17:38 Salam haty | |
SALAM HATY
Oýlanmalar
Bu gün mart aýynyň 29-y. Kimler üçin adaty gün. Biziň üçin bolsa... Ýadyňa düşýärmi saňa ilkinji söýgi hatymy synpdaşym Humaýdan ugradypdym. Şu gün ýene-de saňa hat ýazasym geldi. Bu hatymy Humaýdana ugradyp bilmerin. Sebäbi durmuşa çykaly bäri Humaýy bir gezegem göremok. Göräýemde-de ýurduň beýleki çetinde ýaşaýan Humaý meň hatymy gowşurmak üçin seň ýanyňa barmaz. Dogrusy, maşgalaly, çagaly geline hat ýazyp, onam gowşurjak bolup ýörmegiň gowy däldigini özümem bilýän. Şonuň üçin bu haty saňa gowşurjagam bolmaryn. Goý, bulam gowuşmadyk hatlaryň biri bolsun. Megerem gyz bilen ilkinji duşuşyk,erkek adamyň hiç ýadyndan çykýan däl bolsa gerek. Özümdä şeýle. Seniň bilen ilkinji duşuşygymyz mart aýynyň 29-na bolupdy... Gije. Goňşyňyz Hydyr agalaryň melleginiň aýagujy. Diňe sen. Diňe men. Ikimiz. Başga wagt dilim dek durýan däldir welin edil şol wagt saňa aýdara degerli söz tapylman dur-da. Gaty aljyradym. Senem soň kän aýdypdyň: "Biderek zatlary gürrüň beripdiň şonda" diýip. Wah, gürrüň berere derekli zat ýadyma düşmese dagy nädeýin?! Üstesine senem "Çaltrak aýtjak zatlaryňy aýt. Men gitmeli. "Humaýyň ýanyna baryp gaýtjak"diýip gaýtdym öýdäkilere" diýip hasam aljyradyp dursuň... Soň ikinji duşyşygymyzam şeýleräk geçipdi. Seň bilen hat alyşýanymdan, duşuşyp başlanymdan dost oglanlarymyň habary bardy. "Üçünji duşuşygyňda söýgüliňi ogşamasaň erkek boldugyň däl" diýip "maslahat" berenlerem şolar boldy. Menem hemä öňdenem niýetimde barlygy üçin hemem "hakyky erkek" bolmak üçin şol gün seniň ýaňagyňdan ogşadym... Şol wagtky başdan geçiren duýgularymy şu wagt ýatlanymda-da ellerim titiräp dur. Şahyrlaryň "ilkinji posany" näme üçin iş edinip wasp edýänlerini şonda biraz düşündim. Ýöne olaram birhili bärden gaýdýan ýaly bolup dur. Ýöne şol ilkinji posaň saňa nähili täsir edenini welin bilmedim. Soň-soňlaram kän sorasamam aýtmadyň. "Hiýh" edip bir içiňi çekdiňde, "Gaýdyp ýanyňa geläýermikäm indi" diýdiňde gitdiň galdyň. Soňam näçe hatlar ýazyp, Humaýdan ugratsamam jogap ýazmadyň. Humaýdan her gezek "Hatyma jogap ýazmadymy?"diýip sorasam "Hatyňy okaman ýyrtdy" diýlen jogaby aldym. Soň eşidip otursam haty okap, soň ýyrtýan ekeniň... Bir aý dagy wagt geçensoň ýaraşypdyk. Ýene-de şol mellegiň aýagujynda 4-nji duşuşygymyzam boldy. Soň 5-nji, 6-njy, 7-nji... Ýadyňa düşýän bolsa,28-nji duşuşygymyza gelen wagtyň, üýtgeşik habar bilen gelipdiň: "Akbaý boşanypdyr. Ägä bol!". Elmydama daňylgy duran itiňiz şol gün boşanaýmaly diýsene?! "Aý, itden gorkym ýok-la" diýsemem diýdim welin gözüm töweregimde boldy. Hezil edip, söýgüliň bilen durmaly halyňa it bilen kowalaşyp ýörmek gowy däl ahyryn. Ýöne bolsada Akbaý bilen kowalaşmaly bolmady. Sebäbi Akbaý jöwenligiň içinden duýdansyz çykdy-da üstüme towusdy... Şu wagt Akbaýyň agyz salan çep egnim birhili syzlap gitdi. Sen-ä "Akbaý ýat" diýdiňem welin eýýam egnimden dişini geçiripdi-dä. Bolsada ýene agyz salmanka alyba gitdiň ony... Zordan öýe ýetdim. Itiň dişlänini öýdäkilere bildirmän özüm daňaryn diýen pikirim başa barmady. Daşarda tapçanda oturan ekenler. "It dişlän adama kyrk sanjym urulýamyş" diýip öňemä eşidipdim welin ýöne edil kyrk sanjym dagy urulýandyr öýtmeýärdim. Görüp otyrsam asyl uran sanjymlarynyň sany kyrkdan geçibem gitdi... (Arada, bir iş bilen seň ataň öýüň gabadyndan geçmeli boldum. Ýoluň gyrasyndaky söwüdüň aşagynda ýatan eken. Hepbik ýaly horlanypdyr. Gözlerinden çylpyk suwuklyk akyp dur. Çep gözüniň depesinde ýara bar. Endamynyň tüýi hem kä ýer-ä düşüp, täzelenipdir. Kä ýerem düşmän gögümtil öwsüp dur. Janawere gaty ýüregim awady.) Keselhanadan gelen günüm ýenede duşuşypdyk. Soň meni harby gulluga çagyrdylar. Gaýtmazymyň öň ýanyndaky duşuşygymyzda baý aglapdyňow. Hamala men uruşa barýan ýaly. Gullukdakam kän hatlar ýazyşypdyk. Aramyz ýüzlerçe kilometr daş bolsada biz bir-birimize golaý ýalydyk. Şu wagt aralygymyz bir kilometre-de ýetýän däldir welin biz şonda-da bir-birimizden gaty uzakdaky adamlar. Adamlaryň arasyndaky aradaşlyk megerem metrde ýa kilometrde ölçenýänem däldir. Oň üçin başga ölçegler bolmaly... Gullukdakam synpdaşym Sülgüniňem hat ýazaýmasy bardy. Dogrusy Sülgün bilenä üýtgeşik gürrüňimizem ýokdy. Obada o boldy, bu boldy diýip ol-a obaň "täzeliklerini" ýazardy. Menem jogap edip şol täzeliklere öz garaýşymy ýazardym. Başga üýtgeşik gep-gürrüňimizem ýokdy. Sülgüniň maňa bolan garaýşyna bilmedim welin meňä şoňa deň-duşlykdan, synpdaşlykdan başga garaýşym ýokdy. Ýöne oňa sen şol wagt düşünmediň. Mümkin indi Sülgünem başga oglanyň törüni bezäp oturan asylly gelini bolansoň düşünensiňem welin ýöne giçdä... Hudaýa şükür il aýtmyşlaýyn: "Gün diýseň-gözi bar, aý diýseň-agzy bar" gelinli boldum. Arada seň bilen ýolda gabat gelemde görüşüme görä, ömür ýoldaşyň senem zada zar etmeýän ýaly... Ýöne näme üçindir şonda-da saňa bir wagtky ýaly "Salam haty" ýazasym geldi. Dogry, bu haty sen okarsyňam öýdemok. Mümkin okamagyňam geregem däldir. Eger okaýsaňam, bu hat ikimiziňem durmuşymyzy kynlaşdyrmagy mümlkin. Sebäbi... Sebäbi, şahyr aýtmyşlaýyn: "Señ äriň gabanýar, meñem aýalym". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |