19:40 "Okamakdan irmeýärin!" | |
“OKAMAKDAN IRMEÝÄRIN”
Söhbetdeşlik
Ýazyjy Kakamyrat Ataýew bilen gysgaça söhbetdeşlik Şirhan ALLABERDIÝEW: - “Ölüp-dirilen” eseriňiziň aňyrsynda nähilidir bir real waka barmy? Bu romanda siziň hunsalara garaýyşyňyza düşünip bilmedim. Kakamyrat ATAÝEW: - Bu eseriň aňyrsynda anyk real wakalar ýok. Letargiýa ýagdaýlary, hunsa bäbekleriň dünýä inmegi barada okanlarym, eşidenlerim esasynda ýazypdym. Awtor hökmünde meniň hunsalara bolan pozitiw ýa negatiw garaýyşlarymyň romanda duýulmazlygy tebigy ýagdaý. Eger-de men hunsalara simpatiýamy ýa antipatiýamy bildirsem, bu birtaraplaýyn bolmazmy? Okyjylaryň içinde meniň garaýyşlarymy oňlajaklar-da, oňlamajaklar-da tapylar. Goý, her kim özüçe oýlansyn, pikirlensin. Bu meniň üçin wajyp däl. Romanda letargiýa we germafrodit hadysalary arkaly ýigrimi birinji asyryň başynda türkmenleriň uçran dertlerine ünsi çekmek isläpdim. Ruhy taýdan ölüp-dirilmek, aýallaryň erkekleşmegi we erkekleriň aýallaşmagy! Dert kemi ýok! Hunsalar barada şahsy pikirimi aýtsam, mende olara ýigrenç duýgusy ýok, olara betbagt adamlar hökmünde nebsagyryjylyk bilen garaýaryn. Şirhan ALLABERDIÝEW : - Siziň eserleriňizi okanymda käbir gahrymanyň häsiýeti, gepleýşi biziň obamyzdaky adamlaryň bolşuna meňzeýär. “Bäh, Kakamyrat aga biziň obadaky pylanyny tanaýarmykan?” diýip pikir etdirýän ýerlerem bar. Gahrymanlaryňyzyň real durmuşda prototipleri barmy? Kakamyrat ATAÝEW: - Hawa, prototipleri bar. Gahrymanlaryň häsiýetini naturadan almazdan, şowly proza eserini ýazmak hiç kime başardar öýdemok. Janly durmuş towlanyp, akyp ýatan bulak, ol ýerde dürli hili adam ykballary bar, olary döredýän häsiýetler bar, oňat synlap, ýeterlik belet bolaňsoň, özüňe geregini susup alybermeli. Eger meniň döreden gahrymanlarym siziň obaňyzdaky adamlary ýatladýan bolsa, bu belli bir derejede azabymyň ýerine düşenligini aňladýar we kanagatlanma duýgusyny döredýär. Ýazyjy hökmünde buýsandyrýar diýsemem, ýalňyş bolmaz. Şirhan ALLABERDIÝEW : - Siz eserleriňizde maşgala meselelerine köp ýüzlenýärsiňiz. Maşgalalaryň bozulmagy, binika göwrelilik ýa-da çaga dogurmak, zynahorlyk... Şular ýaly ýagdaýlaryň kemelmegi üçin nähili çäreler görülse gowy bolar? Kakamyrat ATAÝEW: - Maşgala dawasy, är-aýalyň aýrylyşmagy, jelepçilik, abort etdirmek, binika dogulýan çagalar, azgynçylyk görlüp-eşidilmedik derejede köpelip gidip otyr. Bu iňňän ýokanç dert bizde bireýýäm epidemiýa öwrüldi. Ýagdaýyň gowy däldigini, öz-özünden düzelmejegini, gaýtam gitdigiçe beterlejekdigini akmak bolmadyk her bir adam bilýär. Mesele mekdep mugallymynyň ündewi ýa-da ýaşuly nesliň wagzy bilen düzederden has çylşyrymly. Indi bu problema döwlet derejesinde çözülmeli. Döwletiň elinde işlemän ýatan köpsanly ryçaglar bar, şol ryçaglary herekete getirmezden, keseli bejermek mümkin däl. Bu ýokanç kesel nireden geldi, nädip döredi, nä sebäbe beýle örç alýar? Ýazyjynyň borjy şu sowallara jogap agtarmakdan, jemgyýete howp salýan meselä ünsi güýçlendirmekden ybarat diýip düşünýän. Şirhan ALLABERDIÝEW: - Ylmy-fantastika garaýyşyňyz nähili? Bu ugurda eser döretmäge synanyşdyňyzmy? Kakamyrat ATAÝEW: - Ylmy-fantastiki eserlere, elbetde, oňyn garaýaryn. Şowly ýazylan hyýaly kitaplary okap, geljegi belli bir derejede göz öňüne getirse bolar. Globallaşýan dünýäniň ümzügi nirä, ylmy-tehniki progres haýsy ugra köp ýykgyn edýär, adamzat ertir nähili sepgitlere barar, şol bir wagtda niçiksi problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolar? Ylmy-fantastiki eserler şeýle sowallara jogap agtarýandygy bilen gyzykly. Olary bilmäge höwesek okyjylaryň az däldigine ynanýaryn. Bu ugurda türkmen edebiýatynda nähili işler edildi? Sowet eýýamynda birki sany ýazyjynyň synanyşygy boldy diýäýmeseň, öňe tutar ýaly tutumly eseriň ýazylmandygy gynandyrýar. Ilhalar ylmy-fantastiki kitap ýazmak üçin ýazyjynyň diňe ylymdan habarlylygy we hyýalkeşligi ýeterlik däl, ylmy çaklamalary bilen haýran galdyrýan öňdengörüjilikli ukyby-da zerur. Eýsem, Žýul Wern, Artur Konan Doýl ýaly fantast ýazyjylara şöhrat getiren şol ukyp dälmi näme?! Özüm barada aýtsam, men bu ugurda eser ýazmaga hiç mahalam töwekgellik etmedim, indem ederin öýdemok. Men ylym adamsy däl, mende güýçli fantast ýazyjylaryňky ýaly ukyp hem ýok. Şirhan ALLABERDIÝEW: - Häzirki ýazyjy-şahyrlardan haýsylarynyň eserlerini okaýaňyz? Kakamyrat ATAÝEW: - Häzirki zamanyň adygan ýazyjylarynyň eserlerini wagt tapdygymdan okamaga çalyşýaryn. Olaryň hersiniň aýry-aýry tagamy bar. Ähli tagamy birdeň kabul edip bolanok. Meniň höwes bilen okaýanlarym: rus ýazyjylary Wiktoriýa Tokarewa, Ýewgeniý Wodolazkin, awar Alisa Ganiýewa, tatar Gözel Ýahina, özbek Abdylhemit Ysmaýylow, türk Orhan Pamuk, öz milli buýsanjymyz Tirkiş Jumageldi we başgalar. Ussadyň elinden çykan kämil kitap hiç haçan biparh goýmaýar, “ynha, şular ýaly edip ýazsaňam boljak eken-ä” diýip haýran galýaň, öwrenýäň. Öwreneniňi öz döredijiligiňe siňdirmäge çalyşýaň. Şonuň üçin hiç wagt okamakdan irmeýärin. Şirhan ALLABERDIÝEW: - Sowallara jogaplaryňyz üçin sag boluň Kakamyrat aga! Siziň döredijiligiňiz barada umuman edebiýat barada, entek mende-de, okyjylar köpçüliginde-de size sowallar bar. Nesip bolsa olary hem ýene bir gün ýazgy etsek gowy bolardy. 13-nji oktýabr, 2020-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||