym bolsa-da Osmana bererdim" diýipdir. Hezreti Osman gaty utançly-haýaly adam bolupdyr. Haçan-da Muhammet pygamberimiz (s.a.w) nälet siñen şeýtandan: "Hezreti Osman nähili?" diýip soranda, şeýtan şeýle jogap beripdir: "Osmanyñ utanç-haýasy meniñ hile-mekirlik etmegime ýol bermeýär". Hezreti Osman "Kurany-Kerimi" toplap, ynamdar 33.000 sahabanyñ şaýatlyk etmeginde ahyrzamana çenli ýekeje harpy-da üýtgemejek ýazga geçiripdir. Häzirki "Kurany-Kerim" Hezreti Osmanyñ ýazgy eden "Kuranynyñ" göçürmesidir. Hezreti Osmanyñ döwründe yslam bütin Orta Aziýa, Kawkaza ýaýrady. Garaz, hezreti Osmanam, edil beýleki çaryýarlar ýaly yslamyñ gaty arassa, ygtybarly dindigini, özüniñ Muhammet aleýhi wesellemiñ ynamdar egindeşidigini kemsiz subut etdi. 4. HEZRETI ALY Hezreti Aly 656-661-nji ýyllar aralygynda musulmanlara ýolbaşçylyk eden dördünji halyfdyr. Ol Muhammet pygamberimiziñ doganoglanydyr. Hezreti Aly ýedi ýaşyndan Muhammet pygamberimiziñ terbiýesini alyp ugrady. Muhammet aleýhi wesellem Alyny edil öz perzendi ýaly söýüp, öýünde terbiýeledi. Hezreti Aly Muhammet aleýhi wesellemiñ pygamberlihi aýan edilende, bary-ýogy on ýaşlyja çagady. Emma muña garamazdan, düşbüje hezreti Aly iman edipdir. Ol Hatyja enemizden soñ ikinji, erkekleriñ arasynda birinji bolup yslama uýup, Alla iman getiren ynsandyr. Hezreti Aly gaty gaýduwsyz ekeni. Şeýle hem gaty uguetapyjy adam bolupdyr. Şol sebäpli Muhammet pygamberimiz Alyny hemişe gyzmaç çarwa araplara garşy söweşde serkerdelik etmegi tabşyrar ekeni. Söweşde Alynyñ gatnaşan urşunda musulmanlaryñ ýeñlen gezegi bolmandyr. Hezreti Alynyñ zehini tüýs "daş ýarýar" diýleni ekeni. Muhammet aleýhi wesellem "Ylym şäher bolsa Aly onuñ girilýän derwezesidir" diýer ekeni. Hezreti Aly Muhammet pygamberimize inýän aýatlary ýazyp, sowatly adamlaryñ üsti bilen yslamy ýaýradypdyr. Hezreti Aly hemişe Allanyñ resulynyñ ýanynda bolansoñ, tutuş "Kurany" hem onuñ düşündirilişini ilik-düwmr bilýär ekeni. Şonuñ üçin Aly "Welileriñ Welisi" diýen ada eýe bolupdyr. Hezreti Aly çäksiz adalatly hem rehimdar adam bolupdyr. Ol: "Dünýäde tutuşlygyna adalat höküm sürýän bolsa, şol adalatam garynjanyñ agzyndaky bir däne arpany alyp galmak zerurlygy ýüze çyksa-da, garynjanyñ agzyndan arpany alyp, oña zulum etmerin. Zulum edilýän ýerde men ýok" diýer ekeni. Hezreti Aly göz öñüne getirip bolmajak adalatlylyk bilen ýurdy dolandyrypdyr. Bir gezek onuñ dogany Ibn Apbas halys özüne gerek bolany üçin döwletiñ gaznasyndan bir dinar pul alypdyr. Muny duýan Aly: "Agama kyrk gamçy uruñ hem alan puluny ýerine goýduryñ" diýip, buýruk beripdir. Hezreti Aly her bir uly işiñ başyny tutanda, alymlara geñeş edip, şolaryñ aýdanlaryny pugta öwrenip, iş eder ekeni. Hezreti Alynyñ döwründe ylym pajarlap ösüldir. Beýleki dindäki adamlara hem azar berilmändir. Hatda Alynyñ köşk alymlarynyñ üçden biri musulman däl ekeni. Emma olara hiç kim azar bermändir. Hezreti Aly döwletiñ salgyt usulyny doly durnuklaşdyrypdyr. Yslam halyflygy adamlaryñ howpsuzlygyna doly kepil geçýär ekeni. Kanun hemmeler üçin deñ bolup, hatda Alynyñ özi-de kanuna ters gelýän hiç bir hereketi etmändir. Ol halkyñ arzyny ýerlere gidip diñläpdir hem şol bada kemçiligi düzedip goýberer ekeni. Düzgüni bozýan adamlara kanun esasynda gaty rehimsiz daraşypdyr. Her kim bir günä etse, nähili çekmelidigini açyk bilýär ekeni. Şol sebäpli onuñ dolandyran döwründe yslam halklarynda jenaýat minimum derejä çenli aşak düşüpdir. Bu zatlar bolsa şol döwür üçin haýran galaýmaly ýagdaýdyr. Alladan gorkup, musulmanlaryñ arasyna gelen nälet siñen şeýtandan Muhammet pygamberimiz (s.a.w) "Eý, nälet siñen, Aly nähili ynsandyr?" diýende, ady ýitmiş şeýtan şeýle jogap beripdir: "Aly alymlaryñ soltanydyr. Käşgä ol meni öz erkime goýsady. Menem hezil edip ýaýnasadym". Hezreti Aly Muhammet pygamberimiziñ söýgüli gyzy Patmanyñ hem ýanýoldaşydyr. Alynyñ Patmadan ady yslam älemine belli ymam Hasan we ymam Hüseýin diýen ogly bolýar. Halkymyzyñ içinde Aly batyrlygyñ we gaýduwsyzlygyñ simwolydyr. Emma, muña garamazdan, çaryýarlaryñ ählisine-de deñ göz bilen garamak derwaýysdyr. Olaryñ haýsam bolsa birden-birine artykmaç baha berjek bolmak şeýtan päline uýmakdyr. Şol sebäpli biz Muhammet aleýhi wesellemiñ iñ ýakyn egindeşleri hökmünde olary deñ görmelidiris. Çaryýarlaryñ Ebu Bekirden özgesi şehit bolupdyr. Dört çaryýarlar Muhammet pygamberimiziñ iñ ýakyn egindeşleri hökmünde yslamy dünýä ýüzüne ýaýmakda iñ uly hyzmaty bitiren ynsanlardyr. Olar sada ynsan hökmünde nähili ýaşamaly, nähili döwlet ýolbaşçysy bolmalydygyna görelde görkezen şahsyýetlerdir. Şol sebäpli her bir musulmanyñ çaryýarlara hormat etmegi onuñ mukaddes borjudyr. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. # watan_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |