11:48 Palta haky / hekaýa | |
PALTA HAKY
Hekaýalar
(Wakalar Teýmirleňiň hökümdarlyk eden döwürlerinde, Samarkant şäherinde bolup geçýär) Samarkant. Bu gadymy şähere men dogulanym bäri aşyk. Dogry, dogulanym bäri men ony göremok. Men bu şäheri diňe özümden uly şol şäherde bolup görenleriň hem-de öten-geçen bezirgendir, täjirleriň gürriňlerinden eşidişime görä göz öňüme getirýärin. Biziň Zamahşarymyz hem kiçi şäher däl, ençeme dükanly bazarlary, kerwensaraýlary bar. Emma Samarkant muňa on esse ýok ýigrimi esse geljek ulymyşyn. Dogry, ony wagtynda mongollar ýykan-ýumran edipdirler. Ýöne serediň-ä bu dünýäniň işine: mongollaryň ýykanyny ýene mongol neslinden bolan Emir Teýmir ony görlüp-eşidilmedik derejede täzeden gurýamyşyn. Dünýäniň çar künjeginden öz işine ussat gurluşykçylary çagyryp, islän pulyny berip, üýtgeşikden-üýtgeşik ymaratlary gurdurýamyşyn. Bu gürrüňleri eşidip, öz ussaçylygymy şol şäherde synap göresim geldi. Gazanjam ýetik. Gazanjam-a gazançdyr welin, şeýle şäheriň gurluşygynda özüňem dahyllydygyňy duýmak hasam ýakymly. Şeýle pikirler bilen Samarkanda tarap barýan kerwene dakylyşyp ýola düşdim... Samarkant... Aýdylyşyndanam uly, şowhunly şäher. Demirgazyk derwezesinden girmek üçin ýakynlaşanymyz bilen kerwenbaşydyr töweregindäki kömekçiler kerweniň içinden eýlek-beýläk aljyraňly ýagdaýda geçişip başladylar. Bir azdanam "Bäş tylla. Adam başyna bäş tylladan. At üçin ýedi tylla, düýedir eşek üçin bäş tylla" diýlen sesler eşidilip başlady. Yz ýanynydanam kerwenbaşy bilen kömekçisi her adamdan bäş tylla üstinede atlydan ýedi, düýelidir eşekliden bolsa bäş tylladan ýygnap başladylar. Berendenä aldylar. Bermedikleri bolsa kerwenden bir gyra çykaryp "Baryň onda derwezäň öňündäki nökerler bilen özüňiz düşünişiň!" diýdiler. "Köplük bilen bolsam hor bolmarynla" diýen pikir bilen özüm üçin bäş, eşegim üçin bäş, jemi on tyllany berdim. Kerwen bilen derwezäniň agzyna bardyk. Derwezäniň öňünde dört sany nöker gelýänleriň ýüklerini barlap, Samarkanda näme maksat bilen gelýänini anyklap geçirip durdylar. Gezek maňa-da ýetdi. Goşlarymy barlaşdyran nökerleriň biri: - Bujagaz goşuň bilen Samarkantda nä körüň bar? Özüň nireli? - diýdi. - Men Zamahşardan. Gurluşykda işlämege geldim - diýdim. - Hä, Zamahşardanmy? Hany onda Zamahşaryň reýisiniñ seni gurluşykda işlemek üçin ugradyş hatyny görkez - diýdi. Mende bular ýaly hat ýokdy. Dogrusy gurluşykda işlemek üçin beýle hatyň gerekdigindenem habarym ýokdy. Ýaýdanýanymy gören nökerleriň biri paltasynyň uzyn dessesi bilen ýeňsäme bir goýdy-da: - Hatyň bolmasa, palta hakymy ber-de geçiber - diýdi. Ýeňsämiň gyzyp giden ýeren tutyp durşyma: - Nämäniň "palta haky"? - diýdim. Oňa çenlem Zamahşardan meniň bilen bile gaýdan täjirleriň biri: - Berer. Berer "palta hakyny". Ynha men özümiňkä goşup berýän - diýip, bir gysym tyllany nökeriň eline tutdyrdy. - Ýöräň, ýöräň! Derwezäň öňünde durmaň!-diýip nökerler bizi gyssap ýola saldylar. Beýleräk geçensoň ýaňky meniň üçin pul beren täjire: - Şähere girjek wagtymyz bizden özümiz üçin, diňe özümiz üçin däl münip gelen haýwanlarymyz üçinem pul aldylar ahyryn. Näme üçin sen ýene-de olara pul berdiň?- diýdim. - Heeeý...Sen şähere girjek wagtyň şäheriň muhtasibine pajyňy tölediň. Ýöne nökerlere-de "palta hakyny" bermeseň bolmaz ahyryn. Samarkantda köpüräk gezseň bu zatlara gowy düşünip gidersiň - diýdi... Kerwensaraýda düşledik. Özüm ýaly iş gözleginde gelenler bilen gürleşdim. Olardan eşiden gürrüňlerime görä Samarkantda gurluşykda işlemek üçin şäheriň kazysyndan möhürli rugsat haty gerekmişin, şol hatyň bolmasa işläbem, köçede arkaýyn ýöräbem bolanokmyşyn. Kazyhanaň salgysyny alyp, şol tarapa ugradym. Kerwensaraýdan gatybir daşlaşmankam, öňümden iki sany nöker çykdy. - Essalawmalekim, Taňry bendesi! - diýip olaryň biri gaty gadyrly salamlaşdy. Hal-ahwal soraşdy. Beýlekisi bolsa, bir zatdan nägile ýaly bolup ýüzini çytyp durdy. Ahyry ýaňky gadyrly salamlaşan nöker: - Taňry bendesi, sen bize şäherde arkaýyn gezmegiň üçin kazymyzyň beren möhürli rugsat hatyny görkezermiň? - diýdi. - Wah, görkezerdim-de, arman şol hat mende ýok. Men şony almak üçin şu wagt kerwensaraýdan çykyp kazyhana ugradym- diýdim. Meniň bu sözlerime ýüzi çytyk nökeriň, çytyk ýüzi has hem çytylyp garaldy. - Samarkantly bolmadyk adam, Samarkantda gezmek üçin ýanynda baş kazynyň möhürli haty bolmalydygy barada hökümdarymyz Emir Teýmiriň ýörite permany bar. Biz hökümdarymyzyň wepaly nökerleri, her öň ýetene onuň permanlaryny basgylatmarys. Düş öňümize, seniň bilen zyndanda çözülişeris - diýip, uzyn saply paltasynyň sapy bilen ýeňsäme batly urdy. - Agalar, hökümdarymyzyň wepaly nökerleri. Men hiç hili permana garşy däl. Ýöne men şu gün irden Zamahşardan Samarkanda geldim. Şu wagt hem şol möhürli rugsat hatyny almak üçin gidip barýan- diýip olara ýagdaýy düşündirmekçi boldym. Emma gaharly nöker meni diňlemek hem islemedi: - Rast sen Samarkantly dälmiň? Onda kerwensaraýda gömlüp oturyp, ýene şol ýerden ýok bolup gitmeli ekeniň. Köçelere çykdyňmy, ýanyňda möhürli rugsat hatyň bolaýmaly. Maňa seniň haçan gelip, haçan gideniň gyzykly däl - diýip guşagyna gysdyrylgy gandalyny çykaryp elimi gandallamaga başlady. Oňa çenlem başdaky gadyrly salamlaşan nöker ara düşdi: - Merhemetli onbaşym, biraz tagapyl ediň! Bu ýigit erbet ýigide meňzänok. Möhürli rugsat hatyny hem aljak diýýär. Siz ony palta bilen urduňyz, goý ol palta hakyny tölesin-de ýoluna gidibersin - diýip, meni gandallap duran nökere töwella etdi. Ol bolsa: - Sen muňa ýagşy ýigit diýýärsiň. Bulam bize palta hakyny berip, elimizden sypansoň, kazyhana baryp tylla teňňe berenini aýtsa... - Ýok, ýok. Bu ýigit oň ýaly işleri etjege meňzenok. Zamahşarlylar näme satsalaram, adam satmazlar. Ýa-da dogrudanam, bizi kazyhanada ýamanlaýjakmy? - Aýdýanyňyz näme? Meň asla oň ýaly niýetim ýok. Palta hakyňyzy bereýin. Siz sag-men salamat. Gideýin-de, möhürli rugsat hatymy alaýyn - diýdim. Yzýanyndanam gapjygymdan bäş tyllany çykardym-da ýaňky "gadyrly" nökeriň eline berdim. Teňňeleri guşagynda gizlän nöker şadyýan seslendi: - Merhemetli onbaşym, men aýtdym-a şu ýigit gowy ýigit diýip. Ýoluň ak bolsun! Nökerler öz ýolyna gitdiler. Menem kazyhana tarap ugradym. Kazyhanaň öňünde men ýaly möhürli rugsat hatyny almaga gelenler hümmer bolup duran ekenler. Nobatym ýetende, menem kazyhana girdim. Meni kazysynyň mürzesi kabul etdi. Näme haýyş bilen gelenimi diňledi-de: - Möhürli rugsat hatyny bereris. Hökman bereris. Emma sen bize işlejek gurluşygyň baş ussasyndan şonuň elinde işleýändigiň barada hat getirmeli bolarsyň. Bolmasa berip bilmeris. Sebäbi işsiz ygyp ýörenlere möhürli rugsat hat bermäge biziň hakymyz ýok. Diwan işleri-dä... özüňiz bilýäňiz, bize-de bir esas gerek. Kazyhanadan çykyp gurluşyklary aýlanyp iş soramaga gitdim. Ýolda ýene birki ýerde nökerler gabat geldi... "Möhürli rugsat haty"... "Ýaman ýigit"..."Ýagşy ýigit"... "Palta haky"... garaz gapjygymy gowyja ýeňletdiler. Gurluşyklaryň birinde iş bar ekeni. Gurluşygyň baş ussasynyň ýanyna bardymda ýagdaýymy düşündirdim. Ol meni ünsli diňledi-de: - Ýagdaýyňa düşünýän. Möhürli rugsat hatyň bolmasa Samarkantda gezmek kyn. Ýöne menem saňa bizde işleýändigiň barada hat berip biljek däl. Sebäbi rugsat haty bolmadyk adamy işe almaga biziň hakymyz ýok. - Ýöne,merhemetli baş ussam! Kazyhanada maňa sizden hat getirmeli diýdiler ahyryn! - Diýendirler. Häzir men saňa diýen hatyňy bersem "Näme üçin möhürli rugsat haty ýok adamy işe aldyň?" - diýip, meň özümi heläk edip başlarlar. Sen maňa-da dogry düşün. Menem çaga eklemeli. Eýt-beýt, şol möhürli rugsat hatyny alyp gel. Işe almak meniň bilen... Bir hepde-den gowyrak kazyhana, kazyhanadan gurluşyga, gurluşykdan ýene kazyhana, arasynda şäher muhtasibiniňkä gatnadym. Günde-de birki gezek, kä günler üç-dört gezek nökerler bilenem gabatlaşdym. Her gabatlaşanymda-da "Ýagşy ýigit" bolmak üçin "рalta hakyny" bermeli boldym. Entegem gurluşygyň baş ussasy gowy adam ekeni. Soňundan işläp üzmek şerti bilen ep-esli tylla teňňäni karzyna berdi. Bolmasa ýanymdaky tyllalar "ýagşy ýigit" bolmak üçin ýeterlik däldi. Ahyrynda bir alajyny tapyp, kazyhanaň mürzesine-de "palta hakyny" berdim. Tüweleme ýany paltasyzam bolsa, palta göterýänlerden ep-esli artyk "palta hakyny" alýan eken... Möhürli rugsat haty ýanymda. Gurluşykda işläp ýörün. Ýöne şonda-da ýolda-yzda eli paltaly nökerleri görsem endam-janym titräp başlaýar. Sebäbi ýene gelip menden "palta hakyny" sorasalar. Mende olara berere zat ýok. Dilegim, "palta hakyny" palta bilen bermeli bolmaýyn-da herne... | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |