11:42 Birahat ruh / hekaýa | |
BIRAHAT RUH
Mistika we fantastika
"Nähak gan ýerde ýatmaz" Atalar sözi. Gyşyň gelmegi bilen meniň gatnaýan sport mekdebim ýapyp, ony etrap merkeziniň çetindäki mekdebe geçirdiler. Täze geçen mekdebimiz öňkä seredende giňdi we ýylydy. Ýöne çetiräkdä bolansoň, agşamky türgenleşiklerden soň oba gaýtmak kynrak boljakdy. Türgenleşik tamamlanansoň, bile gatnaýan oglanlar bilen öýli öýimize gaýtdyk. Beýleki oglanlaryň öýi etrap merkezinde bolansoň, olar başga ýoldan gitdiler. Menem obamyza barýan uly ýola çykmak üçin, kiçiräk garaňky ýoldan ýöräp ugradym. Ýoluň ugrundaky ekin ekilýän meýdanlaryň ortasynda depelik bardy. Aýdyşlaryna görä şu depede, bir wagtky haýsydyr bir söweşde ölen şehitler ýatyr. Näçe gezek şu depäni aýyrjak bolup traktor getirselerem aýyrmak başartmandyr. Getiren traktorlary döwülip durypdyr. Ahyryn degmän goýupdyrlar... Şu zatlar hakda oýlanyp, gorkulyrak pikirlenip gelýärkäm, yzymdan gelýän maşynyň pesiräk yşygyna gözüm düşdi. Köneräk 6-njy (žiguli) eken. Elimi galdyrdym, deňimde saklandy. Sürüji 50 ýaşlaryndaky adam eken. —Salawmalekim! Agam Gumlydepe tarapa barýaňmy? —Walekimsalam, edil Gumlydepähä baramok. Ýöne golaýladaýyn, mün-sürüji şeý diýensoň maşyna mündim,ugradyk. Sürüji söze başlady: —Inim giçden soň bärlerde näme işleýäň? —Türgenleşikden gelýän, sport mekdebe gatnaýan. —Tüweleme, sporta höwesiň bolsa gowy. Ýöne giç bolanda şu ýerlerde bir özüň gezmejek bol. Gapdalyň şehitlik. Özüňem ýaş oglan. Ýene nemedip ýörme. Bizä indi arwah jynlara ynanylýan ýaşdan geçdik-diýip,sürüji ýylgyrdy. —Ýokla, arwah jyn näme etsin maňa-diýsemem, ýüregimde birhili gorky peýda boldy. Sürüji bolsa bilgeşleýin gorkymy artdyrmakçy bolýan ýaly: —5-6 ýyllykda şu taýda pagta zawotda işleýän bir oglany pyçaklap, öldürip taşlap gidenmişinler. Şol oglanyň birahat ruhy şu töwerekde aýlanýamyşynam diýýäler. Özümä görmedim ýöne görenler barmyş - diýip gürläp gelýärdi. Birdenem maşyny bir kemçilik tapdyda birki gezek silkinip tapba öçdi. Sürüjiniň muňa gahary gelip: —Şu maşyny alanyma 16 ýyl boldy. Şondan bäri çekiçlemedik günim ýok. Ýene bir zat tapdy bu-diýip, hüňürdäp maşyndan düşüp, hereketlendirijiniň o ýerini bu ýerini görüp başlady. Menem düşüp, maşynyň arka tarapyna geçdim. Daş töwerek tüm garaňkydy. Sürüjiniň ýaňky gürriňlerini ýatlap ýüregime gorky aralaşdy. Edil şol ruh garaňkylykdan çykyp ýanyma geläýjek ýaly bolup, töweregime seretdim. Birdenem sürüjiniň biri bilen gürleşýänini eşidip, gorky bilen maşynyň öň tarapyna bardym. 25-30 ýaşlaryndaky ýigit sürüjä maşynyň döwülen ýerini oňarmaga kömekleşip durdy. Hiç zat diýmän maşynyň yzky oturgyjyna geçip oturdym. Birazdan sürüji maşyna münüp hereketlendirijini işledip gördide, ýaňky ýigide: —Boljak ýaly özä, mün gideli-diýdi. Ýigit maşynyň öňüne mündi. —Inim duşanyň gowy bolaýdy. Bolmasa bilmedim näçe durardym bärde - diýip, ýaşuly ýigitden göwnihoş söze başlady - Nirde ýaşaýaň ertip gaýdaýyn? —Şehitligiň ýanynda - diýdi welin inim düýrügip gitdi. —Şehitligiň ýanyndada adam ýaşaýamy näme?-diýip sürüji haýran galyp sorady. Ýigit: — Men adam däl! - diýdi welin, sürüji batly barýan maşyny birden saklady. Maşynyň içinde güýçli sarsgyn bolup, tigiriň asfalta sürtilen sesi eşidildi... Seretsek maşynyň öňünde oturan ýigit ýokdy... Bize arwah-jynyň duşanyny ikimizem aňdyk... Sürüji ýolboýy bilýän aýat dogalaryny okap gaýtdy. Meni öýümize düşürip, "ýol kireý"diýip beren pulymam alman gitdi. Soň bu sürüjä hiç ýerde gabat gelmedim. Öýe gelensoňam esli wagt özüme gelmedim. Naharlanyp, ýatmaga ýerime geçdim. Birbada hiç uklap bilmedim. Internede giren boldum. Ahyryn ýatyp galypdyryn... Düýş gördim. Düýşimde şol maşynyň döwülen ýerinde ýeke özüm duranmyşym, ekinligiň içinde bolsa şol ruh "Maňa kömek et! Maňa kömek et!..." diýip gygyryp dur. Men oňa kömek etmek üçin ylgap ekinli meýdana girenimden batga batyp ýykylýan, batga meni özüne çekip başlaýar... Birdenem daş-töweregimi al-arwahlar alyp, "Ol indi biziňki! Şirhan biziňki!..." diýip gygyryşyp, heşelle kakyp başlaýalar... Hopugyp oýandym. Sagat 02:34. Turup hammama baryp,ýüzümi ýuwdym. Aýnada özümi gördüm.Ýüzümiň reňki gaçypdyr, gözüm gyzarypdyr. Suw alyp ýüzümi ýuwup aýna seretdim. Arkamda şol ýigit seredip durdy. Gorkyp yzyma seretdim, hiç kim ýok... Birdenem aýagyma gözüm düşdi. Dyzymdan aşagy ylaýdy. Pola seretsem, düşegimden hammama gelýänçä palçykly aýak yzlarym durdy. Gulagyma bolsa "Kömek et!... Maňa kömek et!... Kömek et maňa!... sesleri eşidilip başlady. Kellämi tutyp ýykyldym... Irden meni agam oýardy. Görsem telewizor görülýän otagda ýatyryn. Agam: —Uklajak wagtyň telewizory öçürip, otagyňa geçip, ýatmaly ekeniň - diýdi. Men bu otaga haçan, nädip girip ýatanym ýadyma düşmedi... Birdenem aýagymdaky palçyklar ýadyma düşüp, aýagyma seretdim, aýagymda hiç hili palçyk ýokdy. Çykyp seretsem poldada hiç hili yz ýokdy. Ýene türgenleşige bardym. Ýöne bu gün garaňky düşmänkä, tälimçiden rugsat alyp, obamyza gidýän iň soňky awtobusa münmäge ýetişdim. Awtobusyň içi hemişe bolyşy ýaly dykylyşykdy, adam köpdi. Düýnki maşynyň döwülen ýerine ýetenimizde meň gulagyma ýene "Maňa kömek et!... Kömek et!..." sesi eşidilip ugrady. Men hemmelere eşidilýämikä diýip awtobusdaky adamlary synladym. Ýok,olar parahatdy. Biriniň kömege çagyrýanyny eşitseler şunça adamdan biri seslenerdi ahyryn... Bu ses öýümize gelensoňam meni günüme goýmady. Men naharymy çalak-çulak iýip, ukladyjy dermandan iki tabletka atdymda ýatmaga geçdim. Ses welin barha güýçlenýärdi. Edil gulagymyň düýbinde gygyryp duran ýalydy... Ahyryn derman täsirine uklap galypdyryn. Irde maşgala bolup çaý içip otyrkak agam maňa: —Gijesi bilen ýatman näme etdiň? Girip-çykyp ýatmaga goýmadyň. Ýa sportsmenligiňi görkezjek bolup gijede ylgap ýörsüňmi? - diýip, hezil edip güldi. Agamyň bu sözi meni oýa batyrdy. Sebäbi gije men hiç ýerik çykamokdym... —Ýokla, ýöne özüm ukym tutmady - diýen boldym. Agam sözüni dowam etdi: —Şu gün günortanky reýs bilen men Aşgabada uçmaly. Bir aýlyk okuwa ugradýalar iş ýerden. Günortan meni aeroporda ertip gaýtda maşyny, türgenleşige gideňde müniber. Ýöne ýagyna-suwuna seredip mün, köçede gyzlary görüp dyzatjak bolup maşyny gynama... diýip agam her gezek maşyny berjek bolanda aýdýan "nesihatlaryna" başlady. Günortan agamy aeroporda ertip,türgenleşige geldim. Bu gün biraz arkaýynrakdym. Sebäbi düýn agşamdan bäri gulagyma hiç hili "Kömek et!!!" diýlen aýylganç ses eşidilmändi, hemem maşyn bar, ýolda pyýada ýörejek aladam ýok. Türgenleşik tamamlanansoň, maşyna münüp öýe ugradym. Garaňky düşüp ugrapdy. Şol günki arwaha gabat gelen ýerimize golaýlanymda, tizräk geçmek üçin maşynyň tizligini öňkidenem artdyrdym. Maşynyň tizlik görkezijisi 140-a ýetende gapdalymda biriniň: "Ýuwaşyrak süriber Şirhan, öňüňdäki öwrümde agdarylarsyň ýogsam!" diýen sesine tisgindim. Seretsem şol günki ýigit gapdalymda otyr. Gorkup, aljyrap tormuza basdym. Batly barýan maşyn birden saklanymy ýokuş gördümi nämemi, erbet silkindi-de öçdi. Gapdalyma seretdim ýaňky arwah ýigit ýokdy. "Gözüme görünäýdi öýdýän" diýip, maşyny işletjek boldym. Açaryny näçe towlasamam maşyndan ses-üýn ýok. Näme bolanyny bilmek üçin maşyndan düşüp, gapyny ýapanymam şoldy welin maşynyň dört gapysam ilindi, açaram içinde galdy. Meni erbet gorky basdy. Ýoldan geçýän ýekejede maşyn ýok... Birdenem pessaý öwsüp duran şemal güýçlenip başlady. Daş töwerekdenem "Maňa kömek et!... Kömek et maňa!... Sen kömek edäýmeli maňa kömek et!..." sesleri eşidilip başlady. Sesler şeýlebir aýylganç, şeýlebir güýçlidi, edil gulagymdan girip beýnimi iýip barýan ýalydy... Men bu seslere çydaman gygyryp başladym:"Meni günüme goý!... Günüme goý meni!... Men saňa näme etdim!..." birdenem hemme sesler kesildi, şemalam ýatdy... Arkamdan kimdir biri: —Sen maňa hiç zat etmediň Şirhan! - diýdi. Hawa,bu şol arwahyň sesidi. Men arkama öwrülmäge howlukmadym. Oňa çenli oň özi meniň öňüme geçdi. Gorksamam oňa sowal berdim: —Menden saňa näme gerek? —Kömegiň gerek! —Kömek? Nähili kömek? —Men birahat! Meniň birahatlygymyň sebäbem meni öldürenler hiç-hili jeza çekmän, arkaýyn ýaşap ýör. —Men näme edip bilerin? —Sen, meni öldürenleri tapyp şu ýere getirersiň. Meň olar bilen hasaplaşmaly zatlarym bar. —Ýöne men olary tanamoga?! —Serdar, Orazberdi, Perhat, meň adymam Mergendi. Sen şolary üç günden soň şu ýere getiräýmeli. Bolmasa olara aýylganç ölüm garaşýar. —Men olary nädip tapaýyn ahyr? —Pagta zawotda işleýänlerden soraşdyr. Hemme zada düşünersiň. Meniň wagtym boldy. Gitmeli. - diýdi-de ruh gözden ýitdi. —Ýöne... men... nädip...- diýip onuň yzyndan sakawlap galdym... Indi öýe gaýtmalydy. Ýöne açary içinde galyp, gulplanan maşyny nädip öýe alyp gaýtjak? Men pyýada ýöräbem bolsa, öýdäki ätiýaç açary alyp gaýdaýyn diýip ýöräp ugradym... Howa sowuk bolansoň elimi jübime sokdym. Birdenem elim jübimde nähilidir bir açara degdi. "Bu nämäň açaryka?" diýip çykaryp gördim. Ol maşynyň açarydy. Ýöne ol maşynyň içinde galypdy ahyryn... Nädip ol jübime düşdikä?... Yzyma gaýdyp maşyna mündim,"Ýa, pirim Hezreti Dawut (demiriň piri), özüňden medet!" diýip, açary towladym. Maşyn gül ýaly işläp durdy, ýuwaşjadan sürip öýe ugradym... Ertesi gün, günortanrak etrabymyzdaky pagta arassalaýjy kärhana (il içinde aýdylyşy ýaly pagta zawot) bardym. BGN-daky garawulyň ýanyna girdim. Garawul 60 ýaşlaryndaky adamdy. Men ondan şu zawotda, 5-6 ýyllykda işlän Mergen atly oglan barada soradym. Garawul maňa özüniň täzeräk işe geçendigini, köne işgarleri tanamaýandygyny, ýöne şu zawotda direktor bolup işläp, birki ýyllykda pensiýa çykan Kerim agany tanaýandygyny we gerek bolsa şonuň salgysyny berip biljekdigini aýtdy. Men garawuldan Kerim aganyň salgysyny alyp öýe gaýtdym. Kerim aga bilen gürleşip görmegi ertire goýdym. Ertesi gün Kerim aga bilen görüşmek üçin, onuň obasyna tarap ýola düşdim. Sorap-idäp öýüni tapyp gapysyny kakdym. Gapyny 17-18 ýaşlaryndaky gözleri garaja, saçlary iki örülen gyz açdy: —Salam, size kim gerek?- diýip utanjyrap,sorady. —Salam, Kerim aga bilen gürleşmelidim, öýdemikä? —Atammy? Atam Köneürgenje gidipdi. Ertir geläýmese. —Şeýlemi, bolýa onda ertir geläýerin. —Kim sorady diýeýin. —Ýok, özüm geläýerin. —Bolýa. —Neme... siziň adyňyz kim? - diýip soranymda gyz öňkisindenem utanjyrady. —Menmi... Dursunaý. Başga wagt, başga ýerde duşan bolsam Dursunaý bilen köpüräk gürleşip durardymam welin... arman wagty däl bolansoň: —Bor, sag boluň Dursunaý! - diýip, öýe gaýtdym... Şeýdip ruhuň maňa möhlet beren üç gününiň ikisi geçdi. Emma entegem tapmaly adamlarymdan uç tapylmady... Tapylaýjagam gümana... Ertesi ýene Kerim aganyňka baryp, gapyny kakdym. Gapyny Dursunaý açmazmyka diýip durdym. Emma gapyny 40 ýaşlaryndaky erkek adam açdy. Men oň bilen salamlaşyp, Kerim aga bilen gürleşmelidigimi aýtdym. Kerim aga 70-e golaýlan ýaşuly eken. Oňa özümi Mergeniň ýegeni diýip tanyşdyrdym. Kerim aga pagta zawotda direktor bolan döwründe Mergen, Serdar, Orazberdi, Perhat atly oglanlar bilen işleşendigini olaryň biriniň hasapçy, biriniň tereziman, biriniň lobarnt ýaly wezipelerde işländiklerini, emma Mergeniň syrly ölüminden soň beýleki üçisiniňem etrapdan göçüp gidendiklerini gürriň berdi. Ýenede Kerim aga maňa işgärler bolup umumy düşen suratlaryny görkezdi, Kerim agadan suratlar barada soraşdyryp, öz tapmaly adamlarymyň ýüz keşplerini ýatladym... Kerim aga bilen sag bollaşyp, öýe gaýtdym... Orazberdi dosty Serdaryň ölümine gaty gynandy. Jan ýaly klasdaşyny kimdir biri köprüden asyp gitse her kimem gynansa gerek. Orazberdi dosdunyň namazyny sowuşyp,agşamara öýe geldi. "Derdini kemeltmek" üçin ýolugra dükandan bir çüýşe akmämetden alyp gaýtdy. Nahar bilen ýaňky çüýşäni boşadansoň, telewizor görmegä başlady. Birdenem telewizoryň ekranynda "Нет сигнал" diýen ýazgy peýda boldy."Şaring açdym, näme açdym diýen bolup düýnki oglan ep-esli pula sokup gitdi öýtýän. Ýa antena bir zat bolaýdymyka?!" diýip. Daş çykyp, anteny sazlamak üçin üçege çykdy. Anteni eýläk-beýläk aýlap durka arkasyndan kimdir biri: —Orazberdi, kömek gerekmi?- diýdi. Orazberdi tisginip arkasyna seretdi... Gözlerine ynanmajak boldy arkasynda Mergen durdy. —M...m...m... Mergen, sen näme işleýäň bärde? Mergen hahahaýlap güldi. Gülen wagty onuň agzyndan gan çykýardy. —Aý, anteni sazlaşaýaýyn diýip gaýdyberdimläý-diýip Mergen ýene güldi. —Ýöne sen ölüpdiň-ä Mergen! —Hawa ölüpdim. Nähili ölenimem ýadyňdadyr belki hä? Orazberdi çök düşüp aglamjyrap gürläp başlady: —Mergen, ölümiňde meň günäm ýok. Ynanaý günäm ýok... Hemmesini Perhat etdi. Goluňy ýasap, peçadyňy ogurlanam şol, ýok edilen zatlary satyp esasy pulyny alanam şol... Mergeni ýok etmesek başlyga satar diýip, seni öldürenem Perhat... Maňa şol günler pul zerurdy, şoň üçin Perhada kömekleşmeli boldym. Mergen ynanaý meň günäm ýok... - diýip Orazberdi aglamasyny güýçlendirdi. Mergen bolsa: —Bolýa, bolýa. Gel antenaňy sazlaly. Men gowy edip sazlap bereýin - diýip hahaýlap gülüp, anteniň kabelini ýolup aldy-da, ony Orazberdiň boýnundan ildirdi... Ir bilen obanyň adamlary, kabel bilen özüni öýüniň üçeginden asan Orazberdiniň jesedini ýere düşürdiler. Inçe kabel boýuny üzere getiripdir... Uklapdyryn. Penjirämiň öňünde möjegiň uwlaýan sesine oýandym. Sagat 01:23. Bu töwereklerde möjek ýokdy. Ýöne penjirämiň öňündäki möjegiň uwwuldysy barha güýçlenýärdi. Ol ses menim etimden geçip, süňkimden geçip, ýülügime ýetdi. Çydamadym. Näçe gorkýanam bolsam daşaryk çykyp, penjiräniň ýanyna bardym. Ol ýerde, möjek ýokdy... Yzyma öwrülip, öýe girjek wagtym, arka tarapymdan biri "Şirhan möhletiň gutarandygyndan habaryň bardyra!" diýdi. Hawa, bu şol Mergeniň ruhydy. Gorkydan ýaňa sandyraklap yzyma öwrüldim. "Mergen, men tapjak boldym. Ýöne başa baranok. Ruh bilen gürleşýän diýip aýdyp ýörsemem il-gün näme diýer. Tapjak bolýan. Taparynam belki.." diýdim. Ruhuň ýüzünde göwni galmakmy,gaharmy peýda boldy. Gahar bilen "Ertir A.... obasyna bar. Serdar-a düýn öldi. Ertirem şol obada Orazberdini jaýlarlar." diýdide gözden ýitdi. Orazberdi ölen bolsa onuň namazynda, dosty Perhadyň hökman boljakdygy hakda oýlanyp, ertesi güni men şol oba ugradym... Günortanrak baryp ýetdim. Uly ýolda, obanyň içine girmän, maşynymy gyrarakda goýup garaşmaga başladym... Birki sagatlardan, obanyň içinden bortynda kelleleri telpekli, tahýaly adamlar oturan "ГАЗ-53" çykyp gonamçylyga tarap ugrady. Onuň yzyndan iki sany ýeňil maşynam barýady. Yzýany obanyň içinden adamlar toparlanyşyp dürli tarapa dargap ugradylar. Men olaryň içinde Perhat barmy ýa ýokmy anyklajak bolup, maşyndan düşüp, tigirleriň ýelini gören bolup adamlara seretdim. Perhada gözüm düşmedi. Men garaşmaly diýlen netijä geldim... Gün öýleden agyp başlanda, obanyň içinden biri çykyp bärligine ýöräp gaýtdy. Golaý gelensoň men onuň Perhatdygyny tanadym. Meni taksistdir öýtdümi nämemi ýanyma gelip: —Inim şähere gidýäňmi? - diýdi. Menem ony ýanyma alyp äkitmek üçin: —Hawa agam, adamam ýok.Bir adam gelsede ugraýyn diýip durdym. - Gideli, mün - diýdim. Perhat gapdalyma mündi. Ugradyk... 1-sagat ýaly ýol ýöränimizden soň, men şähere gidilýän ýoldan sowulyp öz etrabymyza tarap sürüp ugradym. Perhat ýüzüme geň galyp seredip: —Inim aýlanma ýoldan gitjek bolýaňmy? - diýdi. —Ýok! - diýip pert jogap berdim. —Onda nirä barýas? —Men seni biriniň ýanyna ertmeli. —Menimi? Kimiň ýanyna? Näme üçin? —Mergeniň ýanyna ertjek. Hol bir wagtky işdeş dostuň bar-a, Mergen. Ana şoň ýanyna barýas häzir. Perhadyň ýüzi boz-ýaz boldy. Gürländ-ä sesi sandyrap çykdy: —Seň akylyň üýtgäpdir öýdýän, hä? Mergeniň ölenine 5-6 ýyl boldy... Sakla maşyny men düşjek. Nirä gitseň şoňa git onsoň - diýdi. —Maşyna saklaýmaryn! - diýdimem welin, Perhat ýeňsämden tutdy-da bat bilen kellämi rula urdy, burnym jaýdar degdi öýdýän, ganap başlady. Maşyny saklap, saklamankam, Perhat düşüp gaçdy. Ýoluň aňyrysyna geçjek bolup ylgap barýakada,ortarada ýykyldy. Edil şol wagtam aňyrdan ýetip gelýän "Kamaza" gözüm düşdi. Perhadyň ýykylyp ýatan ýerine aralyk az galanyna seretmezden "kamaz" badyny gowşadanokdy. Perhadam ýerinden turjagam bolman, ýetip gelýän "kamaza" gözüni petredip ýatyrdy. "Gaaaaççç...Perhat gaaaççç!" diýip gygyryp Perhada tarap ylgadym... Emma ýetişmedim "Kamaz" Perhadyň üstünden geçip gitdi. Oňa sereder ýaly bolmady, kamazyň tigri Perhadyň göwresini ikä bölüp geçipdir. Üstünden kamaz geçenem bolsa onuň gözleri açyk durdy... Oňa seredip durmakdan gorkdym. Aňyrrak baryp kamazam durdy. Onuň içinden Mergeniň ruhy çykdy. Ol bir Perhadyň ikä bölünen bedenine seredip: "Algy-bergimiz galmady Perhat!" diýdi. Soňam maňa seretdi-de:" Öýüňize bar Şirhan! Giç boldy alada edýändirler. Ýoluň ak bolsun!" diýdide gözden ýitdi. Men bolup geçen işleri aklyma sygdyryp bilmän, ýuwaşjadan öýe gaýtdym... Üç günden soň etrap merkezinde, bir çärede Dursunaýa duşdym. Çeper höwesjeňlerde tansçy eken... Dur hany, nämeler gürriň berip başladymaý?!... Dursunaýa jaň edeýin gowysy. Soňy. Oktýabr-2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||