08:46 Jelaleddin Meñburun - ady äleme dolan türkmen gerçegi | |
JELALEDDIN MEÑBURUN — ADY ÄLEME DOLAN TÜRKMEN GERÇEGI
Taryhy şahslar
Biziň halkymyzyň daşgynly hem gaýtgynly wakalara baý, emma diýseň şöhratly geçmişi bar. Birnäçe müňýyllyklara uzap gidýän taryhy ýolunda herniçik çarkandaklara gabat gelende-de, türkmen halky ruhuny belent tutup, milletligini ýitirmän, dilini, däbini saklap, ykbalyny şöhratlandyrypdyr. Orta asyrlarda dünýäniň dürli künjeklerinde ululy-kiçili onlarça döwlet döredenlerinde-de mert pederlerimiz özleriniň ata Watanyndan — şu toprakdan örküni üzäýmändirler. Türkmeniň Watana hamraklyk, oňa gezek gelende säginmezden gara başyny orta goýup bilmek häsiýeti uzak taryhymyzyň dowamynda ençeme mert hem watanperwer gerçekleri orta çykarýar. Watançylygy, batyrlygy, merdanalygy, garadangaýtmazlygy bilen külli äleme adyny meşhur eden şeýle gerçekleriň biri-de Anuşteginler türkmen nesilşalygynyň soňky hökümdary Jelaleddin Meňburundyr. Jelaleddin Türkmeniň mongol basybalyjylaryna garşy mert söweşe çykyp, Horezmde, Horasanda we beýleki ýerlerde görkezen edermenlikleri mertligiň, watançylygyň belent nusgasy bolup, bu günki nesillerimiz üçin ajaýyp göreldedir. Bu batyr türkmen serkerdesi hakynda hormatly Prezidentimiz özüniň birnäçe kitabynda ýatlap geçýär. Olaryň ählisinde, beýleki ençeme watanperwer gerçeklerimiz bilen bir hatarda, Jelaleddin soltana-da örän ýokary baha berilýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndan bir parçany getirsek, ýerlikli bolar: «Gadymda bina edilen Horezm şalygynyň hökümdarlarynyň biri Jelaleddin soltanyň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky rehimsiz söweşijilere nähili zarba urandygyny bilýänsiňiz. Bu halkymyzyň buýsançly taryhydyr. Jelaleddin soltanyň atly söweşijileri goşunyň içine böwsüp girip, urdum-gaçdy oýnuny edýärler. Güýçli hem taýýarlykly goşun yza çekilmeli bolýar. Halkymyzyň edermen gerçegi Jelaleddiniň atlylary duşmana esli wagt ýazylganlyk bermeýärler. Olary güýçden gaçyrýar, elinden gelenini edip, gahrymançylyk görkezýär. Ahyrynda az sanly urşujysy bilen möwçli derýanyň kert kenarynda galýar, duşmanlar ol näderkä diýip, heşelle kakmaga başlaýarlar. Batyr soltan özüni aty bilen derýa oklaýar. Mert bedew ýüzüp, ony derýanyň beýleki kenaryna alyp çykýar. Ony synlap duran duşmanlar haýran galýarlar. Onuň yzyndan kowmaga bolsa olaryň hiç biriniň-de gaýraty çatmaýar. Jelaleddin gahar-gazap bilen, olaryň parahat oturan ilata sütem edýändikleri üçin, ýene söweşmäge hyjuwlanypdyr. Ol tä ahyrky demine çenli parahat ýaşaýşy, adalaty gorapdyr. Batyr soltanyň ady rowaýata öwrülipdir. Jelaleddiniň ady ýakyn-u-alysa ýaýrapdyr». Ady äleme dolan türkmen gerçeginiň edermenlikleri dilden-dile geçipdir, ol hakda orta asyr taryhçylaryndan başlap, soňky döwürleriň ýazarlaryna çenli gaty köp eser döredipdirler. Elbetde, mertligiň, watançylygyň nusgasyna öwrülen gerçek hakda geljekde-de kän-kän eserler dörediler. Çünki öz halkymyz hem, beýleki halklar hem Jelaleddin kimin gahrymanlara belent sarpa goýup, olaryň edermenlikleriniň, watansöýüji, mert häsiýetleriniň mysalynda öz nesillerini terbiýeleýärler. Jelaleddin Meňburnuň öňdengörüjiligi, mertligi, ugurtapyjylygy, söweş tärleri, adalatlylygy, geçirimliligi onuň kätibi bolup, söweş hereketlerini, durmuşy wakalaryny kagyza geçiren Muhammet an-Nesewiniň «Soltan Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany» atly kitabynda has aýdyň şöhlelenýär. Jelaleddiniň geçirimlilik häsiýeti onuň enebaşga doganlaryny, ýagny Muhammet şanyň gypjak aýalyndan bolan doganlaryny bagyşlap, olara güler ýüz berşinde hem-de beýleki pursatlarda bütin aýdyňlygy bilen açylýar. Bagyşlap bilmek, geçirimlilik etmek häsiýeti Jelaleddiniň belent ynsanperwerliginden, parahat, dostlukly ýaşamaga uly gadyr goýandygyndan habar berýär. Nesewiniň kitabyny okan halatyň Jelaleddin soltanyň örän akyllydygyna, paýhaslydygyna, öňdengörüjidigine hem göz ýetirýärsiň. Nesewi öz kitabynda Jelaleddini häsiýetlendirip, şeýle ýazýar: «...Ol garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady. Onuň batyrlygy, edermenligi barada aýdyp tükedip bolmaýar, ýöne beýan eden söweşlerimiz hem onuň niçiksi gerçekdiginden habar berýändir. Ol arslanlaryň arslanydy, gaýduwsyz, garadangaýtmaz, edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek-sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salyhatlydy, hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi, emma onuň zamanasy pis bolup, bulagaýlyklaryň, uruş-gowgaň örjelen zamany bolansoň, onuň häsiýetine täsirini ýetirdi. Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy, ýöne döwletiň, agyr soltanlygyň synýan pursady bolanyndan soň, güýje daýanyp, zorluk etmäge-de mejbur bolýardy». Soltanyň ruhubelentligi, her hili ýagdaýda-da özüni ýitirmän, esgerleriniň hem ruhuny göterip bilýändigi bolsa Nusaýa barandaky kyn pursatlarda, şeýle hem Grigol Abaşidzäniň «Uzaga çeken tümlük» atly kitabynda beýan edilýän Gürjüstanyň serhedindäki çykmasy diýseň kyn hem howply, diňe dik gaýalardan we uçutlardan ybarat Garnis dagyna çykmaly bolandaky wakalarda has açyk görünýär. Mertlik, batyrlyk, garadangaýtmazlyk ýaly häsiýetleri bilen taryhda öçmez yz goýan Jelaleddin soltanyň sahylygyny, elaçyklygyny beýan edýän pursatlara-da ol hakdaky çeper eserlerde, taryhy ýazgylarda köp duşmak bolýar. W.Ýanyň «Jelaleddin» powestinde-de, soňra şol powestiň esasynda ýazan «Çingiz han» romanynda-da bu diýýänimize mysal boljak wakalar kän. Soltan Jelaleddin barada giňişleýin maglumat berýän eserleriň biri hem XIII asyr taryhçysy Alaeddin Atamälik Jüweýniniň «Älemi eýeleýjiniň taryhy» atly kitabydyr. Bu kitapda Jelaleddin Türkmene degişli birnäçe bölümler bolup, olar soltanyň ruhy dünýäsini, hüý-häsiýetini töwerekleýin açyp görkezmekde ynamdar çeşme bolup durýar. Jelaleddin Meňburun Horezmşalar döwletiniň Anuşteginler nesilşalygynyň hökümdary soltan Alaeddin Muhammediň diňe bir uly ogly bolandygy üçin däl, eýsem, dogumlylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, adalatlylygy bilen kakasy tarapyndan patyşalyga, mirasdüşerlige rowa görülýär. Ol köp wagtyny kakasynyň ýanynda geçirip, döwlet işleri bilen meşgul bolýar. Emma G.Abaşidzäniň «Uzaga çeken tümlük» eseriniň «Ters gelen täleý» bölüminde beýan edişi ýaly, Muhammet şanyň ejesi Türkan hatynyň täsiri bilen birsözli, garadangaýtmaz mirasdüşer şazada Jelaleddiniň täleýine ters gelen waka bolup geçýär. Türkan hatyn Jelaleddini mirasdüşerlikden aýryp, ýaş Özleg şany mirasdüşer bellemäge Muhammet şany yrýar. Muhammet şa täze mirasdüşer barada Jelaleddiniň pikirini bilesi gelip, oňa söz berýär. Bolup geçýän zatlara gaty gahary gelen Jelaleddin şonda: «Aladaň üçin sag bol, kaka! Maňa hiç zat gerek däl. Men erkinligi hem urşuň gyk-bagyny halaýan! Tagtyň goragçysy hem urşujy hökmünde meniň size geregim ýok... Kaka, sen özüňe täze penakärler tapyndyň... Ýöne tagtyňy şular ýaly daýançlaryňdan Allaň özi saklawersin! Men «öňki mirasdar» diýen ýaramaz ada galyp, bu ýerde ýaşaman. Horezmi terk edip, jahanyň soňsuz ýollarynda, ýat illerde öz bagtymy agtarmaga ugraýyn... Gypjaklaryň Beýik Horezmi gorajaklary ýa-da dönüklik etjekleri ýurda duşman çozanda belli bolar. Men şonda dogduk mekanymyň hatyrasyna ýönekeý nöker bolup, söweşmäge geljekdigime ant içýärin!» diýýär. Ýüreginden syzdyryp aýdan bu sözleri Jelaleddiniň hakyky watançylygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Ol kakasyndan öýkelese-de, Watanyndan öýkelänok, dogduk mekanyna howp abansa, nirede bolsa-da, Watan üçin gara başyny goýmaga taýýar. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan Jelaleddin soltanyň öz Watanyna diýseň hamraklygyny, dogduk Watanynyň her çümmük gumuna, her owurt suwuna keramat hökmünde gadyr goýandygyny täsirli açyp görkezýän bir parça ünsi çekmek isleýäris. Onda şeýle diýilýär: «Taryhda uly orun eýeleýän meşhur serkerdeleriň ömür ýoly baradaky ýazylanlar hem olaryň watansöýüjiliginiň beýik nusgasyny aýan edýär. Jelaleddin Türkmeniň ady hem bu töwereklere giňden ýaýrandyr. Ol merdana, batyr, gaýratly we edenli türkmen serkerdesidir. Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, gutulybermändir. Şonda serkerde başyny galdyryp: — Maňa öz Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz sagalýan — diýipdir. Nökerleri onuň aýdyşy ýaly edipdirler. Tizden-tiz gadymy Wasa adam ýollapdyrlar. Atlynyň giden yzyna garap, Jelaleddin umytly garaşyp ýatypdyr. Umytda hem uly güýç bar! Ahyrynda atly bir düwünçekde Wasyň topragyny we Amyderýanyň bir jürdek suwuny alyp gelipdir. Serkerdäniň şähdi açylypdyr we ol sagalypdyr». Bu wakadan serkerdäniň öz Watanynyň topragyna, suwuna bimöçber söýgüsiniň, ynamynyň bolandygyny duýmak kyn däl. Mesele il-ýurda syryganda Jelaleddiniň öz pikirlerini kakasyna erkin aýdyp bilmegi hem onuň watanperwerligine, dogduk mekana gezek gelende, örän dogumlydygyna şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý Atamälik Jüweýniniň «Älemi eýeleýjiniň taryhy» atly kitabynda mongollaryň ýakynlaşyp gelýändigini eşiden Muhammet şanyň aljyraňňylyga düşüşi bilen baglanyşykly wakada has aýdyň ýüze çykýar. Şonda Jelaleddin kakasyna seredip, şeýle diýýär: «Heniz duşman ýakyna gelmänkä we ýerinden gozganmanka, leşgerleri ýurduň ähli künjegine ýaýratmaklyk we gaçyp gitmeklik betbagtlygyň we gorkaklygyň alamaty. Bu hereket maksada okgunly we paýhasly kişiniň işi däldir. Eger soltan öňe çykyp, söweşip, aýgytly ädim ädip, garşylyk görkezip bilmejek bolsa, goý, gaýduwsyz goşuny maňa tabşyrsyn! Elden pursat gitmezinden öň, aýaklarymyz haýran we gorky batgalygyna çümmänkä, sakgyç ýaly ýazgaryş agyzlarynda çeýnelmänkäk, agyr kynçylyklary çözmeklige ugraly!». G.Abaşidze bolsa «Uzaga çeken tümlük» diýen eserinde mongollaryň ýakynlaşyp gelýändigini eşiden Muhammet şanyň harby maslahat çagyrandygyny, şol maslahatda her gala özüni goramaly diýendigini ýazýar. Emma Watanyň abadanlygyny ähli zatdan ýokarda goýýan Jelaleddin şonda kakasynyň ýalňyş kararyna garşy çykyp: «Älem-jahanyň sarsyp duran agyr döwründe men seni ýeke taşlaman. Ýöne sarpa goýýan gahrymanym Isgender Zülkarnaýynyň hatyrasyndan ant içýän: men saňa ähli zatda tabynlyk bilen gulak asyp, gaty ýalňyşypdyryn. Söweşjeň hala geçip, seniň eliň ýekeje hereketi bilen duşmana topulmaga taýyn bolup durmasa, dört ýüz müň adamdan ybarat agyr goşunyň nämä geregi bar?» diýýär. Emma kakasy onuň bilen razylaşmaýar, şeýdibem, uly ýalňyşlyga ýol berýär. Muhammet Nesewi öz kitabynda Muhammet şanyň uly goşunyny bölmän, Jelaleddiniň aýdyşy ýaly, mertlik bilen mongol leşgerleriniň öňünden çykanlygynda, ýeňşiň onuň tarapynda boljakdygy hakda adalatly belläpdir. Ýöne duşmanyň özünden uly hem-de özünden öň gelýän dowlundan haýygan Muhammet şa Hazar deňzindäki Abeskun adasyna özüni atýar. Elbetde, soň Muhammet şa ogly Jelaleddini diňlemän, özüniň ýalňyşandygyny bilýär. Şonuň üçin ol öz ogullary Jelaleddin Meňburny, Özleg şany, Ak şany ýanyna çagyryp, özüniň ýalňyşandygyny boýun alýar. W.Ýanyň «Jelaleddin» powestinde Muhammet şa ogly Jelaleddine ýüzlenip: «Söwer oglum! Ata-babalaryň neberesiniň keramatly gylyjyny seň biliňe dakýan. Edil häzirki wagtda Beýik Horezmiň horlanýan ilatyny diňe seniň halas edip biljegiňe ynanýan» diýip, almaz saply hanjaryny Jelaleddiniň biline dakýar hem-de oňa «soltan» derejesini berýär. Soňra beýleki ogullaryna seredip: «Ol duşmandan gorkmaýar, gaýtam onuň üstüne sürünýär. Ýigitler, siziň öňüňizde Horezmiň täze şasy, soltan Jelaleddin dur! Bu edermen, ýaş. Sizi arzyly ýeňişlere diňe şu ýetirer!» diýýär hem-de garamagyndaky halklaryň oňa gulluk etmelidigi barada beýleki ogullaryna tabşyrýar. Doganlar Abeskun adasyndan gaýdyp, Maňgyşlaga barýarlar we ondan soň Ürgenje baryp, Jelaleddiniň soltan bolandygyny ähli jemagata jar edýärler. Emma gypjaklar ýene-de Jelaleddine garşy çykýarlar. Ýaňy gadam goýan soltanlyk ýolunda gypjak hanlary oňa böwet bolup, garşysyna dildüwşük guraýarlar. Bu pursat hakynda W.Ýan «Çingiz han» romanynda: «Bütin dünýäniň ýüzi öwsüp gelýän sile garylyp durka-da, kimselere baýlyk-miras gaýgy» diýip ýazýar. Şonda Jelaleddin: «Bu içýanlar we möýler şäherinde men näme iş edeýin, bular howp abanan wagtda-da agyz birikdirip bilmeýärler!» diýip, üç ýüz atlysy bilen Köneürgenji terk edip, Nusaýa sary ýola düşýär. Emma onuň bu hereketini mongollaryň aňtawçylary Çingiz hana habar berýärler. Şonda Çingiz han ýarym aýdan gowrak ýol ýöräp, Jelaleddiniň mazaly ýadan goşunyny çölden çykan ýerinde gola salmak üçin Nusaýyň düz bilen sepleşýän çöllüginde ýedi ýüz atlysyny bukuda goýýar. Edil garaşylyşy ýaly, Garagumuň Nusaýy etekleýän düzünde elhenç söweş bolýar. Jelaleddin hem onuň esgerleri mertlerçe söweşip, duşmandan üstün çykýarlar. Duşmany kül-peýekun eden Jelaleddin soltan Nusaýda köp eglenmän, göwnühoş halda, ýeňiji hökmünde Nyşapura barýar. «Älemi eýeleýjiniň taryhy» atly kitabyň «Jelaleddin bilen mongollaryň ýüzbe-ýüz bolmagy» bölüminde beýan edilişine görä, Horezmi terk edip gaýdan Jelaleddin Meňburun mongol leşgerleri bilen birnäçe sapar aldym-berdimli söweş gurap, Nyşapurdan soň, Gazna şäherine baryp ýetýär hem-de şol ýerde Emir Mäligiň gyzyna öýlenýär. Şondan soň Emir Mäligiň goşuny hem Jelaleddiniň goşunyna birikýär. Batyr serkerde söweş ýoluny dowam edip, Çingiz hanyň otuz müňlük goşunyna ýolbaşçylyk eden Şiki Kutukyny ýeňlişe sezewar edýär. Hemişe bolşy ýaly, bu söweşde hem tebil kakylan badyna Jelaleddiniň özi duşman ordasyna sary at goýup, garşydaş goşunyň ynam bildirilýän ýerini böwsüp geçýär. Jelaleddiniň bu batyrlygy onuň esgerleriniň hem ruhuny göterip, ýeňşe ruhlandyrýar. Şeýlelikde, mongollar basga düşüp, çar ýana gaçýarlar. Elbetde, Çingiz han bu wakadan habarly edilýär. Şondan soň, ol Jelaleddini diri ele salmagyň kül-külüne düşýär. Bir gezek Sind derýasynyň boýunda bolan söweşde Çingiz hana Jelaleddini diri ele salmak mümkinçiligi döreýär. Emma batyr türkmen gerçegi hiç hili çykalgasy ýok ýaly görnen pursatda-da bir çykalga tapyp, duşmandan gutulýar. Bu wakany ýazan taryhçy Ibn Esiriň beýan etmegine görä, Sind derýasynyň boýunda bolan şol gezekki söweş ozalkylardan has gazaply hem ýowuz bolýar. Mongol leşgerleri san taýdan has köp goşuny bilen Jelaleddiniň ýoluny baglap, ony halkalaýyn gysyp ugraýarlar. Şonda Jelaleddin goşunynyň azdygyna garamazdan, duşmanyň üstüne edil ýolbars kimin topulýar. Mertlerçe söweşip, Çingiz hanyň leşgerlerini gyran-jyran edýär. Emma şol mahal hilegär hanyň on müň esgerden ybarat «bahadur» atlandyrylan saýlama esgeri duýdansyz peýda bolup, Jelaleddiniň goşunyny ýene-de halkalaýyn gabaýarlar. Olar Çingiz hanyň permanyna görä, soltany diri ele salmakçy bolýarlar. Ýöne Jelaleddin halkany böwsüp, aty bilen beýik gerişden towlanjyrap akýan möwçli derýa bökýär hem-de sag-aman derýanyň aňry kenaryna çykýar. Taryhçy Bar Ebreýiň ýazmagyna görä, bu pursady haýran galmak bilen synlap duran Çingiz han ogullaryna: «Atanyň ogly hut şeýle bolmaly! Ras, ol şeýle ýowuz halkany böwsüp, düňderilip ýatan däli derýadan atyny alyp çykmagy başardymy — diýmek, ondan ummasyz köp işlere garaşyberiň!» diýipdir. Muhammet Nesewiniň «Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany» atly kitabyndan alan bu jümlämizde beýan edilýän waka taryhçylar Jüweýniniň, Jüzjanynyň, Reşideddiniň ýazgylarynda hem duş gelýär. Sind derýasynyň boýunda bolan bu gazaply hem pajygaly söweş ençeme ýazyjylaryň romanlarydyr powestlerinde täsirli suratlandyrylýar. Nesewiniň maglumatyna görä, şol gezekki söweşde Jelaleddiniň dört müňe golaý nökeri, şol sanda üç ýüz atly esgeri derýanyň aňry kenaryna sag-aman geçip bilýär. Ýöne olar halys tapdan düşen, egin-eşikleri sal-sal ýagdaýda eken. Şonda Al-Jut daglarynyň welaýat häkimi rana Şatra soltan Jelaleddiniň goşunynyň düşen halyndan peýdalanyp, ony ejizkä urmak, talamak isleýär. Bu habary eşiden Soltan ýaragsyz-zatsyz pyýada goşunyna jeňňeldir tokaýlyklara, jülgelere siňmegi, şol ýerlerde tapan-tupan zatlary bilen oňňut etmegi buýurýar. Özi bolsa üç ýüz atlysy bilen rana Şatranyň müň atlydan, bäş müň pyýadadan ybarat sülsadynyň öňünden çykýar. Şol söweşde Jelaleddin özüniň gözsüzbatyrlygyny, gaýratlylygyny, gaýduwsyzlygyny ýene bir ýola görkezýär. Ol san taýdan örän agdyk duşmanyň üstüne aç böri deý okdurylyp, göni barşyna keýmir okuny sary ýaýa dolduraga-da, rana Şatranyň ýüreginden urýar. Ilkinji okda jany jähenneme ýollanan serdaryny gören duşmanlar aljyrap, ökje götermekçi bolýarlar. Ýöne Jelaleddin özüniň batyrlary bilen olary kül-peýekun edip, at-ýaraglaryny, azyk-owkatlaryny ele salýar, şeýdibem ähli zadyny üpjünleýär. Jelaleddin soltanyň hindileriň Nandana galasynyň golaýynda bolan bu edermenligi hakda Reşideddin: «Jelaleddin ilki ýüz ýigrimi esgeri bilen entäp ýören sergezdanlaryň toparyny derbi-dagyn edýär, soňra hindileriň kyrk müň adamdan ybarat goşunyny ýeňýär. Şol söweşiň yzysüre Bilala (Bankala) we Nikala (Lahoryň etegi) daglaryndan alty müň nökerli goşun oňa hüjüm edýär. Jelaleddin olaryň köpüsini gyrýar, gyrylmadyk bölegem soltanyň tarapyna geçip, Jelaleddiniň goşunynyň sany üç müň bolýar» diýip ýazýar... Ömrüni il-halkyň asuda ýaşaýşynyň, adalatyň hatyrasyna mertlerçe söweşip geçiren Jelaleddin Türkmeniň ölümi il-halky üçin uly ýitgä öwrülip, onuň tarapdarlaryny juda gynandyrýar. Muhammet Nesewi bu pursady şeýle beýan edýär: «Soltan ýigrimi sekizinji ýylyň şawwal aýynyň ortasyna wepat boldy, onuň ölümi dünýäniň başyndan inen örän eýmenç pajygady. Hatda al-elwan säher owadan şalyny jyrrym-jyrrym edip bagryny paralaýanda-da mamlady, çünki soltan zeminiň öwezini dolup bolmajak pidasydy. Hatda asmandaky dolan Aý dyrnaçaklap ýüzüni persala edäýende-de mamlady, soltan Aý bilen Günüň bar-bar bagyranyna degýän soltandy! Eger asman mawy şalyny aýryp, gara şaldan ýas-matam geýmini geýip, arşyň ýyldyzlary kül bolup gidäýende hem boljakdy, asman öz astynda diri gezip ýören adamlaryň arasynda iň beýik kişini, asmanyň eradasy bilen gelen soltany ýitirdi. Eger daglar jünbüş eýläp, gögüň ýyldyzlary Zemine ýagyp, bu uly ýitginiň hatyrasyna aglaýanynda hem ol agy tükedip bolmajak agydy». Halys ýürekden syzyp çykan bu jümleler diýseň batyr, mert, adalatly türkmen gerçegi Jelaleddin soltanyň öz döwründe nähili belent sylag-hormata mynasyp bolandygyna göz ýetirmek üçin hiç hili düşündiriş talap etmeýär. Watan üçin şirin janyny gaýgyrmadyk edermen serkerdäniň ady häli-häzirlerem hemmeleriň dilinde. Jelaleddin soltanyň rowaýata öwrülen manyly ömri watanperwerligiň, önüp-ösen topragyňa wepalylygyň, edermenligiň simwoly hökmünde her bir türkmeniň gursagynda baky ýaşaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hem geçmişde mukaddes topragymyzyň her gysym gumuny