15:36 Ýuriý Alekseýewiç Gagarin | |
ÝURIÝ ALEKSEÝEWIÇ GAGARIN
Taryhda şu gün
Şu gün 12-nji aprel. Adamzat ilkinji gezek kosmos giňişligine syýahat eden güni. Ondan bäri 62 (altmyş iki) ýyl geçdi. 1961-nji ýylyň 12-nji aprel güni ýer ýüzini sarsdyran wakalaryň bolup geçendigini hemmämiz bilýän bolsak gerek. Şol gün Ýuriý Alekseýewiç Gagarin "Восток" (Gündogar) kosmos gämisinde, adamzat taryhynda ilkinji gezek kosmosa syýahat edip, kosmosy özleşdirmek erasyny açdy. Ol "Baýkonur" kosmadromyndan sagat 09:07-de özüniň meşhur "Поехали!" ("Gitdik, ugradyk!") sözi bilen kosmosa göterildi we bir sagat kyrk sekiz minutlap (108 minut) kosmosda bolup Russiýanyň Saratow welaýatynyň, Smolewko obasynyň töweregine üstünlikli gondy. Bu adamzat ylymynyň we tehnikasynyň örän uly gazanjy ýeňişidi. Elbetde bu syýahat üçin Sergeý Korolýow we onuň hünärmenler toparynyň eden işleri hem örän ulydy. 1962 - nji ýyldan başlap bu sene kosmonawtika güni höküminde giňden bellenilip başlandy. Bu güni baýramçylyk höküminde bellemegi hem birinji syýahatda Ýuriý Gagariniň dublýory (ätiýäçtaky kosmonawt) German Titow teklip etdi. Elbetde ondan bäri kän wagt geçdi. Häzirki günde kosmosa syýahat edenleriň sany 400 - den gowraga bardy. Adamzat diňe bir ýeriň orbitasyna däl, aýa-da, hatda başga planetalara-da içi adamly ýa-da adamsyz kosmiki gämiler ugratdy. Ençeme kosmiki maksatnamalary amala aşyrdy we aşyrmagyny dowam edýär. Ýöne barybir Ýuriý Gagarin birinji. Geliň indi birinji kosmonawtyň ömür ýoly barada az - kem tanyş bolalyň. Ýuriý Alekseýewiç Gagarin 1934-nji ýylyň 9-njy mart güni Russiýanyň Smolensk welaýatynyň, Gžat etrabynyň, Kluşino obasynda dogulan. Kakasy Alekseý Gagaryn agaç ussasy, ejesi Anna Matweýewa süýt fermasynda işlän. Ýuriý Gagarin 1941-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda obasyndaky orta bilim berýän mekdebe birinji synpa barýar. Emma şol ýylyň 6 - njy oktýabrynda obany nemes basybalyjalaryň eýelemegi sebäpli mekdep işlemegini bes edýär we 1943-nji ýylda oba azat edilenden soň Ý. Gagarin hem okuwyny dowam etdirýär. 1949 - njy ýylda ol orta mekdebiň 6 - njy synpyny tamamlap, Lýubertsk hünarmentçilik mekdebine okuwa girýär we 1951 - nji "metal guýujy we şekil beriji" hünäri boýunça üstünlikli tamamlaýar. Şol ýylyň özünde hem Saratow senagat tehnikumyna okuwa girýär. 1954 - nji ýylyň 25 - nji oktýabrynda bolsa Saratow aeroklubyna agza bolýar. Ol bu aeroklubda hem uly üstünliklere eýe bolýar we özüniň ilkinji özbaşdak uçuşyny "ЯК - 18" uçarynda amala aşyrýar. Umumy hasapda Ýuriý Gagarin 42 sagat 23 minut howada uçup, jemi 196 gezek uçuş amala aşyrypdyr. 1955 -nji ýylda Ý.Gagarin harby gulluga çagyrlýar we 1955 - 1957 - nji ýyllar aralygynda Orenbrug ( şol wagtky ady Çkalow ) şäherindäki 1 - nji belgili, harby uçarmanlary taýýarlaýan merkezde hem bilim alýar hemde harby gullugy geçýär. 1957 - nji ýylyň 25 - nji oktýabrynda bu merkezi ( harby gullugy ) tamamlap, Murmanskynyň golaýyndaky, demirgazyk flota degişli bolan 169 - njy awiýasiýa polkunyň, 122 - ni awiýasiýa dwizaýasynda harby gullukçy bolup işe başlaýar. Şol ýyl hem Ý.Gagarin Walentina Goruçewa bilen durmuş gurýalar. Olaryň maşgalada iki sany gyzy bar. Şol wagtlar kosmosa adamyň uçurylmagy barada iş alyp barýan ylmy-tehniki toparyň ýolbaşçysy, akademik S.Korolýow tarapyndan, adamzat tarapyndan ilkinji kosmosa çykmaly uçujy kosmonawt harby uçarmanlaryň arasyndan saýlanyp alynmaly diýlen teklip girizilipdi. Şol teklip esasynda hem harby uçarmanlaryň arasynda ilki 20 soňra bolsa 6 sany harby uçarman saýlanyp alnypdy. Olaryň arasyndan hem ilkinji gezek kosmosa uçmaga dalaşgär höküminde 3 sany, ýagny Ýuriý Gagarin, German Titow, Girigoriý Nelýubow gutarnykly görnüşde saýlanyp alyndy. Hökümet we ylmy-tenkinanyň wekillerinden ybarat bolan toparyň bilelikdäki maslahatynyň netijesine görä hem ilkinji uçuş üçin Ýuriý Gagarin tassyklandy. German Titow bolsa oňa ätiýaç höküminde bellenildi. Bu uçuşdan esasy maksat, S.Korolýowyň bellemegine görä: " 180 - 230 - km. beýiklikde ýer şarynyň daşyny 1 sagat 30 minutda aýlanyp çykmaklyk we ýörite enjamlaşdyralan howa gämisinde adamyň hereket ýagdaýyny, enjamlaryň işleýişini, syýahat tamamlandan soňra howpsyz gonuşyň ýagdaýyny anyklamak". Ý.Gagariniň " Поехали! " sözi bilen uçuşy barada ýokarda aýdypdyk. Orbita çykansoň ol ýönekeýje tejribeleri amala aşyrdy. Ýagny, iýdi, içdi, ýan depderçesine bellikler etdi. Syýahatyň dowamynda ýüze çykan ähli duýgularyny bortuň magtnifonynda sesli ýazgy etdi. Uçuşyň 108 - nji minutynda ol kosmiki gämini gondurmaga başlady. Emma gonuş öňünden göz öňünde tutulyşy ýaly Wolgagradyň 110 km. golaýynda dälde onuň ýakynyndaky Saratow welaýatynyň Smolewka obasynyň golaýyna gabat geldi. Golaýdaky harby bölümiň zenit - raketa kompleksiniň gullukçylary Ý.Gagariniň howa gämisi bilen paraşýutda düşüp gelýänini anykladylar we gonuşdan soňra ilkinji kosmonawty harby bölüme alyp gitdiler. Ý.Gagarin kosmosa uçan wagty harby derejesi boýunça uly leýtanantdy. Gonuş ýeriniň özünde oňa birbada "maýor" derejesini berdiler. Başgaça aýtsak ol leýtenant bolup uçup, maýor bolubam gondy. Şol harby bölümde hem Ý.Gagarin tabşyrygyň üstünlikli ýerine ýetirlendigi barada baş ştaba habar berýär. Eýýäm iki geçip geçmänkä, 14- nji aprelde oňa "Sowet Soýuzynyň gahrymany" derejejesi berilýär. Mundan başgada "Wolga" awtoulagy, 4 otagly öý, şeýlede 15000 rubl sowgat edilýär. Umumy hasap bilen Ý.Gagarin 40-dan gowyrak içerki ( SSSR) we daşary ýurt sylaglarynyň eýesi. Köp ýurtlaryň we şäherleriň hormatly raýaty. Ý.Gagarin kosmosa uçuşyndan soňra ömrüniň üç ýylyny köplenç dabaraly kabul edilişiklerde, ylmy tehniki konferensiýalarda we ş.m.-lerde geçirýär. Ol dünýäniň köp ylmy guramalarynyň, kosmiki guramalarynyň hormatly agzasy. Soňra ol ençeme harby we raýat uçarlarynyň synag uçuşlaryny hem amala aşyrýar. Onuň maksady soňky "Soýuz" kosmiki gämilerinde hem syýahat etmek eken. Emma 1968 - nji ýylyň 27-nji mart güni Wladimir welaýatynyň, Kirjaç etrabynyň, Nowoselyowo obasynyň golaýynda "MiG-15 UTI" uçarynyň synag uçuşyny amala aşyryp ýörkä Ýuriý Alekseýewiç Gagarin heläkçilige uçraýar we pajygaly ýagdaýda aradan çykýar. Halkymyzyň bir sözi bar: "Bir-ä öýlenen il içinde gep bolarmyş. Birem ölen". Şol aýdylyşy ýaly Ý.Gagariniň ölümi hakynda hem her hili çaklamalar bar. Biri diýýä hamala "Ý.Gagarin Amerika gaçyp geçenmiş we olara kosmosa çykmanyň syrlaryny öwredenmişin" . Ýene biri diýýä sowetleriň özi "Haý şu Amerika geçip kosmosa çykmany öwredäýmesin" diýip onuň münen uçaryny raketa bilen uranmyşyn... Aý, garaz " Uçar bilen uçup barýarka başga planetalylar tutup öz gämisine salyp, uçary zady bilen alyp gidipdirler" diýýänem bar... Dogrusyny Alla bilýär. # Internet maglumatlary we teleýaýlymlardaky käbir gepleşikler esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |