15:18 Döwrangeldi Agalyýew | |
DÖWRANGELDI AGALYÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şahyr, žurnalist Döwrangeldi Agalyýew 1961-nji ýylyň 10-njy maýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa obasynda dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýär. D.Agalyýew oba mekdebini tamamlap, 1977-1979-njy ýyllarda Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde işleýär. 1979-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girip, ony 1984-nji ýylda tamamlaýar. Ol 1984-1992-nji ýyllar aralygynda «Watan» gazetiniň (öňki «Ýaş kommunist») uly korrektory, uly habarçysy, jogapkär kätibiň orunbasary, jogapkär kätip ýaly dürli wezipelerde zähmet çekýär. D.Agalyýew 1992-1993-nji ýyllarda «Syýasy söhbetdeş» gazetinde jogapkär kätip bolup işleýär. 1993-2007-nji ýyllar aralygynda «Ruh» neşirýatynyň baş redaktory wezipesinde zähmet çekýär. 2007-nji ýyldan bäri «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi bolup işleýär. Şahyr, žurnalist Döwrangeldi Agalyýewiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2001-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. 2003, 2010 we 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2016-njy ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly at dakyldy. D.Agalyýew Türkiýe Respublikasynda (1993, 1994, 1999, 2001, 2010, 2011, 2016), Eýran Yslam Respublikasynda (2000, 2010, 2013), Russiýa Federasiýasynda (2008, 2012), Koreýa Respublikasynda (2009), Mongoliýa döwletinde (2015), Saud Arabystany Patyşalygynda (2016), Owganystan Yslam Respublikasynda (2018), Täjigistan Respublikasynda (2018) döredijilik saparlarynda bolup, halkara medeni çärelerine gatnaşdy hem-de birnäçe makalalary ýazdy. Döwrangeldi Agalyýewiň «Sabyr käsesi» ady bilen adybir powestden hem-de birnäçe hekaýadan ybarat kitabyny 1991-nji ýylda «Altyn guşak» neşirýaty okyjylara ýetirdi. D.Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly pýesasy 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky kinossenarileriň, pýesalaryň, romanlaryň, powestleriň, iri göwrümli poemalaryň çeperçilik derejesini kesgitlemek baradaky Döwlet topary tarapyndan kabul edildi. Ol pýesa Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry tarapyndan sahnalaşdyryldy. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry bolsa bu pýessany «Sargyt» ady bilen sahnalaşdyryp ýör. Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwa bagyşlap ýazan her biri 600 sahypalyk, iki tomdan ybarat «Suw kyssasy» ylmy-publisistik kitaby Döwrangeldi Agalyýewiň esasy işidir. Ýeri gelende aýtsak, suwuň gymmatyna bagyşlap D.Agalyýewiň ýazan edebi esasy boýunça Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Suw — ýaşaýyş» atly dokumental filmi surata düşürdi. Ol film teleýaýlymlarda häli-şindi görkezilýär. Häzirki döwürde D.Agalyýew ýurdumyzda guralýan medeni çärelerde, şygryýet agşamlarynda, döredijilik duşuşyklarynda yzygiderli çykyş edýär. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/70. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |