22:03 Duza depme | |
DUZA DEPME
Goşgular
Duza depen kişi asla baýnamaz, Nesihatym, iýen duzuňa depme. Galplyk bilen gazan uzak gaýnamaz, Nesihatym, iýen duzuňa depme. Göýä ylgaýan dek salgyma tarap, Rysky artmaz, durmuşy bolar harap, Şonuň üçin buz üste tozan arap, Nesihatym, iýen duzuňa depme. Birewi aýnadýan bäş gün meslikdir, Mes bolsaňam duz gadry her keslikdir, Duza depmek iň ahyrky peslikdir, Nesihatym, iýen duzuňa depme Duz iýip, depenler bolar lagnaty, Uzak çapmaz olaryň ykbal aty, Öz-özüne ederler hyýanaty, Nesihatym, iýen duzuňa depme. Halal duza «gorag gala:m» diýlendir, Sebäbi duz şer aýagyn güýlendir, «Bir gün duza müň gün salam» diýlendir, Nesihatym, iýen duzuňa depme. Mydam duza hormat goýan utýandyr, Saçaga depenler ahyr batýandyr, Duz beren tutmasa, duzy tutýandyr, Nesihatym, iýen duzuňa depme. Döwrangeldi AGALYÝEW. | |
|
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýar / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |