00:05 Dostuma | |
DOSTUMA...
Oýlanmalar
"Daýansa güýç alar egin-eginden, Halaşsa suw içer göwün-göwünden. Oglanlaň dostlugy ýazsa bogundan Bu dünýä bolmazmy zyndandan beter" "Dost" aýdymyndan... Salawmalekim gadyrdan dostum! Üç aýlyk ulylygyňy göz öňünde tutup, şu wagta çenli salam berip gelipdim. Ýene-de şol kadamy bozmaýyn. Gowmy öýdäkiler, çagalar?! Çagalar diýýän welin bir gyzyň, bir ogulyň bolanyndan habarym bar-da, şondan soň köpeldiňmi ýa ýok bilmedim. Şu hatymy ýazyp başlamankam, saňa soňky gezek haçan hat ýazanymy ýatlajak boldum. Ýalňyşmasam gulluk edip ýören döwürlerimiz hat alyşdyk öýdýän. Hawa, şol wagtlar. Indi hat ýazyşmagam "modadan" galyp barýar... Mekdep döwürleri size barmagy gowy görerdim. Aýratynam şol ir bişýän gelinbarmak üzümleriňiziň bişýän döwürleri. "Gelin - nire, onuň barmagy - nire, bu üzümler nire? Näme üçin şunyň ady "gelinbarmakka" diýip beren soragyň entegem ýadymda. Şondan bäri üzüm görsem şol soragyň jogabyn gözläýin diýýänem welin... Ýaltalyk edilýämi nämemi, entegä tapamok. Orta mekdebi gutaryp, ikimizem bir harby bölümde gulluk etmegi arzuw ederdik. Ýöne nesibe ýokdur - da harby gullugy herimiz ýurduň başga - başga ýerlerinde geçdik. Ýogsam "woýennikomatda" tanyşam tapypdyk... Gullukdan gelibem kän tirkeşipdik, köp toýlarydyr, "oturyşmalary" bile sowupdyk. Hudaýa şükir toýlar şu wagtam köp, ýöne olar bir wagtky bile gezen döwrümizdäki toýlardan gyzyksyz ýaly birhilli.. Ýadyňa düşýärmi, synpdaşymyz Tawusyň üstünde bir-birek bilen "sene-mene" edişenimiz... Arada, şol, ikimizede elýetmez bolup görünen gyzyňam, iki gyzdan soň bolan ogly mekdebe bardy. "Papka" toýuna çagyrdy. Menä baryp gutlap gaýtdym. Ýöne şol toýda-da sen görünmediň. Bilmedim näme üçin? Zerurrak aladalaryň çykandyrda elbetde... "Toý" diýemde ýadyma düşdi. Öňüräk meni seň gelniň obasyna toýa çagyrdylar. Gaýynlaryň deňinden geçip barýaryn welin şol öňküje tanyş ýerler. Sen duşuşyga geleňde, ýanyňa ýoldaş bolup köp gelipdim bu ýerlere. Ýadyňa düşýärmi, bir gezek dagy şu obanyň özümiz ýaly oglanlary 15-20- sany bolup bizi urjak boluşlary. Zordan gaçyp, synpdaşymyz Şamuhammediň maşynyna özümizi atypdyk. (Ýeri gelende aýtsam. Indi Şamuhammet bilen salamlaşmak üçinem birki gün öňünden jaň edip nobat bellemeli). Haýran galan zadym, bir wagt obasyna baranymyzy ýokuş gören oglanlaryň inileri (aralarynda özleri bar bolsada bilmedim) güler ýüz bilen garşyladylar. Hyzmat etdiler. Gaýdamda-da "Gelip dur" diýdiler. Mümkin olaram indi dostuma-da, özümede bu obadan gyz almajagymy bilip diýendirler... Seniň durmuş toýuň... Dogrusy öz toýumada seň toýuňdaky ýaly ýa begenendirin ýa begenenem däldirin. Özüň bilýäň obamyz meni özüne tamada etdi. Obamyzda ençeme toýlara gatnaşsamam seň toýuň ýaly özüme täsirli toýa gabat gelmedim... Gyzjagazyň bir ýaşyny dolduranda, uly edip hem ýaş toýuny hemem saç toýuny toýlapdyň. Şonda men söz sözlämde, oýun edip, Kerim şahyryň: "Parhy ýok ogulmy, gyzmy, Bir başlan bolsa düzeler yzy." setirlerini aýdypdym... Perişdeler "Omyn" diýdimi, bilmedim. Dogurdanam soňra ogluňam boldy. Entek onuňa ýaş toýuna çagyraňok...Beýleki toýlaryny belläris-da nesip bolsa... Hatymyň başyragynda "Hat ýazyşmagam "modadan" galýar" diýipdim. Ýöne hat ýazaýmasam seň bilen habarlaşybam bolanak. Dogry, maşgala dolandyrmagam aňsat däl. Haçandygy ýadyma düşenak. Bir ýerde okapdym. Adam dogulanda rysgaly bilen dogulýarmyşyn. Ýaňy doglan adamyň, bäbejigiň rysgalyny perişdeler alyp çar tarapa seçýärmişin. Rysgalyny çar tarapdan gözlemeli bolany üçin hem bäbejik ilkinji gezek aglaýarmyşyn. Soňam, ulalansoňam rysgalyny gözläp çar tarapa aýlanyp ýörmüşin. Şol zatlar çyn bolmagam mümkin. Rysgal diýip, gazanç diýip dost-ýar, dogan-garyndaş diýleni ýatdanam çykyp barýan ýaly... Dogrusy ak kagyza galamdyr, ruçka bilen hat ýa-da haýsydyr ýazgy ýazmagam "modadan" galyp barýar. Saňa hat ýazyp başlan wagtym, öz "poçerkimi" görüp özümem haýran galdym. Herne kagyz ýüzüne söz ýazmagy özüm unutsamam, barmaklarym unutmandyr. Şol bir wagtky synpymyzdaky gyzlar aýtmyşlaýyn, seňki ýaly owadan bolmasada, "arassa,gowy" poçerkim kagyz ýüzüne düşüp başlady. Öňem biriniň "Gazanç - diýip hars urman, birki gün galman ýatsaňam aç öljek däl ekeniň" diýşi ýaly, ýekeje gün, iň bolmanda ýekeje gije geçen günlerimizi ýatlaşyp, geljek günlerimize umyt edip oturyşaly dostum... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||