şirin janyndan eziz gören, il-günüň asudalygy üçin duşmanlara garşy mert gylyç gemren gaýduwsyz gerçeklerimiziň sarpasyny belent tutýar. Olaryň heýkellerini dikeldip, atlaryny ebedileşdirýär. Milli Liderimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Biz merdana halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan, mukaddes türkmen topragynyň Garaşsyzlygy ugrundaky göreşlerde şöhratlanan, dünýä meşhur şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmäge aýratyn üns berýäris. Şunuň netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň täze döredilen harby bölümlerine Oguz hanyň, Seljuk begiň, Ärtogrul Gazynyň, Baýram hanyň, Mälik şanyň, Togrul begiň, Çagry begiň, Görogly begiň, Keýmir körüň, Jelaleddin Meňburnuň atlary dakyldy. Munuň özi milli goşunymyzyň harby gullukçylarynyň halkymyzyň taryhyna, baý milli mirasyna düşünmegi we buýsanmagy, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylyklaryny hiç mahal ýatdan çykarmazlygy, mertlik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, watançylyk ruhunyň hemişe belent bolmagy, öz jogapkärli wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirmegi üçin ähmiýetlidir» diýip ýazmagy hem mert pederlerimize bu günki nesliň sylag-sarpasynyň belentdiginden habar berýär. Soltan Jelaleddin Meňburnuň taryhy hem-de çeper keşbi türkmen halky üçin nusgalykdyr. Onuň watansöýüjilik, agzybirlik, edermenlik ýaly häsiýetleri her birimiz üçin göreldedir. Elbetde, edermen gerçekleriň beýik ykbaly diňe bir öz halkyna däl, eýsem, goňşy halklara-da oňyn täsirini ýetirýär. Bu pikir Jelaleddin barada aýdanyňda has hem giň gerim alýar. Çünki edermen türkmen serkerdesi Jelaleddin Meňburnuň mongol basybalyjylaryna garşy gaýduwsyz göreşleri ozaly bilen goňşy halklaryň, galyberse-de, tutuş sebitiň halklarynyň azatlygyna, parahat ýaşaýşyna gönügendir. Şoňa görä, bu günki gün goňşy halklaryň hem birnäçesi türkmen gerçeginiň hatyrasyny belent tutýarlar. Munuň özi elmydama parahat durmuş ugrunda göreşen Jelaleddin Türkmeniň şöhratly adynyň häzirki döwürde-de halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga oňyn täsirini ýetirýändigine şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyzyň serden geçip goran topragynda Garaşsyz hem hemişelik Bitarap döwlet gurup, bagtyýar ýaşaýan döwrümizde hormatly Prezidentimiz gerçeklerimiziň şan-şöhratyny arşa göterip, atlaryny ebedileşdirýär. «Beýigiň gadyryny beýik biler» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň milli Garaşsyzlyk seýilgähinde, «Ylham» seýilgähinde we beýleki görnükli ýerlerde olaryň heýkellerini dikeldip, häzirki nesillerimiziň görüp guwanmaklaryna giň şertleri döredýär. Olaryň manyly ömür beýanyny öz nesillerimize hem-de giň dünýä ýaýmak üçin ähli mümkinçilikleri açýar. Şeýle bolansoň, bagtyýar halkymyz elmydama milli Liderimize alkyş aýdýar. Goý, geçmişde ykbalyny il-ýurda bagyşlan beýik şahsyýetlerimiziň ruhlaryny tirsegine galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, döwletli tutumlary elmydama rowaç alsyn! Döwrangeldi AGALYÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |